Türkmen dilindäki goşgylarym
Автор: Какаджан Балканов 0 | ||||
Опубликовано Какаджан Балканов в Вс, 13/01/2019 - 12:38
Jigim Zöhrejana
Meniñ arzyly joram hem ýürekdeş syrdaşym,
Saçjagazyñy sypalap, mañlaýyñdan öpeýin.
Şat günüñe menem şat, ýowuz günüñ gardaşyñ,
Islän çagyñ aýtsañ bor guşuñ süýdün tapaýyn.
Ýadap gelsem öñümde, ilki bilen saçak goý,
Hem ýyly süýtden gansyn aryp gelen bedewim.
Песни
Автор: Какаджан Балканов 0 | ||||
Опубликовано Какаджан Балканов в Вс, 13/01/2019 - 12:37
Dostluk
Sazy: Çary Täçmämmedowyňky.
Goşgysy: Kakajn Balkanowyňky.
Oguz hanyň goýan öçmez mirasy—
Adaty, edebi, milli lybasy,
Ýagşy niýet bilen eden yhlasy,
Gadymdandyr türkmen dogan-dostlugy.
Gorkut ataň ündewinden, öwdünden,