16+

Скоро день рождения

francis
16 Дек  (40)
Елена Бакулина
16 Дек  (28)
kolu4ka
17 Дек
OddJoke
18 Дек  (40)
ruaprkofta39
19 Дек  (47)
mila_lyubov@mail.ru
19 Дек  (33)
Vechij
20 Дек
Ксения Есенина
20 Дек  (38)

Лента новостей RSS

RSS-материал
Последняя новость    С Новым Годом, Стихослов!

МЫ ВАМ РАДЫ!

Очень хочется почитать Ваши стихи и высказать о них мнение. Пожалуйста,
добавьте стих
Хочется пообщаться в блоге и почитать Ваши мысли, пожалуйста,
Или добавьте запись в блоге
Будем рады, если Вы напишете пару комментариев на стихи на сайте.
Вам всего лишь нужно зарегистрироваться
(логин-email-пароль)

Переводы с русского на туркменский язык

Автор:
Какаджан Балканов

0

   Чем чаще Вы делитесь стихами в соцсетях и блогах, тем больше Вас читают!

 



А.С. Пушкин

 

Няне

Подруга дней моих суровых,

Голубка дряхлая моя!

Одна в глуши сосновых

Давно, давно ты ждешь меня.

Ты под окном своей светлицы

Горюешь, будто на часах,

И медлят поминутно спицы

В твоих наморщенных руках.

Глядишь в забытые ворота

На черный отдаленный путь:

Тоска, предчувствия, заботы

Теснят твою всечасно грудь.

То чудится тебе…

 

Сергей Есенин

 

Письмо матери

 

Ты жива еще, моя старушка?

Жив и я. Привет тебе, привет!

Пусть струится над твоей избушкой

Тот вечерний несказанный свет.

 

Пишут мне, что ты, тая тревогу,

Загрустила шибко обо мне,

Что ты часто ходишь на дорогу

В старомодном ветхом шушуне.

 

И тебе в вечернем синем мраке

Часто видится одно и то ж:

Будто кто-то мне в кабацкой драке

Саданул под сердце финский нож.

 

Ничего родная! Успокойся.

Это только тягостная бредь.

Не такой уж горький я пропойца,

Чтоб, тебя не видя, умереть.

 

Я по-прежнему такой же нежный

И мечтаю только лишь о том,

Чтоб скорее от тоски мятежной

Воротиться в низенкий наш дом.

 

Я вернусь когда раскинет ветви

По-весеннему наш белый сад.

Только ты меня уж на рассвете

Не буди, как восемь лет назад.

 

Не буди того, что отмечталось,

Не волнуй того, что не сбылось, —

Слишком раннюю утрату и усталость

Испытать мне в жизни привелось.

 

И молиться не учи меня. Не надо!

К старому возврата больше нет.

Ты одна мне помощь и отрада,

Ты одна мне несказанный свет.

 

Так забудь же про свою тревогу,

Не грусти так шибко обо мне.

Не ходи так часто на дорогу

В старомодном ветхом шушуне.

 

 

 

Генрих Гейне

 

Раненный рыцарь

 

Рассказ этот грустен и странен,

С далеких известен времен.

Изменою рыцарь изранен,

Неверной любовью сражен.

 

Но сам он в беспечность рядится,

Терзаясь, тоскуя, скорбя,

И сам себя рыцарь стыдится,

И сам проклинает себя.

 

В нем ярость глухая клокочет,

Он в бою готов подстрекнуть

Того, кто хоть словом захочет

Любимую им упрекнуть.

 

Он всех замолчать заставит.

Но, злость и обиду тая,

В себя самого направит

Он острие копья.

 

 

 

Расул Гамзатов

 

Я о тебе, кто мне всего дороже,

Боюсь писать стихи. Вдруг их прочтя,

Другой, меня достойней и моложе,

Тебя полюбит тоже не шутя.

 

Я о тебе, кто мне всего дороже,

Боюсь писать.

Вдруг кто-нибудь, любя,

Заговорит с другой любимой тоже,

Словами, что нашел я для тебя.

 

A.S. Pushkin

Enekäme

Şol gazaply günlerimiñ jorasy,

Meniñ garryja, lagşan kepderim.

Sosna jeññeliniñ ýalñyz goragy,

Köp wagt garaşnasyñ meniñ gidelim.

Äpişgäñ öñünde, ýagty otagyñ,

Ynjalykdan gaçýañ—göýä sakçy deý.

 Sähel haýallaýar çozýän ýumagyñ,

Ýygyrt-ýygyrt bolan guran eliñde.

Otyrsyñ taşlanan derwezä garap,

Yzarlap, hem uzak, hem gara ýoly.

Gaýgy-gam, alada barha basmarlap,

Hersagat ýüregñi mynçgaýan ýaly.

Gözüñ öñüne şol… gelýär…

 1996 ý.

*     

Sergeý Ýesenin

Ejeme hat

 

Sen heniz dirimiñ meniñ garryjam?

Meñ janym sag. Saña köp dogaý salam!

Ýagty bolsun agşamara elmydam

Ähli zatdan eziz çaklañja külbäñ.

 

Hat alýan: hiç kime bildirmän syryñ,

Meni ýatlap çuññur gaýga batypsyñ.

Egniñden çykarman şylha ýeñsiziñ,                                                                                                        

Her gün meñ ýoluma gözüñ dikipsiñ.

 

Agşamlaryñ göm-gök ümüş-tamşynda

Gözleriñe şol bir waka görünýär—

Kimdir biri meýhananyñ urşunda

Fin hanjary bilen maña sürünýär.

 

Aýby ýok ezizim! Rahatlan az-kem.

Seni basmarlaýar agyr was-wasy.                                                                                                    

Şeraba beremok men bütin erkim;                                                                                                      

Seni görmän ölmen, dik bolsa başym.

 

Saña bolan mährim gowzanok heniz 

Şol bir arzuw meniñ serimde herwagt.

Howsalaly gamdan boşap tizden-tiz

Öýmüze dolansam—maña uly bagt.

 

Bahar gelip, çuw ak bolanda bagyñ,

Öye dolanmakdyr meniñ hyýalym.

Ýöne oýarmagyn dañ atan çagy,

Sekiz ýyl mundan öñ oýarşyñ ýaly.

 

Oýarma meñ paşmadyk arzuwlarymy,

Geçmişimi sökmäge höwesim gaçdy.

Juda ir ýitgini hem argynlygy

Agyr durmuş meniñ gerdenime atdy.

 

Doga hem öwretme, almaz ýüregim, —

Öñki durmuşyma dolanyp bilmen.

Sensiñ bar begenjim hem-de diregim,

Ruhum belent mydam señ nuruñ bilen.

 

Indiden beýläk bir düşme howsala,

Şähdiñ açyk bolsun seniñ, mensizem.

Günsaýyn tiz-tizden çykmagyn ýola,

Egniñe atyp şol şylhaja ýeñsiziñ!

 

 1996 ý.

 

*       

Genrih Geýne

Ýaraly rysar

       Bu hekaýat täsin hem-de gaýgyly,

       Hemme kişä belli gadymdan bäri.

       Dönüklik okundan rysar ýaraly

       Ýüz öwrensoň  ondan biwepa ýary.

 

 

  Gussaly, hasratly çekse-de ezýet,

  Biperwaý lybasyn geýipdir mäkäm.

  Utanç ony her gün horlaýar erbet,

  Özüni näletläp tutyar ol matam.

 

  Gazaply gaýnaýar onuñ gözleri,

  Yrsarajak bolup dur ol her kese.

  Ýary hakda bilse ýakymsyz sözi,

  Suw serpilen ýaly etjek şol sese.

 

  Hemmeleri sem etmäge ol taýyn,

  Ýöne ýuwdup gaharyn, hem kinesin,

  Naýzañ ujun döşe diräp her daýym,

  Taýýar parran sançmak üçin synasyn.

  1996 ý.

*       

Rasul Gamzatow

 

Men sen hakynda, iñ arzylym hakda

Goşgy ýazmaga gorkýan. Okap ähtimal,

Birden, bir ýaş, owadan ýigit hatda,

Saña çyndan aşyk bolaýmagy daş däl.

 

Men sen hakda, iñ arzylym hakynda

Ýazmaga gorkym köp. Ýene kimdir biri,

Meñ sözlerimi ulanyp öz hatynda

Magşugyny taryplar bildirmän syry.

                             Геогий Шенгели

 

«В шаге легком и упругом…»
 

В шаге легком и упругом
По сухому камню плит
К жизни вызванная югом
Снова молодость звенит.

Мне опять легко и быстро,
Метко, пристально, светло;
Мне опять бряцанье систра
Бронзы в голос налило.

Синевой изюмной сизо
По ущельям осиян,
Древний кряж Паропамиза
Стонет арфами парфян.

Впрочем, нет; парфян не надо:
Хорошо мне и без них
Здесь, на стогнах Ашхабада,
Разгрызать веселый стих.

Жаркий полдень дунул мелом
В каждый китель, в каждый дом:
Люди в белом, город в белом,
Только небо в голубом.

27. IX.1943. Ашхабад.

 

     СОЛНЦЕВОРОТ

Вот прошел он – самый длинный,
Самый светлый день в году.
Голубою паутиной
Тени стелются в саду.

Я сижу, большой и старый,
Слышу возгласы ребят.
Фирюзинские чинары
Надо мною шелестят.

И еще пройдет полвека,
И такой же будет день, –
И не вспомнят человека,
Отступающего в тень…

1944 г.

 

 

 

 

 

«За слоистыми горами…»

                        Н.М.

За слоистыми горами
В двадцати верстах – Иран;
Из Ирана к нам утрами
Пробирается туман.

А от нас в Иран уходит
Ночью синяя звезда
И минувший день уводит
За собою навсегда.

Трудно мне. И жизнь – короче.
От тебя я так далек…
С кем вдыхаешь белой ночи
Перламутровый дымок?

23. VI.1944. Фирюза.

 

«Я не был там… Швейцария, Люцерн…»
 

Я не был там… Швейцария, Люцерн;
И крупный дождь по улицам горбатым,
И в снятой мной полупустой квартире
Прохлада, полутьма и тишина.
И я один. И я довольно молод.
И я еще не думаю о смерти,
И здесь я на коротком перепутье:
Потом поеду в Рим или в Париж,
Или еще куда нибудь, – неважно.
Мне хорошо, что будущего нет,
И прошлое забыто на вокзале…
Себе гербом избрал бы якорь я
С обломанными навсегда клыками!..

      1955

 

Günorta halkynyň tär-tälimi bilen…”

             (Gadymy Nusaý aýdymy)

 

Günorta halkynyň tär-tälimi bilen,

Geçmişden geljege bat alan  ýaşlyk,

Çeýe, ýeňil, ynamly ädimi bilen,

Daglarda, daşlarda yaň goýan ýaşlyk.

 

Men ýene-de çalasyn, hem galjaň biraz,

Maňa köp hadysa ýerlikli, aýdyň.

Sistrden1) çykan päk, bürünç owazly saz,

Kalbymy gaplady, aýtdyrdy aýdym.

 

Gögümtil kişmişe çalymdaş ümüriň,

Toty örtdi jülgeleri, mazaly.

Gerişlerinden gadym Paropamizyň2)

Nusaý arfasynyň gelýär owazy.

 

Ýogsa-da, çagyrmaň Parfiýaň halkyn!

Meniň üçin has ýaramly ýekelik.

Aşgabadyň köçelerinde-de erkin,

Şygyr “çeýnemäge” ýer bar ýeterlik.

 

Agartdy her binany, her bir penjegi,

Hekin sepip günortanyň epgegi.

Adamlar—ak,

ak—şäheriň her künjegi,

Diňe asman geýdi mawy keteni.

 

      27. IX. 1943 ý. Aşgabat.

 

Sistr (latyn. sistrum) 1)nala meňzeş, demirden ýasalan, kakylyp çalynýan gadymy saz guraly.

Paropamiz 2) —Demirgazyk-günbatar Owganystanda we günorta Türkmenistanda (Badhyzyň we Garabiliň etekleri) dag gerişleriniň we baýyrlarynyň ulgamy.

 

 

     GÜNAÝLAW

 

Iň uzak günümiz ötdi—

Iň päkize ýagty gün.

Kölegesi bilen örtdi,

Bagyň için mawy tüm.

 

Uzyn boýly men, hem garry,

Eşidýän çagalaň sesin.

Pöwrizäň çynarlary

Saçym bozýar oňyn-tersin.

 

Ýene ýarym asyr geçer,

Geler täze “Uzyn gün”,

Şu gün ýadymyzdan çykar,

Görenimiz hut dek düýn.

 

 

 

“Aňyrsynda gat-gat daglaň...”

 

             N.M.

 

Aňyrsynda gat-gat daglaň

Ýigrimi werstlykda—Eýran.

Eýrandan aram-aram

Ir säher süýşýär duman.

 

Bizden hem Eýrana tarap

Gije gök ýyldyz göçýär.

Öten güne salyp tanap,

Yzly-yzyna ýyllar geçýär.

 

Agyr maňa—ömür gysga,

Sen alysda—aramyz daş...

Ak gijäň sadabyn ysgap,

Kim bilen geçirýäň wagtyň hoş?

 

       23. YI. 1944 ý. Pöwrize.

 

 

 

 

“Men o taýda bolmadym. Şweýsariýa, Lýusern...”

 

Men o taýda bolmandym Şweýsariýa, Lýusern;

We güberçek köçelere ýagýan jalany,

We ýarymdoly kärendä alan öýümde

Salkynlyk, asudalyk we ýarymýagtylyk.

We meň ýalňyz öýüm. Hem men entek ýaş ýigit.

Şonuň üçin ölüm hakda edemok pikir.

We men bu ýerde, çatrykda eglendim biraz

Soň hökman aşaryn Rime ýa-da Pariže.

Parhy ýok. Giderin ýene-de bir ýerlere

Özümi şat duýýan gelejegiň ýoklugna

Geçmişimiz hem galdy otly menzilinde...

Gyýak dişleri ömürlik gaçan labyry

Döşüme dakynardym nyşan edinip!..

 

                                 1944 ý.

 

 1996 ý.

Ольга Скороходова

 

Думают иные

Думают иные — те, кто звуки слышат,
Те, кто видят солнце, звезды и луну:
Как она без зренья красоту опишет?
Как поймет без слуха звуки и весну!?

Я услышу запахи росы прохладу,
Легкий шелест листьев пальцами ловлю..
Утопая в сумрак, я пройду по саду,
И мечтать готова, и сказать: люблю...

Пусть я не увижу глаз его сиянье,
Не услышу голос, ласковый, живой,
Но слова без звука — чувства трепетанье —
Я ловлю и слышу быстрою рукой.

И за ум, за сердце я любить готова,
Так, как любят запах нежного цветка.
Так, как любят в дружбе дорогое слово,
Так, как любит трепет сжатая рука.

Я умом увижу, чувствами услышу,
А мечтой привольной мир я облечу...
Каждый ли из зрячих красоту опишет,
Улыбнется ль ясно яркому лучу?

Не имею слуха, не имею зренья,
Но имею больше — чувств живых простор:
Гибким и послушным, жгучим вдохновеньем
Я соткала жизни красочный узор.

Если вас чаруют красота и звуки,—
Не гордитесь этим счастьем предо мной!
Лучше протяните с добрым чувством руку,
Чтоб была я с вами, а не за стеной.

Olga Skorohodowa

Käbir kişiler pikir edýärler

Eşidýän we görýän kişileň käbiri

Maňa müňkür bolýarlar “hyşy-wyşyly”: —

“Gözsüz nädip wasp etsin asmany-ýeri,

Hem ker bolup gözelligiň sesini!?”

 

Ýapraklaň çygşyldysyn barmaklam bilse,

Salkyn, säher neminiň ysyny duýýan.

Höweslenýän garaňky, gür baga girsem

We kalbym mydam taýyn diýmäge “söýýän.”

 

Oň gözleriniň nurun görmesem-de, goý,

Eşitmesem-de onuň ýakymly sesin,

Tolgunşyny duýýan gelende golaý

We kalpdaky sessiz sözleň manysyn.

 

Näzik gülüň müşküne aşyk kişi deý,

Akly üçin, kalby üçin söýmäge taýyn.

Dostlukda mert söze sarpa goýulşy deý,

Galpyldaýan mert eli söýerin gaýym.

 

Paýhasym synlaýandyr, duýgylam diňlär,

Umman hyýallam bilen älem gezerin...

Göreçlileň içinde-de bar bimar, —

Ne gözellige, ne şöhlä açar gözlerin.

 

Ne görýän, ne eşidýän—men ýöne bir san,

Ýöne duýgylarym giň—çygyrsyz umman,

Şol ummandan gaýdýan çeýe, hyjuwly ylham,

Durmuş nagşym dokady kemini goýman.

 

Enaýy dünýä, şypaly owaz bilen,

Gedemlik bilen maňa magtanmaň!

Takyk aýtsam: ak ýürekden uzan ele

Elimi berip, şoň bilen giderin, durman.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 Весна

 Весна еще где-то бродит, 
 Весна еще не пришла , 
 Видно она заблудилась, 
 Или в гости зашла, 
 Пахнет ветер арбузом, 
 В воздухе свежесть слышна, 
 Пахнет ветка мимозы, 
 Как и пахнуть должна, 
 Скоро весна нагрянет, 
 В полную силу помчит, 
 И загудит, заиграет, 
 И зазвенит , зажурчит, 
 Солнце везде засияет, 
 Будет трава зеленеть, 
 Шмель лохматый проснется, 
 Будет жужжать и звенеть, 
 Весна еще не пришла, 
 Она еще где-то бродит, 
 А может быть до сих пор, 
 К снегурочке в гости ходит. 

 Olga Skorohodowa

Bahar

Bahar bir ýerler-dä gezip ýör,

Eglendi, öz wagtynda gelmän,

Ýolda azaşan bolaýmasa

Ýa-da biri alandyr myhman.

Garpyz ysly şemal aýlanyp,

Tämizledi çygyny howaň,

Şol bir kada—ýene müşk urýar

Terje çybygyndan mimozaň.

Ynha diýmän, alaýaz bolup,

Bahar geler täze güýç toplap: —

Gümmürdäp,

                             jürküldäp,

                                               bökjekläp,

Şildiräp, jaňlar jyňňyrdap.

Gün şöhlesin saçar her ýana,

Ýaşyl sümmsl çykar ygşyldap,

Tüýlek eşegary oýanyp,

Uçar ýörer sesli wyzzyldap.

Gör, bahar henizem gelenok!

Ýa, şol aýlanyp ýörşümikä!?

Ýa, şondan bäri myhman bolup,

Garpamygyňka bardymyka!?

 

Юрий Визбор

Александра

   Не сразу все устроилось, 
   Москва не сразу строилась, 
   Москва слезам не верила, 
   А верила в любви. 
   Снегами запорошена, 
   Листвою заворожена, 
   Найдет тепло прохожему, 
   А деревцу - земли. 
    
  ––Александра, Александра! 
   Этот город наш с тобою, 
   Стали мы его судьбою, 
   Ты вглядись в его лицо. 
   Чтобы ни было в начале, 
   Утолит он все печали, 
   Вот и стало обручальным 
   Нам Садовое Кольцо. 
    
   Москву рябины красили, 
   Дубы стояли князями 
   Но не они, а ясени 
   Без спросу наросли, 
   Москва не зря надеется, 
   Что вся в листву оденется, 
   Москва найдет для деревца 
   Хоть краешек земли. 
     
   ––Александра, Александра! 
   Что там вьется перед нами? 
   ––Это ясень семенами 
   Кружит вальс над мостовой.
   Ясень с видом деревенским, 
   Приобщился к вальсам венским, 
   Он пробьется, Александра, 
   Он надышится Москвой. 
    
   Москва тревог не прятала, 
   Москва видала всякое, 
   Но беды все и горести 
   Склонялись перед ней, 
   Любовь Москвы не быстрая, 
   Но верная и чистая, 
   Поскольку материнская 
   Любовь других сильней.

 

 

Ýuriý Wizbor

Aleksandra

 

Barça zat  birden bolmady,

Moskwa-da tiz gurulmady,

Gözýaşa Moskwa yrylmady,

Ynandy diňe söýgä.

Akja gar bilen örtülen,

Ýapraklary serpigen,

Ötegçä ýer berer törden,

Ýardam berer hem baga.

 

––Aleksandra, Aleksandra!

Biz paýtagtyň raýatlary,

Hem-de onuň ganatlary,

Gör, keşbini Moskwanyň!

Ilkibaşky nogsanlary,

Öçürer gaýgy-gamlary,

Indi bolsa Bag Aýlawy

Biziň altyn halkamyz.

 

Rýabina—Moskwaň guwanjy,

Dublar onuň daýanjy,

Ýöne dagdan agajy

Gögeripdir birugsat.

Moskwa her gün garaşar,

Oňa gök don ýaraşar,

We her nahala ýer tapar,

Taýýar şoňa her sagat.

 

––Aleksandra, Aleksandra!

Ol nämekän uçup ýören?

––Ol dagdanagaç—köpi gören

Keýp alýar walsyndan.

Meňzäp oba adamsyna,

Goşulşyp Wenaň walsyna,

Dagdan galar garysyna,

Moskwaň howasyndan.

 

Moskwa mahsus däldir gorky,

Moskwa kän wakany gördi,

Şum hasratlar, jepa-görgi,

Tagzym kyldy hemmesi.

Moskwa söýgä sabyrly,

Arassa hem gadyrly,

Çünki enäň mähirli

Lazym boldy söýgüsi.

                                                                                                                                                   2017  

                  Александр Кочетков

АШХАБАДСКАЯ АКВАРЕЛЬ

 

Чуть свет. Час утра. Тающий полет

Луны за Копетдаг, и вкруг нее

Пронзительная легкая качель

Стрижей. Вот—огненно зазеленел

Тутовник, и застрекотала в нем

Чечетка воробьев. Как лепесток

Цветка, у круч молочный воздух. Вдруг—

По серым шелковинкам облаков

Взлетело пламя.

       О, не забывай,

Что мы—жильцы воздушнейшей из звезд

Где даже солнца бесподобный блеск

Окрашен в пурпур нежности твоей!

 

Александр Кочетков. С любимыми не расставайтесь!
Стихотворения и поэмы.
Москва: Советский писатель, 1985.

 

 

Aleksandr Koçetkow

 

          Aşgabat akwareli

 Ümüş-tamyş. Ir säher. Süýnüp barýan misli salgym

 Aý, Köpetdagyň arkasyna ynha diýmän duwlanjak,

 uzynganatlar hatar tutup düzüpdirler sallançak.

 Ýaşyl tuduň ýiti keşbi bökjekleýär her daýym,

 tudyň şadyýan serçeleri tans edýärler gaýda-gaý.

 Süýtlenç, gülbeden howa bilen örtünýär dag-guzaý.

 Anha, çal çerrik bulutlaň göwsün çaýýar al şapak,

 Hakydaňda bolsun—ýatlagyn!

                                                   Goý, bolsun sapak—

 raýatlarydyrys biz iň päkize ýyldyzyň

 bütin älemde—bu giň çygyrsyz alaňda.

 Hatda,

            Günüň ýalkym saçýan ajap gunduzy

 ýugrulypdyr seň mähirli hem gyrmyzy alawňa.

2017 ý.                         

 

БАЛЛАДА О ПРОКУРЕННОМ ВАГОНЕ

 

- Как больно, милая, как странно,

Сроднясь в земле, сплетясь ветвями,-

Как больно, милая, как странно

Раздваиваться под пилой.

Не зарастет на сердце рана,

Прольется чистыми слезами,

Не зарастет на сердце рана -

Прольется пламенной смолой.

 

- Пока жива, с тобой я буду -

Душа и кровь неразводимы,-

Пока жива, с тобой я буду -

Любовь и смерть всегда вдвоем.

Ты понесешь с собой повсюду -

Ты понесешь с собой, любимый,-

Ты понесешь с собой повсюду

Родную землю, милый дом.

 

- Но если мне укрыться нечем

От жалости неисцелимой,

Но если мне укрыться нечем

От холода и темноты?

- За расставаньем будет встреча,

Не забывай меня, любимый,

За расставаньем будет встреча,

Вернемся оба - я и ты.

 

- Но если я безвестно кану -

Короткий свет луча дневного,-

Но если я безвестно кану

За звездный пояс, в млечный дым?

- Я за тебя молиться стану,

Чтоб не забыл пути земного,

Я за тебя молиться стану,

Чтоб ты вернулся невредим.

 

Трясясь в прокуренном вагоне,

Он стал бездомным и смиренным,

Трясясь в прокуренном вагоне,

Он полуплакал, полуспал,

Когда состав на скользком склоне

Вдруг изогнулся страшным креном,

Когда состав на скользком склоне

От рельс колеса оторвал.

 

Нечеловеческая сила,

В одной давильне всех калеча,

Нечеловеческая сила

Земное сбросила с земли.

И никого не защитила

Вдали обещанная встреча,

И никого не защитила

Рука, зовущая вдали.

 

С любимыми не расставайтесь!

С любимыми не расставайтесь!

С любимыми не расставайтесь!

Всей кровью прорастайте в них,-

И каждый раз навек прощайтесь!

И каждый раз навек прощайтесь!

И каждый раз навек прощайтесь!

Когда уходите на миг!

1932

 

 

 

 

 

 

Aleksandr Koçetkow

 

    Tüssä boglan wagon hakda ballada

 

 

—Bu hadysa yzaly hem örän geň,  

Köklermiz ornaşyp, örňäp şahalar,  

—Bu hadysa yzaly hem örän geň,  

Darka bölünäýmek byçgyň astynda.  

Ýürek ýarasy bitmez hiç gyradeň,  

Akar ondan dury, müýnsüz gözýaşlar,  

Ýürek ýarasy bitmez hiç gyradeň, —  

Şepbik bolup gaýnap akar üstünden.   

 

— Başym dikkä men seniňki elmydam—    

Ten bilen jan müdimilik jüpleşen,  

Başym dikkä men seniňki elmydam,  

Baky joradyrlar söýgi hem ölüm.  

Gözüňden salmarsyň gideňde her ýan  

Gözden salma, ezizim, her ýan  gitseň,    

Gözüňden salmarsyň gideňde her ýan,  

Ene topragyň hem mähriban öýüň.  

 

 

 —Eger gizlenmäge tapmasam men maý  

 Naýynjar nazarly mähir-u-hupdan,  

 Eger gizlenmäge tapmasam men maý  

 Biparh sowukdan hem garaňky tümden?  

 —Biz ýene-de duşuşarys, ynanaý!   

 Ezizim, çykaraýma meni ýatdan,  

 Biz ýene-de duşuşarys, ynanaý!    

 Dolanyp geleris biz—hem sen, hem men.  

 

 

—Eger men dereksiz ýitäýsem siňip —  

Günüň şöhlesiniň gysga ujuna,    

Eger men dereksiz ýitäýsem siňip   

Akmaýaň süýdüne, ýyldyz kemerne.   

—Dilegde bolaryn, yhsana uýup,                 

Zemin ýolun salsyn diýip huşuňa,  

Dilegde bolaryn, yhsana uýup,                 

Umyt edýän diri gaýdyp gelerňe.  

 

 

 

Dymyk, wagonyň sarsgynna irkilip,   

Täleýden gördi ol öz öýsüzligin,              

Dymyk, wagonyň sarsgynna irkilip,   

Ne ýatdy, ne aglady ol göwnejaý.       

Aşaklygna otly taýdy silkinip, —           

Towlap, egreltdi ol polatdan bilin,   

Aşaklygna otly taýdy silkinip, —           

Tekerleri—hersi bir ýan, hersi bir taý.     

 

 

Entek görüp-eşdilmedik zabun zarp,  

Hemmeleri mynjyratdy şobada   

Entek görüp-eşdilmedik zabun zarp,  

Zeminlini zyňyp goýberdi Ýerden.       

We hiç kimi gorap, aýamady. Haýp, —         

hatda  alysdaky duşuşyk-wada.        

We hiç kimi gorap, aýamady. Haýp, —   

hatda uzaklardan çagyrýan el hem.  

 

  

Magşugňyzdan aýra düşmäň, ysnyşyň!

Magşugňyzdan gaýra düşmäň, ysnyşyň!

Magşugňyzdan üzňe düşmäň, ysnyşyň!

Örňeşsin süňňüňiz birek-birege,—

We her gezek müdimilik hoşlaşyň!

We her sapar müdimilik hoşlaşyň!

We her daýym müdimilik hoşlaşyň!

Az salymlyk çykaňyzda bir ýere!

                                                                                                               2017

 

Михаил Лермонтов

ДУМА

Печально я гляжу на наше поколенье!

Его грядущее — иль пусто, иль темно,

Меж тем, под бременем познанья и сомненья,

В бездействии состарится оно.

Богаты мы, едва из колыбели,

Ошибками отцов и поздним их умом,

И жизнь уж нас томит, как ровный путь без цели,

Как пир на празднике чужом.

К добру и злу постыдно равнодушны,

В начале поприща мы вянем без борьбы;

Перед опасностью позорно-малодушны,

И перед властию — презренные рабы.

Так тощий плод, до времени созрелый,

Ни вкуса нашего не радуя, ни глаз,

Висит между цветов, пришлец осиротелый,

И час их красоты — его паденья час!



Мы иссушили ум наукою бесплодной,

Тая завистливо от ближних и друзей

Надежды лучшие и голос благородный

Неверием осмеянных страстей.

Едва касались мы до чаши наслажденья,

Но юных сил мы тем не сберегли;

Из каждой радости, бояся пресыщенья,

Мы лучший сок навеки извлекли.



Мечты поэзии, создания искусства

Восторгом сладостным наш ум не шевелят;

Мы жадно бережем в груди остаток чувства —

Зарытый скупостью и бесполезный клад.

И ненавидим мы, и любим мы случайно,

Ничем не жертвуя ни злобе, ни любви,

И царствует в душе какой-то холод тайный,

Когда огонь кипит в крови.

И предков скучны нам роскошные забавы,

Их добросовестный, ребяческий разврат;

И к гробу мы спешим без счастья и без славы,

Глядя насмешливо назад.



Толпой угрюмою и скоро позабытой

Над миром мы пройдем без шума и следа,

Не бросивши векам ни мысли плодовитой,

Ни гением начатого труда.

И прах наш, с строгостью судьи и гражданина,

Потомок оскорбит презрительным стихом,

Насмешкой горькою обманутого сына

Над промотавшимся отцом.
 

 

M. Ýu. Lermontow

Oýlanma

Gaýgylanýan ýaş neslimiziň gelejegin!

Olara, ýa boşluk, ýa-da tümlük garaşýar,

Şübhämi, ýa paýhasa—bilmän ynanjagyn

Bikärlikden ýaňa barha gartaşýar.

Sallançakdan bäri biz baý, pederlermiziň

Gijigen aklyndan, hem günälerinden,

Durmuş irikgä goýýar ýowuz ýol kimin

Hem kesekiň toý-şüweleňi deý.

Ýazykly biz, biparhlykdan haýr-u-şere,

Pyssarýas, göreşmän bir pişä başlap;

Howp inende ýöwselläp, bolýas wejera,

Güýçliniň alnynda dyza çökýäs, namartlap.

Möhletinden öň ýetişen ýetim miwe deý,

Ne tagamy bar, ne göwre, ne-de görki bar,

Güller bark ursa, oýanyşyp kyrk çilleden

Bigänäniň bolsa tänmek howpy bar.

 

Dostlarmyzdan hem hossarlarmyzdan ýaşyryp,

Nepsiz ylym bilen egbarlatdyk paýhasy.

Dana sözlini we umytlaryň ýagşysyn,

Ret etdi ýaňsa ylhamyň şübhesi.

Ujypsyzja lezzet alyp şypaly jamdan,

Arman, aýap bilmedik biz juwan kuwwatyn,

Ýöwselläp  aşa düşmekden,  şady-horramdan,

Sorup aldyk nektarlaryň nektaryn.

 

Şygyrýetiň hyýallary, sungat älemi,

Aňy gylawlanok, süýji lezzeti bilen,

Nepsiz hazynany hem-de duýgyň galanny,

Gizleýäs husytlygyň hümmeti bilen.

Tötänden ýigrenýäs, atanlykdan biz aşyk,

Hiç pida kylman ne söýgä, ne-de gazaba,

Ganymyz gaýnap, joşsa-da, çeninden aşyp,

Şonda-da kalbymyz sowuk aglaba.

Wäşi pederlermiziň şohy bize hezil däl,

Hem olaryň yhlasly, azgyn jahyllygy;

Geçmişi ýaňsylap we şöhrada ezilmän,

Tabyda gyssanýas—biz biçäre, ýazgyt—algyly.

 

Hyýrsyz mähellä siňip, uçarys tiz ýatdan,

Öler gideris biz, ses-sedasyz, yz goýman,

Dürdäne pähimden miras goýman, hatda,

Başlanan bir pişäň miwesin görmän.

Adyl kazyň we raýatyň keşbine girip,

Tumaýak neslimiz ajy goşgysy bilen,

Gabyrda, jesedimiziň külüni dörüp,

Üflis atasynyň üstünden güler.

                                                                                                                                                    2017

  Самуил  Маршак

БАГАЖ

 

Дама сдавала в багаж:
Диван,
Чемодан,
Саквояж,
Картину,
Корзину,
Картонку
И маленькую собачонку.

Выдали даме на станции
Четыре зелёных квитанции
О том, что получен багаж:
Диван,
Чемодан,
Саквояж,
Картина,
Корзина,
Картонка
И маленькая собачонка.

Вещи везут на перрон.
Кидают в открытый вагон.
Готово. Уложен багаж:
Диван,
Чемодан,
Саквояж,
Картина,
Корзина,
Картонка
И маленькая собачонка.

Но только раздался звонок,
Удрал из вагона щенок.
Хватились на станции Дно:
Потеряно место одно.
В испуге считают багаж:
Диван,
Чемодан,
Саквояж,
Картина,
Корзина,
Картонка...
- Товарищи!
Где собачонка?

Вдруг видят: стоит у колёс
Огромный взъерошенный пёс.
Поймали его - и в багаж,
Туда, где лежал саквояж,
Картина,
Корзина,
Картонка,
Где прежде была собачонка.

Приехали в город Житомир.
Носильщик пятнадцатый номер
Везёт на тележке багаж:
Диван,
Чемодан,
Саквояж,
Картину,
Корзину,
Картонку,
А сзади ведут собачонку.

Собака-то как зарычит.
А барыня как закричит:
- Разбойники! Воры! Уроды!
Собака - не той породы!
Швырнула она чемодан,
Ногой отпихнула диван,
Картину,
Корзину,
Картонку...
- Отдайте мою собачонку!

- Позвольте, мамаша На станции,
Согласно багажной квитанции,
От вас получили багаж:
Диван,
Чемодан,
Саквояж,
Картину,
Корзину,
Картонку
И маленькую собачонку.
Однако
За время пути
Собака
Могла подрасти!

 

Samuil Marşak

Bagaž

 

Bagaža tabşyrdy zenan:

Sakwoýaž*)

Diwan,

Çemodan,

Çarçuwa,

Sebet bilen,

Gutujyk

Hem-de kiçijek gügüjek.

 

Ätiýaçdan düşmez ýaly çatak,

Menzilde zenana gowşurdylar

Dört sany birmeňzeş ýaşyl petek:

Diwana,

Çemodana,

Sakwoýaža,

Çarçuwa,

Bir sebede

Gutujyga

Hem-de kiçijek güjüjege.

 

Ýükleri otla tarap daşadylar,

Goşlary açyk wagona taşladylar,

Otly gitmäge taýýar, taýyn hem bagaž:

Diwan,

Çemodan,

Sakwoýaž,

Çarçuwa,

Sebet bilen

Gutujyk

Hem-de kiçijek güjüjek.

 

Emma, otly ugran bada,

Güjük zut gaçdy şobada.

Dno menzilinde turdy galagop:

Bir goşuň ýeri boş—ýük ýerinde ýok!

Aljyraşyp sanaýarlar bagažy:

Diwany,

Çemodany,

Sakwoýažy,

Çarçuwany,

Sebedi.

Gutujyk...

Adamlar! Hany güjüjek?

 

Tekerleri ýaplanyp ýatyr bir it.

Tutup getirdiler, boýnundan idip,

Okladylar ortasyna bagažyň,

Daňyp golaýynda sakwoýažyň,

Çarçuwaň,

Sebediň,

Gutujygyň,

Oturdyp ýerinde gaçan güjüjegiň.

 

Žitomir şäherinde saklandy otly,

Döşi on bäşlik belgili hammal, batly

Idip barýar  galtagyndaky bagažy:

Diwany,

Çemodany,

Sakwoýažy,

Çarçuwany,

Sebedi,

Gutujygy

Hem yyzyna tirkäp äpet güjügi.

 

Köpek hyňranyp, haýbatly üýrýär.

Hanym çirkin sesi bilen gygyrýar:

—Bu itiň nesli başga, nadanlar!

Waý, kömek edeweriň, adamlar!

Pyzyşdyryp diwany,

Zyňyşdyryp çemodany,

Sebedi,

Çarçuwany,

Gutujygy...

—Basym tapyň güjüjegi!

 

—Daýzajan, Siziň arzyňyza görä,

Peteklerdäki ýazgymyza görä,

Hak. Sizden kabul edilipdir bagaž:

Diwan,

Çemodan,

Sakwoýaž,

Çarçuwa,

Sebet bilen

Gutujyk

Hem kiçijek güjüjek.

Ýöne, ýolda dürli wakaň bolmagy mümkin,

Itiňiz hem ösüp, ulalmagy mümkin.

 

Sakwoýaž*)—kiçeňräk togalak çemodan, ýol torbasy.

                                     2017                                                 

Сергей Михалков

Котята

(Считалочка)

 

 

Вы послушайте, ребята,

Я хочу вам рассказать:

Родились у нас котята -

Их по счету ровно пять.

 

Мы решали, мы гадали:

Как же нам котят назвать?

Наконец мы их назвали:

РАЗ, ДВА, ТРИ, ЧЕТЫРЕ, ПЯТЬ.

 

РАЗ - котенок самый белый,

ДВА - котенок самый смелый,

ТРИ - котенок самый умный,

А ЧЕТЫРЕ - самый шумный.

 

ПЯТЬ похож на ТРИ и ДВА -

Те же хвост и голова,

То же пятнышко на спинке,

Так же спит весь день в корзинке.

 

Хороши у нас котята -

РАЗ, ДВА, ТРИ, ЧЕТЫРЕ, ПЯТЬ!

Заходите к нам, ребята,

Посмотреть и посчитать.

 

Sergeý Mihalkow

Pişijekler

(Sanawaçjyk)

 

Çagajyklar geň görmän,

Diňläň meni azajyk:

Dogulypdyr düýn öýlän

Bäşje pişik çagajyk.

 

 

Köp seljerip, oýlandyk,

Bolmaz ýaly kemi-käs,

Ahyrynda at goýduk:

BIR, IKI, ÜÇ, DÖRT we BÄŞ.

 

BIR—pişijek iň akjasy,

IKI—pişik iň betjesi,

ÜÇ—pişijek iň ökdesi,

DÖRT—pişijek iň hötjedi.

 

ÜÇ we IKÄ meňzeş BÄŞ,

Gerşindäki tegmil hem,

Baş-guýrugam kybapdaş,

Çykmaz hiç sebedinden.

 

Enaýydyr görseňiz!

BIR, IKI, ÜÇ, DÖRT hem BÄŞ.

Sanamaga gelseňiz,

 

Bolardyk biz örän şat.

Terjime eden:  Kakajan Balkanow

                                                                                                                                                      2017  

Категоризация
Размер: 
Стихотворение
Направление: 
Гражданские
Жанр: 
Лирика
ПредпросмотрВложениеРазмер
almaz_shah.jpg8.91 КБ
Статистика
Просмотрено гостями: 
0
Просмотрено пользователями: 
0




Нравится



StihoSlov чат

Необходимо зарегистрироваться и авторизоваться для того, чтобы отправлять сообщения в чат!

Сейчас на сайте

Нравится StihoSlov? Щелкай Like!