16+

Скоро день рождения

ahatolich
18 Окт  (41)
onlinefillma
18 Окт  (36)
Грин Анна
18 Окт  (27)
Виктор Качемцев
19 Окт  (64)
Шерип Джабраилов
20 Окт  (64)
mil_ner
20 Окт
wunderlesound
20 Окт  (33)
marusin
21 Окт  (44)

Лента новостей RSS

RSS-материал
Последняя новость    С Новым Годом, Стихослов!

МЫ ВАМ РАДЫ!

Очень хочется почитать Ваши стихи и высказать о них мнение. Пожалуйста,
добавьте стих
Хочется пообщаться в блоге и почитать Ваши мысли, пожалуйста,
Или добавьте запись в блоге
Будем рады, если Вы напишете пару комментариев на стихи на сайте.
Вам всего лишь нужно зарегистрироваться
(логин-email-пароль)

Hekaýalar

Автор:
Какаджан Балканов

0

   Чем чаще Вы делитесь стихами в соцсетях и блогах, тем больше Вас читают!

Автор указал в произведении, что желает видеть его серьезную критику и разбор, обязуется относиться адекватно и лояльно к критике и рецензентам.

Рецензенты должны помнить, что критикой не является переход на личности, насмешки над слабым качеством и прочие оскорбления и провокации. Наша цель - повышать профессионализм авторов не оскорбляя их.
 



 Asylzada

(Hekaýa)

       7-nji mart güni, 5-ji “Ç”synpyň okuwçysy Tahyr irden okuwa gelende, synpdaş oglanjyklaryň  başagaý boluşyp, her kim öz partadadaş gyzjagalaryň bahar baýramlary bilen gutlap, sowgat gowşurýanlaryny görende, mugallymy, Oguljan Ýazmyradownanyň düýn, sapakdan soň oglanlary alyp galyp: “Çagalar, öýüňize baraňyzda ejeňizi, eneleriňizi we gyz doganlaryňyzy gutlamany ýadyňyzdan çykaraýmaň! Ertir mekdebe geleňizde-de synpdaş gyzlaryňyzy hökman gutlaň, ýöne “näme sowgat alsamkam” diýip azara galyp ýörmäň. Göwün etseňiz—birje ruçkajyk, ýa depderjik  berseňiz hem bolar. Güljagaz gowşursaňyz-a, hasam ýerlikli bolar”, diýeni güppe ýadyna düşüp, sakga durdy: “Sowgat öýde galypdyr...”  diýip, tukatlandy. Ol dek düýn mekdepden soň, ýörite, dükana sowulyp, partadaşy Seýlä niýetläp, daşyna gyzyl çigildem çekilen farfor çaý kürüşgesini  alypdy. Ony agşam ejesi haşamlanan haltajyga salyp, agzyny ýüpek bant bilen bogup berdi. Irden mekdebe gidende unutmaz ýaly sowgady belli ýerde goýup, irgözin ýerine geçip ýatdy we ertire çenli ýadyndan çykdy.

       Agşam ýatmanka, atasy enesiniň baýramyny gutlap, gowşuran güldanyň içindäki çemeni görkezip:

       —Tahyr jan, sen hem partadaşyňa güljagaz gowşuraýmaly ekeni. Eger makul bilseň, ertir ir bilenjik bileje gidip, gül dakana sowulaýaly!? —diýip, onuň razylygyny sorady—Her näme bolsa-da gül bahar baýramynyň gelşigi-dä. Göwnüme bolmasa, seň ol alan kürüşgäň bir hili görnügi ýok ýaly,—diýip, ýaşuly seresaplyk bilen ýaýaplady.

       —Biziň synpymyzda şu wagta çenli baýramçylykda gül gowşurmak däbe girmändir.

       —Örän gowy. Sen ilkinji bolup başyny başlarsyň, beýlekilere görelde bolarsyň.

       —Aý, ata, men-ä ýeke özüm utanýan-ow...

       —Hiý, gül gowşurmagam bir utanç bormy? Anha, ataň maňa duşaly bäri her baýramymy ullakan  çemen bilen gutlaýar. Ynha, bu owadan çemene sered-ä: ataň dükandaky gülleriň barynyň başyny bogup, ullakan dessä öwüräýipdir-ä —diýip, enesi ýylgyryp çemeni sypalady.

       Tahyr içinden: “Bular dilleşipdirler öýdýän” diýip, belli karara gelip bilmän, enesiniň, atasynyň soragly nazarlaryny jogapsyz galdyryp, uka gitdi.

       Tahyr, ertesi, ir bilen işe gidip barýan kakasyndan galmajak bolup, hasanaklap ýörşüne, diňe portfelini alyp ýetişdi, hatda ejesiniň yzyndan gygyryp galanyny hem eşitmedi.

       Ol partasyna golaýlanda, güpbe sowgat ýadyna düşdi, ädimi haýallady. Seýlä seredende, eginleri gysylyp, bir çogdam boldy, ýuwaşja  “Salam!” diýdi. Eli sowgatsyz bolansoň, dil bilen onuň baýramyny gutlamagyň gelşikli boljaklygyny, bolmajaklygynam  aňşyryp bilmedi; näme diýjegini  bilmän,ýerine geçip, ýüzüni aşak sallap oturdy. Onýança, Seýliň jorasy, Çynar gelip “Seýli, saňa näme berdiler?” diýip, jogaba garaşman elindäki täzeje jübi kalkulýatoryny güjeňledi. Seýli sesini çykarman, biygtyýar ýüzüni aşak sallady we assyrynlyk bilen gabak astyndanTahyra seretdi-de, derrew ünsüni sowup, portfelinden bir zatlar gözlän boldy; öňündäki açyk kitaba güýmenen boldy...

       Jaň kakylmagyna entek bäş-on minut bardy. Şadyýan çagalaryň ala-wagyrdysy, Tahyryň ýüregine düşüp başlady, göýä öz üstünden gülünýän ýaly, çym-gyzyl bolup ýere giräýjek bolýardy. Onuň kellseine birden bir ajaýyp pikir geldi we ýüzi ýagtylyp gitdi. Ilki penjeginiň, soň jalbarynyň jübülerini bir-birden barlaşdyrdy: “Içigar galmyş diýsäni”—diýip, her gün ir bilen berilýän puljagazyny, penjegini  geýjek bolup durka, sagadyň ýanynda goýany ýadyna düşdi. “Ýadyň bar bolsun-la, atamyň ýatkeşligem meňkiden gowudyr” diýip, ol öz-özüne igendi.

       Näme etmeli? Seýli kitap okan bolup oturyşyna, bolup geçýän hadysalary ýekänme-ýekän, gözleriniň gytagy bilen syr bildirmän, synlap otyrdy. Tahyr lapykeç bolup: “Ýeri, şu wagt şol pulum bolan bolsady, jaň kakylmanka mekdebiň dükanyndan bir zatjagaz alybam ýetişjek ekenim”. Onýança birinji sapagyň jaňy kakyldy. Tahyr gerdeninden agyr ýük aýrylan ýaly uludan demini aldy, ýöne şonda-da, ol meseläniň çözgüdiniň her hili görnüşlerini seljermegini dowam etdirdi, hatda mugallymyň düşündirýän sapagyna hem üns bermesini goýdy: “Indiki jaňda Şageldiden karzyna soraýyn” diýip, ol  mugallymyny  diňlän kişi boldy-da, ýene-de öz aladasy bilen gümra boldy: “Ýa, Seýliň sowgadyny dokuzynjy martda gowşuraýsammykam? Atam “hiçden giç ýagşy” diýýärdi.

        Jaň kakyldy. Tahyryň haýal etmän Şageldiň ýanyna baryp boýnuny burup haýyş edişini, soň Azat bilen birnäçe sekunt gepleşip, ellerini silkip, synpdan ylgap çykanyny, ikinji sapagyň jaňy kakylansoň, onuň keýpsiz, boýnuny sallap ýerine geçip oturyşyny boýdan-başyna synlap oturan Seýliň oňa nebsi agyrdy.

       Tahyr ikinji sapagy hem göwünli-göwünsiz geçirdi—ýoldaşlaryna gahary gelýärdi: “Edil şu gün hemmesi garyp düşäýmelimi, haýsyndan sorasaň pulyny eýýäm sowup dynypdyrlar, awtobusa müner ýaly sähelçe teňňelerini galdyrypdyrlar...”

       Tahyr ikirjiňlenip, näme etjegini bilmän, ahyry belli karara geldi-de, gyssagly synpdan çykyp gitdi. Ol ylgap barşyna mugallymlaryň otagyndan Oguljan Ýazmyradownany tapdy:

       —Oguljan Ýazmyradowna! Men gyssagly öýe jaň etmeli.

       —Hä, näme boldy—diýip, synp ýolbaşçysy ör-gökden geldi.

       —Telefonyňyzdan atama til kakyp beräýiň-dä! —diýip, çaga özelendi.

       —Häzir ballym— diýip, mugallym sumkasyndan jübi telefonyny çykardy-da, Tahyryň beren nomerini aýlap, telefony okuwçysynyň eline tutdyrdy-da, oňa howsalaly seretdi. Tahyr atasynyň “Allo” sesini eşiden badyna:

        —Ata, bu men. Sen derrewjik meň krowadymyň baş ujundaky sowgatly haltajygy getirip gitsene, ýadymdan çykarypdyryn. Wiý, onsoňam, sagadyň ýanynda pulum bardyr ony hem alyp gaýt! —diýip, dymdy we atasyny diňledi-de:

        —Ýok, ol kürüşge meňki däl, ony ertirki baýramçylygyny gutlap, synpdaşyma gowşurmaly—diýip, atasy bilen gürleşip durşuna, arasynda  “hä-hawasyny” ýetirýärdi. Ahyryn: —Bolýar, alsaň alaý! Näçe wagtdan gelersiň? Hoş onda. —diýip, atasy bilen hoşlaşdy-da,  telefony mugallymyna berip:—Sag boluň, Oguljan Ýazmyradowna! —diýip, ol mugallymlaryň otagndan çykyp gitdi.

        Tahyryň atasy üçünji sapagyň arakesmesine ýetişdi. Ol agtygynyň tabşyrygyny artygy bilen ýerine ýetiripdir—ýolda gül satylýan dükana sowulyp, ýaňy açylyp barýan çigildemleriň iki dessesini haşamladypdyr. Çemenleri agtygyna uzadyp durşuna:

       —Me oglum, sowgadyň ýany bilen gül gowşursaň has hem gelşikli bolar—diýip, desseleriň birini agtygyna berdi. — A, bu çemen bilen bolsa mugallymyňy gutla!—diýip, ikinji çemeni hem uzatdy. Tahyr Seýliň sowgatlaryny gowşuryp, mugallymlaryň otagyna ylgady. Synp ýolbaşçysyna çemen gowşuryp, ýüregine gelen arzuwlary bilen mugallymyny gutlady:

       —Oguljan Ýazmyradowna! Baýramyňyz gutly bolsun! Janyňyz sag bolsun! Elmydama meň ejem ýaly şadyýan boluň we hiç haçan kellemäň—diýip, sägindi.

       —Sag bol, köşek minnetdar! Beýdip azara-da galyp ýörmelem däl ekeniň-dä, ýönekeýje gutlag hatyny gowşurasam bolardy.

       —Dogrymy aýtsam, Oguljan Ýazmyradowna, gül üowşurmagy atam maslahat berdi—diýen-de, mugallymalr gülüşdiler. Tahyr mugallymlaryň näme üçin gülýändiklerine düşünmedi we ýaýdanjyrap:

      —Onsoňam,... —diýip sägindi. Mugallymlaryň bilesigeliji ýüzlerine gözüni aýlady-da: —Aý... —diýip, sözüni soňlamaga çekindi.

      —Tahyr jan, çekinme-de aýdyber—diýip, synp ýolbaşçysy ony ruhlandyrdy.

      —Oguljan Ýazmyradowna, bu meniň hususy haýyşym, ýöne synpdaşlarymam meň ylalaşarlarmyka diýýän.

      —Gizlin bolmasa, aýdaý!.

      —Biz Size juda ysnyşypdyrys, tä mekdebi gutarýançak, biziň synpymyzda galaýyň-da! —diýip, Tahyr mugallymynyň ýüzüne naýynjar seretdi. Mugallymlar ýene gülüşdiler. Oguljan Ýazmyradowna okuwçysynyň päk ýürekden eden duýdansyz haýyşyna birbada jogap tapman, haraý isleýän ýaly işdeşlerine seretdi we ýüzüniň gyzýanyny aňyp, derrew yzyna öwrüldi:

       —Synpyňa baraý! Arkaýyn boluň, men sizi taşşlap hiç ýere gitmen. Attestat alýançaňyz ýanyňyzda bolaryn—diýende, Tahyr:;

       —Urra!-diýip, duran ýerinde böküp yzyna öwrüldi. Ol gapa ýetende, mugallymlaryň birini oňa   “Ynha geljekki jentlmen!” diýen jümlesini eşidip ýetişdi.

        Dördünji sapagyň arakesmesinde, Seýliň joralaryna sowgadyny  görkezip duranyna gözi düşüp, Tahyr biygtyýar ýylgyrdy we şol wagt atasynyň: “Oglum, gyz-gelinlere terje gülden oňat sowgat ýokdur” sözleri ýadyna düşdi. Soň ol bu günüň şowlylygyna begenip, mekdebiň howlusynda “kowalaşdy” oýnap ýören oglanlaryň arasyna siňip gitdi.

        Gijöýlän kakasy ejesiniň baýramyny gutlap, oňa ullakan bägül dessesini gowşurdy. Öý dabaraly baýramçylyk ýagdaýyna öwrüldi. Agşam baýramçylyk saçagynyň başynda ol kakasyndan:

        —Kaka, jentlmen bolanda näme bolýar-aý?

        Kakasy maslaaht soraýan ýaly aýalynyň ýüzüne seretdi-de, ardynjyrap:

        —Jentlmenmi? Jentlmen diýip mähirli, mylakatly, mährem, rehimdar, sahy, geçirimli edepli merdana adama aýdylýar. Onuň ýüz keşbi nurana, egin-eşigi päkize bir sypaýy, salyhatly adam-da—diýip, çemçesini okarasynyň erňegine goýup, dowam etdi: —Onuň hereketlerem gelşikli. Bir söz bilen jemläňde, jentlmen diýmek asylzada diýmek bolýar. Olar ýaly adamlar hakykatdanam durmuşda ýygy duşýar, howaýy däl.

       Tahyr kakasynyň suratlandyrýan adamsynyň keşplerini tanyş adamlarynda seljerip otyrka, sanalan  häsiýetleriň aglabasyny atasynda bardygyna göz ýetirdi: “Onda meň atam asylzadalaň hataryna girýär-dä!?” diýip, oýlandy-oýlandy-da, morta soragy orta atdy:

       —Onda atam howaýy däl-de, hakyky, asylzada-da? —diýip soranda, atasy jogaba derek  “loh-loh” güldi, onuň gülküsine beýlekilerem goşuldylar. Agtygynyň içi jogaply soragyna enesi makullaýjy jogap gaýtardy:

       —Seň ataň asylzadalaryňam  hakyky nusgasy—diýip, atasynyň tabagyna ikinji nahary guýup durşuna agtygyna ýüzlendi. —Hä, köşegim ony näme üçin soradyň?

       —Ol sözi mekdepde mugallymlaryň birinden eşitdim we düşünmedim—diýip, soň kakasyndan sorady: —Kaka, sen hem jentlmenmi? Kakasy duýdansyz soraga şobada jogap bermän, oýlanansoň:

       —Ony men bilemok oglum. Ol “dereje” jemgyýetiň köpsanly pikiri esasynda kesgitlenilýär. Ýöne men hem ataň ýaly asylzada boljak bolub-a dyrjaşýan—diýende, oturanlar hezil edip gülüşdiler.Tahyr öz oý-pikiri bilen gümra boldy. Atasyna kybapdaş hüý-häsiýetlerini deňeşdirip otyrşyna: “Atama meňzeýän ýerlerim bar eken-ow!” diýip öz ýanyndan hoşal boldy.

       Bagtyýar, şadyýan maşgala bahar baýramçylygyny sagalaňly geçirdi.

       Şol baýramçylykdan soň, Tahyr her ýyl, bahar baýramynyň öňüsyrasy atasy bilen gül dükanynda her dürli güllerden bogulan çemenleri saýlap, terligini saklar ýaly öýüň salkynjak ýerinde ýygşyryp, ertirki baýramçylyga ykjam taýynlyk gördüler.   

 

 

 

Kakajan Balkanow

 2017 ý.

 

Beýik Ýeňişiň 70 ýyllygyna

 

 

“Biziň ýatlamalarymyz—bu Jennet,

ondan hiç haçan we hiç kim bizi kowup çykaryp bilmez”

 

Onore de Balzak.

 

Aýjeren eje

(hekaýa)

     Aýjeren eje segsenden geçen garryja, gurap barýan aýal bolsa-da aňy durudy. Eýýäm onlarça ýyldyr, goýy gök reňkli, gadymy, ýarymlitrlik hytaý çäýneginiň gapagyny gasyn-gasyn guran eli bilen sypap oturyşyna, ýanyna gümür-ýamyr etnäge gelen obanyň aýallaryna geçen durmuşyndan gürrüň berip otyrdy.

       — Wah, ballym, o döwürde görüşme küje, duşuşma küje. Bäşinji synpy gutaranymdan soň ejem meni mekdepden alyp galdy: “Şu alan ylymyňam besdir. Göze görünip başlan gyz maşgala öýünde otursa gelşikli bolar. Bukjaňy doldurmaga başla!” diýipdi.Ynha şeýdip menden kiçi gyz jigilerim çülperäk bolansoňlar gündiz ejeme kömekleşedim, agşamlaryna bolsa ýagyň çyrasyna keşde tikerdim. Kakam bilen menden uly iki sany erkek doganlarym gezekleşip çöle, dowara ýatymlyk gatnaýardylar. Olaryň iki hepdelik iýjek iýmitlerini, geýjek egin-eşiklerini taýynlardyk. Anha, şeýdip  nädip ulygyz bolup ýetişenimizi bilmän galypdyrys.

     Günlerde bir gün ejem bilen uly gelnejemiň hyşy-wuşy edişip, meniň üçin gelip giden myhmanlar hakynda tötändenmi, ýa maňa eşitdiribräk gürrüň edip oturanlaryny eşitdim. Agşam kakam öýe gelende, ejem gündizki bolan wakanyň netijesini aýdanda, kakam: “Bolýar, sorap-idäp göreris” diýdi-de, otagyna girip gitdi.

     Bir-iki hepde geçensoň, ejem bilen gelnejem meni ýanlaryna çagyryp, döwletli bir maslahatyň bardygyny aýtdylar. Ilki bilen ejem başlady:

     — Gyzym, senem indi ulygyz bolup ýetişdiň, Allam ugruna edip bagtyň açylyp gidäýse, uly aladadan dynjak-da. Hawa neneň görýäň? — diýip, ejem maňa ýylgyryp seretdi.

     Men ýüzümiň, gulaklarymyň ujuna, hat-da saçlarymyň ujuna çenli lowlap gyzýanyny duýýan we muny bildirmejek bolup başymy aşak egýärin. Meniň ýaňy on ýedi ýaşym dolupdy, entekler durmuşa çykmak barada asla pikir hem edemokdym. Duýdansyz edilen teklibe nähili garajagymy bilmän keçäň gülüni dyrmap, dymyp oturdym. Dymyşyklygy gelnejem bozdy:

     — Orazdurdy daýymyň ýekeje ogly bar, başga çagasam ýok, şäherde ussaçylyk edýär — araba ýasaýar. Hiç kemi ýok...Gelnejemiň mahabatly sözleri eşidilenok — meniň pikir-hyýalym başga ýerde: öýüňden mydamalyk kesekiň öýüne göçmeli, nätanyş adamlar bilen tanyşmaly we gatnaşmaly; ejem bilen jigilerim käwagt, aýda-ýylda bir görüşmeli...

      — Onda näme, men olara geliberiň diýäýeýinmi?! — diýip, gelnejem meni hyýalymdan “oýardy” we meniň gözlerimden bir many okajak ýaly, aladaly seretdi. Men bolsa aljyrap:

      — Aý... Ejem-kakam näme diýseler...Şolar razy bolsa...—diýip üzlem-saplam jogap berip goýberipdirin.

      Aýjeren eje çaýyna güýmenip otyrka, gelinleriň biri:

      — Aýjeren eje, adamyňyz görmegeýdimi?

      — Wah, koşejigim, men ony birje gezek gördüňmi diýsene!—diýende, aýallr geňirgenip bir-birlerinň ýüzlerine seredişdiler. Muny aňan Aýjeren eje söhbetini dowam etdirdi—Şu günki ýaly ýadymda — 1941-nji ýylyň 22-nji iýuny, bazar günidi günortadan öň, yssy düşmänkä gelnalyjy geldi. Gaýynatam  ýeke ogly bolanlygyndanmy ýa birinji toýy bolany üçinmi, onçasyny bilemok. Gepiň gysgasy şäherden hakyna tutma bir at goşulan gara paýtun iberipdir (ol döwürde bular ýaly maşyn bolçulygy ýokdy). Kürtämi şaňňyrdadyp, paýtunyň içine girdim, obadan birneme saýlanan badymyza ýanymda oturan nätanyş gelin:

       —  Gelin, indi kürtäňi çykar-da arkaýyn otur, bizi görjek ýok, barjak ýerimize bir çäýnäk içere salym bar — diýdi.

      Men hem rugsat berilerine mähetdel, kürtämi çykaryp goltugyma goýdum — dünýäm giňäp gitdi. Paýtunyň derejeleri tuty bilen tutylansoň haýsy ugura gidip barýanymyzdan habarym ýok, ýöne daşarda atly jigitleriň şadyýan sesleri bilen paýtundan bir-de öňe birde-de yza galýanlaryny duýup baýaryn. Gabat garşymda oturan on-on iki ýaşly gyzjagaz maňa ýüzlenip:

        — Gelneje, seniň adyň näme? — diýip sorady.

        — Aýjeren. Seniň adyň näme?

        — Ogulsabyr. Bu bolsa,  meniň ejem, Akgözel—diýip ýanynda oturan aýaly gňrkezdi.

    Ynha, şeýdip paýtunda doganoglan gaýynekejim bilen tanyşdym. Gaýynekejim bilen baldyzym zol-zol paýtunyň äpişgesiniň gyzyl mahmal tutusyny çalaja syryp, daşarda bolup geçýän hadysalara tomaşa edip, arasynda hezil edip gülüşýärler; birdenem içlerini çekişip, äpişgeden ýüzlerini aýyrylýarlar. Elbetde jigitler atyň üstünde çapyp baryşlayna howply oýunlary eýän bolmäklary mümkin. Gaýynekejim:

         — Aýjeren gelin, içiň gysmaz ýaly arasynda senem daşaryny jyklaý! Ýöne olaryň arasynda seniň Hudaýberdi-ňä tapmarsyň, ol saňa öýde garaşýar — diýip, köp manyly ýylgyrdy. Soň ýüwürjisini mahabatlap başlady —Meniň ýüwürjim ýaly yigidi dünýe gezseň tapmarsyň...

     Akgözel öýe barýança her hili gürrüňler bilen güýmäp gelşine gün günorta  bolupdyr. Öýüň bosagasyna ýakynlamda, gaýynenem:

          — Aýjerenjan, öýüňe ilki sag aýagyň bilen ätläp gir! —diýdi.

      Şol günden başlap men gaýynymyň “Aýjerenjany” boldum—diýip, Aýjeren eje gözleriniň hanasyny dolduran gözýaşyny elýaglyjagazy bilen süpürdi-de, gürrüňini dowam etdirdi — “Amanmy keýigim aman-sagmy?— diýip, gaýynym iki elini eginlerime goýup görüşdi, soňra ol: “Bagtly boluň! Hudaýberdi janam senem Allatagala öz penasynda sakalsyn!”—diýip dileg etdi. Sag elimi una buladylar, çep elimi — ýaga. Öňümde bir çäýnek çaý, kemput, toýyň palawyny goýdular. Ýanymdaky gelin-gyzlar hezil edişip iýişip otyrlar, men bolsa tolgunmakdan ýaňa ellrim titreýär, agzym gurap dodaklarym bir-birine ýelmeşip gidipdir, ölemen çaý içesim gelýär welin... Ahyrn “lalyň diline enesi düşüner” diýilişi ýaly, gelinleriň biri içine nabat atylan bir käse çaýy kürtäň aşagyndan elime tutdyrdy, bir kiçijek külçejigi bolsa dyzymyň üstünde goýdy. Ýarty käse çaýdan soň birneme özüme gelip başladym, külçäň gyrajygyndan çümmükläp iýip ony ýartylaberipdirin — şeýle tagamly ekeni, henizem agzymdan tagamy gidenok (şol külçä soň hiç haçan duşmadym). Galan ýarysyny utanjyma iýip bilmän, hemme kişi görsün diýýän ýaly palawly okaraň gyrasynda goýdum.Ýeri, al-da kürtäň ýeňine oklap goýber-dä, kim görüp dur diýsene — diýende, gelinler wakyrdaşyp gülüşdiler.  Gelinler köşeşensoň, Aýjeren eje gürrüňini dowam etdirdi:

           —  Öýle boldy. Pyýadakazylar bir zatlar okaýarlar, men oaryň näme diýýändiklerini aňşyramok, iň soňunda olaryň:

           — Nika wekilçiligini kimge berdiňiz? — diýip soranlarynda, gelinleriň biri gulagyma çawuş çakyp: “Atagarry aga berdim diýäý” diýýär, menem näme buýursalar ýerine ýetirip otyryn. Pyýadakazylar meniň razylygymy alyp çykyp gitdiler. Hemme zady aýdyşlary ýaly etdim,  bu ýerde nika ters düşer ýaly hiç hili şübhe ýok diýdiler, aý boljagydyr-da — diýip, Aýjeren eje sowan çaýyndan owurtlady-da—Wagt diýilýän zat çalt geçýär ekeni—agşam düşdi, gije ýarym boldy, dostlary öýlenýän ýigidi gelniniň ýanyna entegem getirenoklar... Şeýdip ilkinji nika gijämi baldyzym—Ogulsabyr bilen gaýynekejim—Akgözel bilen geçirmeli boldum... Uruşyň başlanyny  ertesi eşitdik. Nika gyýylan badyna adamym Hudaýberdini harby komissariatyň wekili gyssagly çagyryş bilen alyp gidipdir. Gaýynatam komissaryň ýanyna girip, ýaňy öýlenen ogluna iň bolmanda bir hepdejik puryja bermeklerini haýyş edipdir, diňlemändirlerem. Gaýynatam iş düzeler öýdüp, bir gije şäherde myhman ýerinde bolup ir bilen komissariata baranda, eýýäm, gijäň bir wagty Hudaýberdini otla mündirip, fronta ugradypdyrlar... Bir hepdeden çagyryjy geldi, jigilerimi görüp, ejemi gören ýaly begendim. Kakam halwajyk iberipdir— diýdi-de, Aýjeren eje ýene gözlerine ýaş aýlady.—Hudaýberdiň uruşa gitmänkä dostlary bilen düşen suraty bar ekeni: ýakaly köýnekleriň ýaşlaryň durmuşyna ýaňy girip başlan döwri, oturgyçda otyr, saçlary syrylan, aýaklarynda amerikan botinkasy — kaşaň geýinmegi halaýan ekeni. Ynha, görseňiz, diýip, bukjasyna elini uzatdy. Ýaş geline edilýän hezzet-hormatlaryň hemmesini görüp, atam öýüme gaýdyp gitdim. Üç hepde gaýtarmalykdan soň ýene öz öýüme dolanyp baramda, ýoldaşymdan iki sany üçburç hat gelipdir. Gaýynlarym sowatsyzlykdanam däl-de, maňa hormat goýup, tä, men gelýänçäm hatlary açmandyrlar. Gaýynym:

            — Aýjerenjan, hany Hudaýberdijan näme habar iberipdir?— diýip maňa ýüzlendi.

       Men bolsa, kesekiň syryny açýan ýaly, çekinip-çekinip, hatlaryň epini ýazyp, howlukman, ýuwaş sesim bilen okap başladym: “Kaka, eje salawmaleýkim! Aýjeren salam, gurgunmysyň!?” Men özüme degişli ýerleri sesaplyk bilen böküp geçip, Hudaýberdiniň frontdaş ýoldaşlary barada, o taýynyň howasy barada, tanka garşy atylýan topy atmagy öwrenýändigini okap berýärdim. Soňra gaýyn ikimiz gijäniň ýarymyna çenli Hudaýberdä “düzme” ýazardyk. Her gezek hat alamyzda ilki men haty gözden geçirip, özüme degişliýerleri belläp, gaýynyma soňundan okap berýärdim, ol hem soň hatyň mazmunyny gaýynatama gürrüň berýärdi. Şeýdip-şeýdip Hudaýberdi bilen gaýybana ýaňy öwrenişip başladyk welin, ondan hat gelmesi kesidi oturyberdi...  Ertekilerdäki, dessanlardaky aşyk-magşuklaryň düýşünde bir-birlerine aşyk boluşlary ýaly men hem öz adamymy şeýle bir güýçli dugy bilen söýdüm, hat-da men onuň bilen birnäçe ýyldan bäri ysnyşykly ýaşap ýören ýaly boldum. Şu günlerem hyýalymda: hamala ol agşam işden gelýärmişin, elindäki sowgatlaryny maňa uzadyp, ýaňagymdan öpýärmişin, “Aýjerenjan, söýgülim, şu gün uzakly gün seni göresim gelip gitdi” diýýärmişin, men hem derrew onuň öňünde basyrylgy duran çäýnegi goýýaryn-da, nahary gyzdyrmak üçin daş çykýaryn. Emma, eýýäm ojagyň başynda gaýynym otyr, men bolsa ony adamymdan gabanýan...Ýaş gelinkäm mende bir täsin hadysalar bolup geçdi. Bir gezek goňşymyň gelniniň çagasy kyrk çiileden çykan badynda, gaýynym yrym üçin ol bäbejigi gujagyma goýdy. Haçan men bäbejigiň ýüzüne seredinimde ol Hudaýberdä meňzäp giden ýaly boldy. Şol bada yagyrnym, pilçelem çekdirip, agyryp başlady, ol agyr göwüslerimi gurşap aldy, biraz wagtdan göwüslerim birhili agralýan ýaly bolup, sallanyp başlady. Bäbejigi ejesine berdim-de göwüslerimi barlasam, süýt inipdir... Birdenem şeýle bir güýçli hyjuw geldi, göwsümiň ujundan süýt damyp, köýnegimi ölledi. Bäbegiň ejesine ýalbarýan: “Men emdiräýeýind-ä!” diýýän, gaýnym bolsa ýakasyny tutup: “Toba estagfyrylla! Goýaweri, diiýäniň näme, saňa näme bolýar? ” diýýär. Soň gaýynym ynanman göwüslerimi elläp görüp, “Hakykat, gudrat! Allajan bize-de perzent berjekdir, Biribar Hudaýberdijanyň sag-salamat frontdan gaýdyp gelmeginiň aladasyny edýändir” diýip, bilýänje dogasyny okap ýüzüne syldy. Şular ýaly hadysa ýene bir gezek boldy, onsoň gaýtalanmady. Hudaýberdijanam edil çaga doguryp biläýjek döwürlerim gelmedi...

       Bütin ömrüme Hudaýberdijana garaşdym.Illeriňki gaýdyp geldi, meňki gelmedi. Ölüdigi-diriligi belli däl—dereksiz ýitenleriň arasynda. Men henizem garaşýan. Bütin ömrüme adamyma wepaly bolup, gaýynlaryma hyzmat eip geçdim. Olaram git diýmediler, men hem gitjegem bolmadym. Toýa-ýasa gaýynym bilen bileje gatnadyk, iň ýakyn joram gaýynym boldy, ana, indi olaram ýok... Adamlaryň käbiri agşam düşüp başlanyndan darygyp başlaýrlar, men bolsa tersine Günüň ýaşmagyna howlukýan, Gijäniň ýaryna çenli Hudaýberdijanyň suratyny, hatlaryny öňümde goýup, çaý içýärin, oňa “ogullary-gyzlary” barada, “agtyklary” barada gürrüň berýärin. Men aýdýan: “Hudaýberdijan, dünýede menden bagtly aýal ýokdur, sebäbi her agşam seniň bilen çaý başynda seniň bilen söhbet etmäge hiç kim päsgel berenok. Eger, Ýaradan ikimizi bileje çatan bolsa, nesibämizde bize ýene duşuşmak bardyr-da, belki” diýýän, diýip, Aýjeren eje bir zatlary ýadyna salýan ýaly bir nokada seredip, uzak wagtlap dymyp oturdy, Aýjeren ejäni diňläp oturan aýallaryň hiçisinden ses-seda çykanok—barysynyň bogazlary dolup, gözlerine ýaş aýlap,  gepläp bilmän otyrdylar.

       Aýjeren ejäniň ýogalanyna on-on iki ýyl geçdi. Entegem  obadaş gelin-gyzlarynyň onuň näme üçin ýeke ýaşap öteninine düşünmeýänleri bar.

       

Kakajan Balkanow

 

04 maý 2015 ý.

Gelinkömelek

(hekaýa)

 

         Segseninji ýyllaryň aprel aýynyň aýaklarydy. Meýdanyň otlary bir garyşdan geçip, başlary aşak sallanyp başlady. Gyzyl gülälekleriň möwriti ötüp, sary gülälekler, çopantelpekler gülläp ugrady. Hajaryň hamyla döwri tamamlanyp barýardy. Onuň dogurmaly güni “şu gün-erte” bolansoň adamsy, Rejep  indi dynç günlerem balyga gitmesiniň arasyny kesdi, eýläk-beýläk çykmasynam goýup, sabyrsyzlyk bilen ilkinji çagasyna garaşýardy. Öýdeçilräk  bolup, Hajaryň ýanyndan uzaga  aýrylanokdy. Ýekşenbe güni Hajar ir bilen turup, adamsy, Rejebe ertirligini taýýarlap berdi-de, adamsyna:

         —Kömelek iýesim gelýär—diýdi. Ertirligi bilen güýmenip, Rejep aýalynyň aýdanyna känbir pitiwa  bermedi. Hajar duz datman saçaga seredip oturyşyna, ýene:

         — Kömelek iýesim gelýä-dä. Akja, gelinkömelege duz sepip, gytyrdadyp iýesim gelýär. Çagakak gyzlar bilen ilerki tutlykda çöplärdik, entek telpejigi garalmadyk, ýaşajyk, terje kömelejigi ýeňimize süpürip iýip goýberedik. Bu wagta, meýdanyň kömelegi sowulandyr?!—diýip, Hajar adamsyna soragly seretdi.

          —Aý, hawa-la, bir eýýäm sowulandyr, selmeleňem ýüzi gaýdyp ugrandyr. Indi howa gyzyp başlar—diýip,  Rejep kofesinden bir gezek owurtlap, köpbilmişsiräp:— Hytaýda biziň meýdanlaryymyzda ösýän kömelekleri gyşyn-ýazyn  ýetişdirýämişinler, haýsy bazaryna barsaň, elmydama barmyşyn— diýip sözüniň üstine goşdy.

           —Bolmasa, Hytaýa gidp geläý! —diýip, Hajar adamsynyň ýüzüne naýynjar seretdi. Rejep ilkibada düşünman:

           —Ha,ha,ha,ha—diýip, hezill edip, güldi. Gülküsini goýup, aýalynyň ýüzüne seredip, ýene gülmäge hyýallanan-da, Hajaryň sarsman oturanyny görüp, geň galdy. Rejep aýalynyň çynydygyna indi düşünip başlady.—Seň çynyňmy, ýa oýun edýämiň? —diýip, Hajaryň ýüzüne çiňerilip seretdi.

            —Rejepjan, iýesim gelýär, ölüp barýan-da—diýip, Hajar gapdalyndaky ýassyga gyşardy.

            —Seňki iliň tersine öýdýän. Dokuz aý hiç zady bilmän, indi gel-gel, dogurjak wagtyň aş saýlaýaň—diýip, Rejep hüňürdejek boldy. Hajar başam barmagynyň ujyny süýem barmagynyň ortasyna goýup:

            —Ine, şuň ýalyjagyny datsamam bolýar—diýdi. Rejep näme etjegini bilmän aljyrap:

            —Hmm...Bazarda duzlananam-a satylýandyr, öz-ä—diýip, aýalyny assyrynlyk bilen synlady.

            —Ýok-la, ýüregimi bulamasana...

         Hajaryň islegi Rejebi ünjä goýdy, ol ertirligini howul-hala iýip oturyşyna duýdansyz ýüze çykan mesele barada oýlanýardy, ol içinden “Ýeri, il deňinde irräk aş saýlaňda bolanokmy?  Indi men seň gelinkömelegiňi nireden tapaýyn” diýip, içinden hüňürdedi-de, Hajaryň başyny sypalap, ýaňagyndan öpdi:

              —Geregiň kömelek bolsun, ezizim, başga işimi taşlap seň islegiňi ýerine ýetirjek boryn. Haýal etmän onuň gözlegine çykaryn. Guşum, sen ýöne, men gelýänçäm, eýle-beýle... Birden uçup gidiberme, men gelinçäm garaşgyn, men derrewjik dolanyp gelerin. Hajar ýylgyryp:

                —Seň oýun ýadyňa düşýär—diýdi.

            Rejep ädigini geýdi-de, Hakyl ýabyň boýuny syryp, çaga döwri kömelek gözlän ýerlerine—ýokarlygyna ýöredi. Ol ynamsyz ýöräp barşyna pikir oýuna batdy. “Göwreli aýal bilen mylaýym bolmaly, ol näme iýjek-içjek diýse alyp bermeli—göwnüni ýykmajak bolmaly, ýogsa günä bor” diýen enesiniň sözleri ýadyna düşdi. Ýabyň raýyşynyň gyrasyny syryp barşyna,  gurap, çüýremäge duran, geçen ýylky ýandaklaryň düýbüni taýagy bilen dörüşdirip barrşuna “ Bu bolşumy şu wagt biri göräýse, näme jogap bererkäm? Kömelek gözleýän diýsem-ä, gülki bolaryn. “Düýn sygyrym ýatagyna gelmedi, şony gözläp ýörün”...Aý, ýok, bu bolanok, onsoň bütin oba “Rejebiň sygyry ýitipdir” diýen gürrüň ýaýrar. Ýüzärlik gözleýän diýsemem, entek ol çetränogam” diýip, Rejep çözgütsiz meseläni alada edip barýardy. Esli ýöränsoň , täzeje goýun gumalaklary görünip başlady, o barmana ýakyndan itiň üýrýän sesi eşidildi. Rejep çekene bakýan çopanyň gözüne ilmejek bolup, ýabyň insizräk ýerini peýläp, bat alyp, ýabyň eýle tarpyna  böküp düşdi. Indi gün gyzdyryp başlady. Ýabyň beýigräk raýyşyna münip, aýagyny uzadyp oturyşyna, daşdan obasyny synlady. “Ba-a, eslije ýörän ekenim-ow! Biraz dynç alyp, yzyma gaýdaýyn. Obada, Goçmyrat her ýyl ilden öň zamça ýetişdirýär, şolara sowulyp, Hajara sowgatjagaz alaýyn. Her näme bolsa-da elim boş barmaýyn. Aý, kömelege-de Hajaryň nesibesi ýokdur-da...” diýip, akja kebelekleri, eýlek-beýläk atylan ok ýaly gaýmalaşyan garlawaçlary synlap oturyşyna  “Garlawaçlaram kömelek iýýämikä?” diýip, öz-özüne sorag berdi-de, üşti-başyny kakyşdyryp, lapykeç halda, yzyna—oba tarap ugrady. Rejep gidip barşyna  “Geň galaýmal-ow, aýal bilen erkegiň beýle dürli ýaradylyşyny. Ynha, meň göwnüm bir ýaly—maňa kömelegiň puty bir köpük, boldam bir, bolmadam bir. Anha, tudana sergi bolup ýatyr, “kyrkgünlik” ýetişdi, basym erikler saralyp başlar, herki ösümligiň, ir-iýmişiň öz döwri bar ahyryn. Tebigat öz kanuny bilen ýöreýär ahyryn, ol saňa güýz hasyl sowulansoň, ýa gyşyň ortaky aýynda—göwün islän çagyň terje bakja ýetişdirip bilmez ahyryn” diýip, janygyp, ýüzüni aşak sallap,  hüňürdäp gelşine, ýabyň raýyşynyň  beýigräk bir tümmeginiň eteginde, çüýräp başlan ýandaklaryň düýbinde, yap-ýaşyl terje otlarynyň arasynda, el ýaly kagyza meňzeş zadyň  ýatanyny gördi-de, pitiwa bermän duşyndan geçip, ýoluny dowam etdirdi. “Bu jelagaýlara kagyz nireden düşdikä? Özem saralmandyram, çüýremändirem. Ýa, biri gaçyraýdymyka, ýitiräýdimikä? Olam bir wajyp resminama bolaýsa?” diýip, Rejep ikirjeňlenip, yzyna dolandy. Rejep ak zady taýagy bilen galdyrjak boldy, ol gozganmady. Onsoň ol taýagyny ýere goýup, dyzyna çökdi-de, elini uzatdy, eli  tanyş sowujak, çyglyja, ýumşak zada degdi. “Kömelek! Ap-akja, arassaja, terje gelinkömelek!” — diýip, Rejep gözlerine ynanmady.Ol kömelegi ysgap gördi-de, gurçyklanyny-gurçyklamanyny bilmek niýeti bilen kömelegiň telpejigini döwdi—gurçuklamandyr! Rejep gelinkömelegiň ýanyndan ýene iki sany höwrüni çakgysy bilen köwläp aldy. Kömelekleriň ösüp oturan ýeri—çyglyja,  elmydama salkynjak kölegeli, tümmegiň demirgazyk eteginde bolansoň, olar howa gyzýança saklanyp galypdyrlar.

         Rejebiň aýaklary ýere degmän diýen ýaly, begenjine öýüne  ýöremän,“uçup” gaýtdylar. Onuň tä öýine  gelýänçä, hiç zat ýadyna düşenok. Ýolda oňa obaň adamlary gabat gelen bolmaklary ähtimal. Olar “Rejep nirelerden gelýäň?” diýen soraglaryna “Kömelek ýygyp gelýän.” diýip, buýsançly jogap beren bolmagam mümkin, emma Rejep ol wagt haydap, öýüne howlugyp barşyna,  diňe Hajaryň begenşi göz öňüne gelýärdi, başga zat gözüne ilenokdy...

         Bir hepde geçensoň Rejep bilen Hajaryň gyzlary boldy, onuň adyna Aýlar dakdylar.

  

 

Kakajan Balkanow

noýabr 2016 ý.

 

Beýik Watançylyk urşundan soňky ýyllaryň hekaýalary

 

Men ýetim däl

(hekaýa)

 

       Ir bilen mekdebiň jaňy kakylmanka okuwçylar synp-synp boluşyp, mekdebiň esasy girelgesiniň öňünde, oglanlar sag tarapda, gyzlar çep tarapda nyzama hatara düzülip  durdylar. Okuwçylaryň arasynda şadyýanlyk duýulýardy: öňdäki hatardaky hiç zatdan bihabar oglanjygyň bykynyna hürsekläp goýberýärler, ol hem kimiň oýnudygyny anyklajak bolup azara galýar. Gyzlaryň hatarynda birneme imi-salalyk bolansoň, olaryň arasyndan diňe şadyýan gülküler eşidilýär, sebäbi ertir, otuz birinji dekabrda gyş kanikulyna gidýärdiler we mekdebe ýene on günden—1948-nji ýylyň on birinji ýanwarynda gelmelidi. Mekdep müdiri Geldi Hojagulyýewiçiň pişegine daýanyp mugallymlar bilen hatara ýakynlanda, okuwçylaryň arasynda hereket kiparlap, şadyýan gykylyklar pessaýlap, “hyşy-wyşa” geçip, hatarlara dymyşlyk aralaşdy. Mekdep müdiri mugallymlary we okuwçylary ýetip gelýän Täze ýyly bilen gutlap, gowy arzuwlary dileg edeninden soň, okuçylara ene-atalaryny hem mekdebiň adyndan gutlamaklaryny haýyş etdi. Soňundan müdir ýetim we ýarymýetim çagalara täze ýyl sowgatlaryny gowşuryp başlady. Müdir elindäki kagyza seredip okuwçylaryň atlaryny bir-birden okamaga başlady:

     —Meredow Begmuhammet, altynjy “B” synpdan. Atageldiýew Agamyrat, ýedinji “W” synpdan, Jumageldiýewa Dünýägözel... Ady agzalan okuwçylar hut müdiriň öz elinden Täze ýyl sowgadyny alyp, begenjini içinde saklap bilmän, ýylgyrjaklap, hatara-ýerine geçip durýardylar. Müdir ýene-de:—Baýmyradow Nazarmuhammet ýedinji “A” —dan, diýende, Nazarjyk ýyrş-ýyrş edip, müdiriň elinden ýalpyldap duran, täzeje botinkany goltuklap ýerine geçdi. Ol sowgadyna örän begendi: daşyna lak çalynan, galyň gaýyşdan göwnejaý tikilen, köwşüň dabany galyň, ýumşak—buzda taýdyrmaýan rezinden, köwşüň gonjy dabany bilen berk iki gat gara ýüplik bilen titkilipdir, onuň ýalpyldysy gözleriňi gamaşdyrsa, gaýyşyň terje ysy janyňa şypalydy. Eli bilen köwşüniň içini barlap gördi: towugyň ýelegi ýaly mymyjak gök mata bilen örtülipdir—sowuk, yzgar geçjek gümany ýok! Ýoldaşlarynyň oňa gňzigidijilik bilen seredýändiklerini görmese-de duýup durdy. Çep elini öňünde duran oglanjygyň egnine goýup, sag aýagyny gonjy aýrylan ädiginden—çokaýa meňzeş aýakgabyndan çykaryp, botinkasynyň aşagyny dolakly dabanyna deňäp gördi: çaklamasyna görä enesiniň örüp beren ýüň joraby bilen hem bolaýjak ýaly, indiki ýyl aýagy ösäýse, onda ýukarak jorap bilen geýmeli bolar. “Iki-üç ýyl aýawly geýsem, (aýagyndan çykansoň), jigim Şaja bererin. Wah, arman muny diňe gyş geýmek üçin niýetlene-dä... Aýby ýok, howa maýlanda, arassalapjyk gazete dolap enemiň sandygynda ýygşyrypjyk goýaryn, diňe toýa gidemde, bir günlüjek geýäýerin” diýip, rahatlandy-da, ýene-de pikir oýuna giti, onýança gapdalynda duran synpdaşy Orazgeldi Nazarmuhammede eşidiler ýaly pyşyrdap:

        —Nazar, sen näme ýetimmi?

        —Ýok, —diýip, Nazarmuhammet Söýün daýysynyň gonjy kesilen “kirza” ädiginiň burnuna seredip durşuna ýene öz oý-hyýallary bilen gümra boldy. Daýysy küti mütgelden dolak dolamany öwredipdi, şonda-da holpuldap duransoň, oglanlar bilen “kowalaşdy” oýnap bilenokdy, ýagyn ýaganda, diňe batgadan geçeňde peýdasy bar diýäýmeseň, yzgary-sowugy saklanokdy, ejesi ony  mydama pejiň golaýynda goýup guradyp ýörendir, entegem dolagy iki jübüt—biri guraýança, beýlekisini geýäýmeli... Yene-de ony Orazgeldi “oýardy”:

        —Sowgat diňe ýetimlere berilýär ahyryn... Nazarmuhammet köwşüniň keýpine ilkibada Orazgeldiň sözlerini doly aňşyrmady, ýene öz pikiri bilen gümra boldy: “Begmuhammediň kakasy frontda ýogaldy diýilen habar gelende, ol on günläp mekdebe gelmedi, okuwa gatnap başlansoňam kellesindäki börügini tä tomus çykýança çykarmady. Dünýägözeliň-ä ejesem, kaksam ýok—daýzalarynda ýaşaýar, Ogulgerek gelnejä “daýza” diýýär. Meniň bolsa ejem bar, kakamam uruş gutaran hem bolsa, entek frontdan gaýdyp gelenok, indi üç-dört ýyl bolandyr ondan hat gelenok. Enemem, ejemem “Kakaň diridir oglum, hökman geler” diýýärler ahyry. Onsoň men nähili ýetim bolýaryn?” diýip, bir goltugyndaky täzeje köwşüne, bir-de aýagyndaky gonçsyz ädigine seredip durşuna aýňalyp başlady:  Dünýägözele her ýyl baýramçylykda sowgatjagaz gowşurýarlar, “W” synpdaky Agamyrada öň sowgat berilenokdy, ol şu ýyl birnji gezek alýar, diýmek... Onuňam-a kakasy meňki ýaly frontan indi gelmeli, ahbetin, Ýa “wepat boldy” habaryny alaýdylarmyka?  Meň kakam... “ Ol göýä ogurlykda tutulan ýaly assyrynlyk bilen töweregine göz aýlady—hamala hemmeler oňa ýazgaryp ýaly seredýän ýaly duýdy, müýnli ýüzüni aşak sallady, elleri-aýaklary gowşap, dyzlary birneme epildi, tas  elindäki köwşüni gaçyrypdy. Ýaňagyna biriniň şarpygy degen ýaly çym-gyzyl boldy, elindäki sowgadyna ýigrenç bilen seretdi. “Men näme ýetimmi, men ýetimmi?” diýip, gygyrasy geldi, şo bada damagy dolup, gözleriniň ýaşyny sakalap bilmedi, müdiriň çykyşyndan soň, mekdebiň mugallymlarynyň sözleýän sözleri güýçli ýel ýaly ýaňlanyp, gulaklarynyň deňinden gaýyp gidýärdi. Haçan-da, iň soňunda, müdir:

         — Çagalar siziň içiňizde söz aýtjagyňyz barmy? —diýende, Nazarmuhammediň göýä biri arkasyndan itekleýän ýaly öňe çykanda, öz aýaklaryny duýmady. Berilen sowgady nirede goýjagyny peýläp, biraz ikirjiňlenip durdy-da, botinkany emaý bilen arassarak ýerde goýdy, gözleriniň ýaşyny süpürip durşuna dili tutuldy. Müdir çaga begenjine tolgunýandyr öýdüp:

         — Nazarjan tolgunma-da, Täze ýylda näme isleg-arzuwyň bar bolsa howlukmanjyk aýdyber! diýip, goltgy berdi. Nazarmuhammet sojap demini alyp, ýerden ýüzüni aýyrman:

         —Geldi Hojagulyýewiç! Men bu sowgady alyp biljek däl...

         —Hä, näme üçin, saňa näme boldy? diýen-de, Nazarmuhammet demi-demine ýetmän:

         —Men ýetim däl.

         —Hmm...Şeý diýsene. Mekdep direksiýasy, partbýuro bu sowgady saňa ýetim hökmünde gowşuranok. Biz fronta gidenleriň çagalaryna elmydama elimizden gelen kömegi berip durus, indiden beýläk hem hemaýt ederis. Nazarjan, oglum bu köwüşi seni kemsitmek maksady bilen beremzok, gyşda aýagyň üşemesin diýip berdik, nesip etsin! Nazarmuhammet ýumruklaryny berk düwüp, dyňzap gelen ejizligini basyp bilmän, ýaşly gözlerini müdire öwürip:

         — Men ýetim däl! Men...,men..., ýetim..., ýetim däl,— diýip, zordan gepini düşündirdi-de, oglanlykdan saýlanyp, ýaňy uly erkekleriň hataryna girip barýan ýetginjegin  ýogynly-inçeli, döwük sesi bilen, sojap-sojap aglap başlady. Mugallymlaryň biri onuň egninden gujaklap mekdebiň içine alyp gitdi.  Geldi Hojagulyýewiç dartgynlygy gowşatmak üçin, dikelip, hatarda duran çagalaryň öňünde,uzaklara, bir ýerlere seredip durşuna:

         —Çagalar! Nazarmuhammediň kakasy hökman gaýdyp geler—diýip, ol ynamly gürledi. Soň ýerdäki botinkany alyp, pişegine daýanyp mekdebe girip gitdi.

       Gyşky kanikuldan soň mekdep ýene janlandy: çagalaryň şadyýan gülkileri ýene-de uzakdan eşidilip başlady. Mekdebiň meýdançasynda oýnap ýören çagalaryň Nazarmuhammediň jir matadan titkilen “portfeline”, aýagyndaky gonjy kesilen ýarymädigine üns berýänem, geň görüp seredýänem ýokdy, sebäbi uruşdan soňky çagalaryň durmusy biri-birine örän meňzeşdi.  

 

 

Kakajan Balkanow

  2016 ý.

 

Sogap

 

(Hekaýa)

 

      Beýik Watançylyk urşunyň gutaranyna iki ýyl töweregi geçipdi. Adamlar uzaga çeken aýralykdan, açlykdan saplanyp, aýňalyp ugradylar. Azyk-owkat edil bol-elinlik bolmasa-da, indi açlyk çekýän we mätäçlikden kemsinýän ýokdy. Un ýaly zerur iýmiti henizem jan-sanyna görä paýlaýardylar. Ogulgerek gelneje düýnki alan un paýynyň ujundan öňkilerine görä birneme köpräk—bir goşawuç artykmaç ýugurdy. Alan hamyryny ýyllar boýy ram edip giden elleri bilen deň ýedi togalaga—bir tamdyrlyk üçin bölüşdirdi-de, elleri bilen tekizläp-tegeläp, bir-birine ýelmeşmez ýaly aralaryna saçak goýup, hamyr eýlän syrçaly çanagyna saldy. Galanja hamyryny bolsa ikä böldi: kiçirägini maýalyk üçin niýetläp, akja mata dolap, kendirigiň bir burçuna süýşürdi; ulurak bölegini bolsa deň üç bölege bölüp,  hasyr-husur oklawyny alyp ýaýmaga başlady. Çapadydan inçeräk, çelpekden galyňrak ýaýan hamyryny çalasynlyk aş pyçagy bilen inçejik kesen unaşyny kendirigiň üstüne serdi-de, tamdyryň howry peselmänkä nanyny ýapmaga howlugdy...

      Ogulgerek gelneje ýap-ýaňy tamdyrdan çykaran çöreklerini serişdirdi-de, ýene daşaryk ylgady. Ojakdaky gyzyp duran çaklaňja gazanyň içine iki barmak ak ýagy oklap goýberdi-de, entek ýag eremänkä tüňçedäki gaýnag suwy üstüne gapgardy, soň bolsa dört-bäş bölek kakadylan pomidory hem gaýnap duran gazana oklady-da, daşarda ýoldaşlary bilen oýnap ýören, on-on iki ýaşly ogly Hajymyrady çagyrdy:

      —Hajymyratjan, bärik gel oglum, soň oýnarsyň!—diýdi-de, ýene öýe, kesen aşyny almaga girip gitdi. Hajymyrat oglanlaryň ekabyrragy bolansoň, serkerde hökmünde, öz “goşunynyň nökerlerini igdeden bökdürip durdy. Igdäň adam boýy şahasyndan kim böküp bilse, sag tarapa—“atly goşunyň” düzümine alynýardy, böküp bilmedikler bolsa çep tarapa—“pyýada goşunda” galýardy. Hajymyradyň kellesi oýna gyzygyp, ejesiniň sözlerini iki gaýtalatmaly boldy:

    —Hajymyratjan, bar ballym, şu unaşy dökäýmänjik, gyzgynjygy bilen Toýly kakaňa eltip gaýt! Hassaň halyny sorasaň sogap gazanarsyň oglum—diýip, Ogulgerek gelneje Hajymyradyň  eline syrçaly pitini tutdyrdy. Goltugyndan akja mata dolanan gyzgynjak çöregiň bir bölegini pitiniň gapagynyň üstüne goýdy-da, sargydyny dowam etdirdi: —Näsag soraňda  ”Sag-aman gutulyň! Edilen emler şypaly bolsun! Ahyry gelsin!” diýmelidir oglum, ýadyňdan çykaraýma!

    —Bolýar eje—diýip, Hajymyrat öňüne seresap bolup, kirşenli ýoldan aýakýalaňaç ilerligine, Toýly agalara tarap ugrady. Onuň “nökerleri” ýerli-ýerden:

    —Hajy, nirä barýaň?

    —Hajy, nirä? Menem gidäýeýin seň bilen! 

    —Sogap gazanmaga—diýip, Hajymyrat ýoldan ýüzüni sowman gysgajyk jogap berdi. Oglanlar ýene ýerli-ýerden galmagallaşyp:

    —Menem sogaba äkidäý-dä!

    —Bizem gidäýeli... Hajymyrat sesini çykarman ýoluny dowam etdirdi, onuň “goşunynyň”  nökerleri tuduň çybygyndan ýasalan “bedwlerini, gylyçlaryny” ýabyň gyrasynda goýuşdyrdylar-da,  kiçiräk tozan galdyryp, “serkerdeleriniň” yzyna düşdiler.

   Toýly aga Hajymyradyň kakasynyň we onuň inileriniň iň uly agalarydy. Toýly aganyň inileriniň hemmesi fronta gidip geldiler, ýaşy elliden geçeni sebäpli ony uruşa ibermediler. Uruşdan ilki bilen   Hajymyradyň kakasy gelipdi.

   Hajymyrat “Salawmaleýkim!” diýip, içeri girende, Toýly aganyň aýaly—Aýnäzik gelneje adamsynyň eline kündükden suw akydyp duran ýerinden Hajymyradyň kişenli aýaklaryny görmediksirän bolup:

     —Aleýiksalam! Hajymyratjan, geçäý töre!—diýdi-de, adamsynyň eline süpürgiji tutdyrdy. Toýly aga hem ýuwaşja sesi bilen:

     —Waleýkimessalam! —diýp, ysgynsyz jogap gaýtardy-da, ýassygyna gyşardy-da ýorganyny üstüne çekdi. Onuň ýarawsyz ýatanyna bir aýdan gowrak wagt geçendir. Garahassa keseli ony bir aýyň içinde iňňä sapaýmaly edipdir, hat-da onuň mäşbürünç gür sakgaly hem birhili gysylyp, inçelen ýalydy. “Adam agyr kesellese tanalmaz derejä ýetýän ekenow... “ diýip, Hajymyrat  oý-pikire batyp durşuna golaýyna gelen Aýnäzik gelnejesini hem birbada duýmady:

          

      —Wiý, ynha ejem iberdi. Gyzgynjak unaş...—diýip, Hajymyrat gözlerini Toýly agadan aýyryp bilmän durka, Aýnäzik gelnejesi Hajymyradyň elinden emaý bilen pitini alyp, boşadyp bermekçi bolup öýüň burçuna ýönelende, daşarda duran çagalaryň hümür-sümürini eşidip, boýnuny gapydan uzadyp:

       —Balalar, daşarda durmaň, giriň içerik! —diýdi. Hajymyradyň ýoldaşlary gapydan giren badyna ýorgan-düşekli ýatan Toýly aga gözleri düşüp, bir-birlerini iteleşip kürtdürip durdylar. Olar bir Hajymyradyň ýüzüne seretdiler, bir hem näsaga seredip näme etjeklerini bilmän birsalym çekinip, seslerini çykarman durdylar. Hajymyradam indiden beýläk näme etjegini bilmän, birden çykyp gidibermegi uslyp gördi-de, sesini çykarman duran ýerinden aşak çöküp, aýbogdaşyny gurap oturdy. Onuň “nökerlerem”  “serkerdeleriniň” göreldesine eýerdiler—bir hatar bolup, ýaý berip oturdylar, tä Aýnäzik gelneje pitini boşadyp, ýuwup gelýänçä hiç kimden ses-seda çykmady. Birden Hajymyradyň Toýly kakasy bilen görüşmedigi ýadyna düşüp, ýerinden turup, hassa tarap ýöneldi, ol iki elini uzadyp:

     —Toýly kaka, salawmaleýkim! — diýdi. Toýly aga:  

     —Waleýkim, aman-sagmy Hajymyratjan? —diýip, pessaý seslendi-de, ýorganyň aşagyndan guran ellerini Hajymyrada uzatdy. Toýly kakasynyň birwagtlar kätmen ýaly kerpiç guýýan  elleri we ýeke özüniň daýaw öküzleri ýykan göwresi gurap gidipdir... Hajymyradyň hassaň ýanyndan aýrylanyna mähetdel, ýuwaş oturan çagalaryň bary birden ýerinden galyp, Toýly agaň daşyna hümer boldular. Olar “Toýly kaka, salawmaleýkim!” —diýişip, Toýly aga bilen biri-birinden öň görüşjek boluşyp, itenekleşip durdylar, Toýly aga bolsa ýatan ýerinden çagalaryň göwnünini ýykmajak bolup, bar güýjüni jemläp, nobatyň iň soňunda durana çenli bilen deň görüşdi. Hajymyrat görüşip bolansoň ýerine geçip oturdy, beýleki çagalaram onuň gapdalyna geçip, ýene ýaý berip oturdylar. Ýene hiç kimden ses çykanok, käwagt gözleriniň gytagy bilen Hajymyrada nazar aýlaýarlar, ol bolsa öz pikiri-oýy bilen gümra bolup, Toýly kakasynyň horlananyna gynanyp otyrdy. Biraz dymyşlykdan soň, Hajymyrat:

     —Toýly kaka! Ejem aýdyp goýberdi: edilen emler şypaly bolsun diýdi, sag-aman gutulyň diýdi...Hajymyrat soň näme diýjegini bilmän sägindi—ejesiniň soňky sözleri ýadyndan çykypdyr, ol ýadyna düşürjek bolup çalt-çalt pikirlenip başlady “Ýok. Yzy ýarasynam däl. Ahyry gelsin diýdimi ýa razy bol diýdimi?” —Hajymyrat Toýly kakasy bilen hoşlaşanda näme diýjegini bilmän kösenip oturyşyna, atasy edil şunuň ýorgan-düşekli ýatyrka obaň adamlary soramaga gelende, olaryň käbiriniň atasyna “Razy bol!” diýýänleri  ýadyna düşdi, “menem şeý diýip turaýaýyn-la” —diýip belli bir karara geldi-de ýerinden turup:

      — Toýly kaka, sag bol! Razy bol! —diýip, gapa tarap ýöneldi. Hajymyradyň turaryna sabyrsyzlyk bilen garaşyp oturan çagalaň hemmesi birden ör  turup, Toýly agaň ýakynyna baryp, hersi “Sag boluň, razy boluň!” —diýişip, daş çykyp başladylar. Toýly aga bu sözleri eşitmejek bolup, ýorganyny başyna çekip, bürendi, çagalaryň käbiriniň Toýly aga ýorganyň astyndan eşitmeýän bolaýmasyn pikir bilen sesine bat berip gygyrýany hem bardy... Aýnäzik gelneje gapynyň agzynda duran ýerinden bu hadysany synlap durdy. Ol sag eliniň aýasy bilen agzyny tutup durşuna, çep elindäki pitini sessiz-üýnsüz  Hajymyradyň eline tutdyrdy...

       Çagalar uly şöweleň turuzyp, kirşenli köçäň tozanyny galdyryp, öýlerine dolandylar; gelýärkkäler, Aýnäzik gelnejän pitä salyp goýberen kakan eriklerini deň-derman paýlaşyp iýdiler.

       Aradan üç hepde geçensoň, Hajymyrat bir sebäp bilen Toýly kakalaryna baranda, Toýly aganyň çäkmenini egnine atyp, aýakýoluna barýanyny yzyndan görüp galdy.

 

Kakajan Balkanow

awgust 2016 ý.

Категоризация
Метки пользователя: 
http://stihoslov.ru/node/add/proza
Прикрепленное изображение: 
Статистика
Просмотрено гостями: 
0
Просмотрено пользователями: 
0




Нравится



StihoSlov чат

Необходимо зарегистрироваться и авторизоваться для того, чтобы отправлять сообщения в чат!

Сейчас на сайте

Нравится StihoSlov? Щелкай Like!