16+

Скоро день рождения

okuznetsov
13 Июн  (41)
kiriproh
13 Июн  (35)
Маргарита Василев...
13 Июн  (23)
Чужая
14 Июн
Whiskey
15 Июн  (67)
skeele
15 Июн  (47)
manu11
15 Июн  (44)
levious
15 Июн  (41)

Лента новостей RSS

RSS-материал
Последняя новость    С Новым Годом, Стихослов!

МЫ ВАМ РАДЫ!

Очень хочется почитать Ваши стихи и высказать о них мнение. Пожалуйста,
добавьте стих
Хочется пообщаться в блоге и почитать Ваши мысли, пожалуйста,
Или добавьте запись в блоге
Будем рады, если Вы напишете пару комментариев на стихи на сайте.
Вам всего лишь нужно зарегистрироваться
(логин-email-пароль)

Türkmen dilindäki goşgylarym

Автор:
Какаджан Балканов

0

   Чем чаще Вы делитесь стихами в соцсетях и блогах, тем больше Вас читают!

 



Jigim Zöhrejana

 

Meniñ arzyly joram hem ýürekdeş syrdaşym,

Saçjagazyñy sypalap, mañlaýyñdan öpeýin.

Şat günüñe menem şat, ýowuz günüñ gardaşyñ,

Islän çagyñ aýtsañ bor guşuñ süýdün tapaýyn.

 

Ýadap gelsem öñümde, ilki bilen saçak goý,

Hem ýyly süýtden gansyn aryp gelen bedewim.

Sen ojar oduna däl, ýyly mähriñe çoý

Joralaryña däp bolsun señ asylly edebiñ.

 

Sen maña meñzemegin, goý men saña meñzeýäin,

Meger asyllylykda men öñe saýlanaryn.

Boş gürrüñmi diñleme, goý men seni diñläýin

Belki şahyrlykdan akylyma aýlanaryn.

 

Ol ýigit bir gün seni alyp gider uzaga

Nätjek-dä, ykbal şeýle—mydam gyz kesekiñki

Nirde bolsañam maña, hem naçarym, hem jora,

Ýöne ilki öçjek ýyldyz bolmalydyr meniñki. 

 

Awgust  1996

******************************************************************************************************************************

 

Teşnelik hakda

 

Jokrama yssyda, gumuñ içinde

Ýalñyz özüm boýnum burup gelýärin.

Suwsuzlykdan ýaña eñkamym gaçyp,

Kuwwatymyñ kemelýänni bilýärin.

 

                                                                      Agzym kepäp, bütin süññüm pagta deý,

                                                                                 Salgym ýaly süýşüp barýän salgyma.

                                                                                 Sazaklaram çygşyldaşyp pürlerin

                                                                                 Nebsi agyrýar meniñ bu teñ halyma.

 

Ýene bir alañy süýrenip geçýän.

Suwuñ dymyk ysy burnuma urýar.

Gözüm ümezläp dur, pikirim çaşgyn

Şonda-da şol suwa ýalñyşman barýan.

 

                                                                                   Ynha ullakan Köl çaýkanyp ýatyr,

                                                                                    Suwy almaz kimin arassa, dury;

                                                                                    Kölüñ düýbi lagyl-merjenden doly

                                                                                    Altyn balyjak hem şol Kölüñ guly.

 

Men basymrak teşnelikden ganmaly

Hem-de Köli wasp etmäge howlugýan,

Tabyn bolup suwuñ täsin güýjüne

Erkimi eñegme bermeli bolýan.

 

                                                                           Bir owurt turşy suw damakdan geçýär,

                                                                                     Ikinjä gurbat ýok—özümden gidýän

                                                                                     (Bilmedim aradan näçe wagt geçdi

                                                                                     Ýöne Günüñ depämdedigini bilýän). 

 

Indi bolsa gök zeminiñ ýüzüni

Leşger-leşger gara bulut alypdyr

Çagba ähli zady süllümbaý ezip,

Ikindiden bäri dynman ýagyp dur.

 

                                                                                     Goşawuçlap içýän ýagyş suwundan,

                                                                                  Kuwwat berýär damarlarma ýympyk suw,

                                                                                     Indi men bu dünýa täzeden inýän

                                                                                     Hem ýürekde dogýar täze bir arzuw.

 

Birhaýukdan töweregme seretsem,

Al-elwan güller josýar we bark urýar.

Bilbiller o gülden, o güle gonup,

Söýgülerni duýdurmaga howlugýar.

 

                                                                            Ýagyşdan soñ Kölüñ suwy süýjändir.

                                                                                       Ondan meniñ habarym ýok, sebäbi,

                                                                                       Köl suwuna indi mende höwes ýok,

                                                                                       Ruhymy täzelänsoñ ýagşyñ gül aby.

 

Goý süýji Köl teşnelige em bolsun!

Altyn balyjagam şadyýan ýüzsün,

Nogul paýlan ýaly toý güni hemmä

Göwher-merjenlerinden gysganman bersin.

 

 

 

 

Awgust  1996

 

XX asyryñ soñlary—XXI asyryñ başlary. Bäbekhanada

 

Iññä-ä, iññä-ä, iññä-ä

Dünýä indi ýene bir täze adam.

(Sesiniñ haýbaty ýigide meñzeýär).

Ynjalykdan gaçýar bir  yigit hasam,

buşluga garaşyar—örän howlugýar

 

Ýürekde takat ýok, başda—müñ hyýal,

Aýakda ysgyn ýok göwre mejalsyz,

Bir turýar, oturýar, ýene-de turýar,

Hem ýygydan çilim çekýär ol sansyz.

 

Kelle barha güpbiñ içine çümýär,

Şeýdip şum habardan goranýan  ýaly

Daýaw göwre şeýdip birsalym doñýar.

Käwagt bildirmän syrýar gözýaşyn.

 

On iki ýyl garaşdy ol perzende,

Indi bolsa çydanok on minuda

Hem Allany çagyrýar ol her demde,

Hem ýürekde bil baglaýar umyda.

 

Gapy açyldy. Ak ýektaýly bir gyz:

“Durdylyýew kimkä?!”—diýip, sorady.

Ýigit tapdan gaçyp, sägindi biraz;

“Şol men” —diýip, öñe omzady.

 

“Daýy buşluk! Siziñ ogluñyz boldy!”

“Näme diýdiñ? Ýene-de bir gezek gaýtala!”

“Akja guşy” ýigit gujagna aldy:

“Jigim, ýañky sözi ýene aýtsana!”

 

“Utanç dälmi?Hany goýberiñ meni!”

“Bu gün sen meni bagyşlarsyñ jigim.

Götererin başyma täç edip seni.

Aýtsana, sagatjamy täzeje jigiñ?!

 

Adamlar! Eşidýäñizmi hemmäñiz?

Oglum boldy, hem ol maña meñzeşmiş,

Hany, şu şampanskiden ýelmäliñ,

Şeýtseñ bela-beter başa gelmezmiş.”

 

Ýigit buýsanjyndan uçaýjak bolýar,

Hamala dünýa özi inen ýaly

Hem begenjinden çat açaýjak bolýan,

Ýüregne ygtyýar edenok doly.

 

Ep-esli ýyl geçdi şol wakadan soñ,

Ýene ýolum düsdi bir gün şol ýerden.

Şol waka meñ üçin enaýy hem geñ,

Gözlermi baglady ýene-de birden.

 

Maşynyna ýaplanyp dur şol ýigit

(Saçy çal hem bolsa ony tanadym).

Özüni synlaýanlaryny duýup,

Maña salam berdi, başyn yrady.

 

Men oña ýatlatdym köne wakany,

Onuñ ýüzi şol wagt ýagtylyp gitdi.

Gutlap biljekdigimi täze atany,

Ol ýigit ýylgyryp, şatlykly aýtdy.

 

Daşymdan aýtdym: “Ýaşy uzyn bolsun!’

Hem ýalbardym Biribara içimden:

“Goý ol çagañ ady dünýä dolmasyn,

Ýöne rysgy kem bolmsyn hiç kimden.

 

Hem-de onuñ başy dik bolsun mydam,

Ene-atasyna bolsun mähirli,

Hem merdana bolsun, bolmasyn gedem,

Sada bolsun, akylly hem asylly.

 

Ýadyma düşmändir bir zat soramak—

Ogulmy ýa gyzdygyny ol çagañ.

Aý, hökmanmy, çagadyr-da parhy ýok,

Şatlandyrsa bolýar her gamgyn çagyñ.

 

Ýene:  “ Iññä-ä, iññä-ä, iññä-ä, iññä-ä…”

Durmuş dowam edýä, edýä, edýä…

 

Sentýabr  1996

Mary

“Jigit”

Atañ abraýyny jylawlap münüp,

Çapdyñ, çarpaýa galdyñ, sowuga buýduñ.

Depgä, gamça çydamadyk at süýnüp,

Ýatyr indi burup gyl ýaly boýnun.

Fewral  1997

 

Çigit satýan oglanjyk

 

“Poeziýa modadan gaçýar diýýärler”

K. Gurbannepesow

 Köçäñ bir çüñküñde kiçijik oglan

Hem satýar, hem çakýar garaja çigdin.

Sykylyklap, o ýan, bu ýan gezmeläp,

Sowga çydaman gysýar ol kibtin.

 

Öñündäki ýyrtyk ýarty kitapdan

(Bir tanyş şahyryñ şgyr toplumy)

Ussatlarça dolap berýär harydyn

Püre-pürläp elli gramlyk bulgury.

 

Birdenem kitapdan bir bölek ýyrtyp,

Hajathana tarap gitdi ýüwürip,

Üç sahypa okarlyk wagt geçensoñ

“Dükanyna” gaýdyp geldi sygyryp.

 

Wagt tapdymy okamaga kagyzy

O wakadan bize habar näbelli.

Ýöne goşgy ýazyp, kitap çykarmak

Hökmanmyka!?

…Jogap ýok belli-külli.

Fewral  1997

 

 

Handurdy (Han däde) Jumadurdyýewiñ 50 ýaşynyñ toýuna

 

Ýarym asyr ýaşan äpet daragtyñ

nahalka böwrüne ýazylan ýazgy:

“HANDURDY+ACCORDEON=”

Köplerde sungata döretdi söýgi.

 

“Deñdir” belgisinden uzan şahalañ—

biri—Sapar Berdi, biri—Bally Hajy.

Ýene-de biri—Allamyrat Kössek

Orsýetden ýollaýar ol salam haty.

 

Hommat Gara saýa salýar Günorta,

Aman Ýagmyr Gündogary ýyladýar.

Ýene-de bir topar şägirtler

şaha-şaha

eriş-eriş

              gollaryny

488 müñ kw. kilometere uzadýar.

 

Gyşda seni possum edip ýapynýas;

tomsuñ jöwzasynda saýañ halasgär.

Sen saýañda ýaş-juwanlar duşuşýar;

saýañda Watanyn goraýar esger.

 

Señ saýañda läle kakýar çagalar,

oýnaýarlar “Aýterek hem günterek”

Señ saýañda tutulýar:

         SÜNNET TOÝ,

         GELIN TOÝ,

         Tam Toý,

         Ýaş toý.

Señ saýañda günde bişýär ak çörek.

 

Alladan dileýäs güýçli kök-damar,

şahalañ abraýny goramak üçin;

bolmasa eýesiz galyp barýan deý,

“Durdy bagşyñ”, “Haýyt ýykanyñ”, hem “Kiçiñ”.

 

Belki, her ýyl elli ýyllap, ýene-de

nesip etsin çaý içmek señ saýañda,

Ýüreklermiz giñap, galkynsyn göwün,

Elleriñde akkordeonyñ saýranda.

 

Handaragtda gördüm täze bir ýazgy:

‘SATIRA we ÝUMOR+HAN däde’.

Eger-de,

deñdir goýup, “ÝÜZLÜK”, “SAGLYK” sözlerin

yzyna goşsak, gelerdi bir kada.

 

 

Dekabr1996

Mary

 

Gaýa

 

Goturlapdyr bir zaman päki deý ýüzi

Sähel şemal yraýar şor basan başyn.

Möwritiniñ dolananyna ýetýär oñ gözi:

Dag—ömürlik, gysgarak ömri bar daşyñ.

 

Goja dag gerindi-de, birden silkindi

(göýä synalaryny synap görýän deý).

Sarsgynyñ güýjüne gaýa hem tolkundy

Hamala oñ biline biri urýan deý.

 

Port gaýa hallan atyp, indi başaşak…

Çym-pytar çagyl bolup, jülgä ýaýrady.

Gaýanyñ arkasyndan uçan garlawaç

Jürk-jürk edip, pel-pelläp zaryn saýrady.

 

Soñ garlawaç asmanda üç aýlaw uçup,

Oba garşy peýkam deý okdurylyp gaýtdy;

O gapydan, o gapa gözýaşyn seçip,

Ýap-ýañy dagda bolan wakany aýtdy.

 

Gürrüñ berdi mert öüminden gaýanyñ,

Hem äpet göwräñ ýoly beklemänini;

Ýa-da asyrlar boýy akýan çeşmäniñ

Oba gaýdýan ýoluny böwetlemänini.

 

Eý, garlawaç! Belki sen gaýañ ruhusyñ?

 

Fewral  1997

Mary

 

  1.  

Biziñ lukman gelin—saglyk sakçysy

                                                                                           Ýene biri ak pellerde ýygymçy.

                                                                                                   Biriñiz nebitçi, biriñiz alym,

                                                                                             Ýa biriñiz ak süýt saçýan sagymçy.

 

  1. Atabaýew  “Zenan gözelligi”

Perizat, humaý, Aý, gül, jeren, dilber,

Agaýunus, Zöhre, Leýli, Şasenem,

Döndi, Bossantäç, Gül, Meñli, Ogulbeg, —

Hemmesiniñ başlangyjy—How enem.

 

Türkmen gözelleri! Indi bolsa siz :

Biriñiz mugallyma, biriñiz lukman,

“Köpmüñçi ýgymçy”, “gurluşykçy gyz”,

“Gahryman ene” we “köçe süpürýän”.

 

Garym-gatym boldy aýal dünýäsi,

Ýetişmeli olar öýe hem işe.

Gyşa taýynlanýan garynja ýaly

Ýetişiksiz gara günde hemişe.

Fewral  1997

Dagyñ gyzy Güngar

 

Bir gün säher bilen oýandy Güngar,

Ak köýnegniñ ýygyrtlarny sypalap;

Ýañagyna gyzyl çaýansoñ zergär1,

Çalaja gowsundy, fatasyn yrap;

Çalaja hiñlendi bägülin ysgap.

 

Gün şöhlesi bilen girdi hüjüme, —

Altyn dişler serpikdirdi yzyna.

Towlan bolup barmagynyñ ujuna

Ýene zülpün ýaýdy akja ýüzügne,

Ýylgyryp lak atdy özi-ožune.

 

Gün bilen baharyñ mährine ýylap,

Oýandylar kenizlerem Güngaryñ,

Gardan eşiklerni sandyga ýygnap,

 Öwrüldiler halysyna gülzaryñ—

Öwrüldiler aýdymyna Gülnaryñ.

 

Ak köýnegin gök bulaga tabşyryp,

Güngaram beslendi ýaşyl begrese.

…Bulak suwy damarlarmy çilşirip,

Kaýyl borun soñ ýene-de çözlese, —

Ýüregime barýan ýoly yzlasa…

 

1z e r g ä r—şapak

  1998-nji ýylyñ 1-nji marty säher

Mary ş.

 

 

  1.  

“Seniñ üçin men güle öwrülerin,

Ýylatmak üçin Güne öwrülerin”—

Ýyldan-ýyla, dilden-dile ýugrulan

Edebiýat ogrulañ

Gepine ynanaýmañ gyzlar!

 

“Seniñ üçin men küle öwrülerin,

Ýene gerek bolsa pula öwrülerin”—

Sanasañ sogaby bar öwgüleñ,

Hakyky ogrulañ

Gepine ynanaýmañ gyzlar!

08 mart 1999

 

 

Otnositellik teoriýasy hakda.

 

Pyçagyñ her tarapy, —

Ýiti hem Kütek bir gün,

Agşamara işden soñ,

Özara jedel guran.

Ýiti diýipdir: —“Her gün”

meñ boýnuma barja iş:

ulanýarlar hemmeler,

bolsa bir ýerde biş-düş.

Etem, nanam men kesýän.

Soñra ýonýaryn galam.

Konserwanam men açýan,

çorba kesýärin kelem.

Ýüp kesmelem bolsa—

men,

aş kesmelem bolsa—

men,

Nurbat towlaýanam—

men,

Dáşda hyrlaýanam—

 men

Meni hemme sylaýar,

Mañä “Ýiti” diýýärler

Hemmäniñ dilin tapýan,

Şonuñ üçin söýýärler”.

“Señ name abraýyñ bar? —

Ýiti soran Kütekden, —

Eşidýärin käwagt señ

Çalaýmañ bar damakdan”.

 

 

Kütek öz ykbalyndan

Örän razy bolupdyr,

Ýitä gelen gaharny

Syryn bermän ýuwdupdyr.

 

“Meni diñle, Ýiti dost!

Abraýyñ maña görä.

Eger-de men bolmasam,

Gosmazlar seni sürä.

Akylym darrak hem bolsa,

Eýnşteýne-hä düşünýän—

Otnositelligine

Bar jisimiñ şu dünýäñ.

Seniñ bar ýitiligiñ

mañä hem daşa bagly;

Ýöne señ şöhratyñý

Iýmesin pos diýen awy.

 

 

90-njy ýyllaryñ şahyrlarynyñ käbirine

 

Geliñ söhbet edeliñ biz ajap gyzlarmyz hakda,

Köp taryplaýas  olaryñ syratyny, boýuny.

Magtamyzda käwagt öte geçäýmämiz bar, hatda:

Kelle göçüp garyşdyraýýasam çyn bilen oýny.

Häzirem klassyk stilde ýazmak utanç däl elbetde,

Ýöne, bir kada bilen ýöräliñ, durmañ bir çetde!

 

 

Şol bir heñ: gaşy—keman, kirpigi—ok, saçy— ýylan,

(Gyz- gelinlerimiziñ golaýyna barar ýaly däl),

Guw ýörişli perileñ känelýenne men guwanýan,

Ýöne, welin,soñky wagtlar “dag ýarýanam” köpelýär.

Gyzlam, uýalam, gelinlem, size ýene-e diýýän; —

Çyn aşyklygy başaryp bilmez her goşgy düzýän 

 

Mart 1996

 

Şahyr hakda rowaýat

 

Bu rowaýat mälimmiş gadymdan bäri,

Çaklama bar: dörände türkmen dutary,

Babagammar ýa-da Aşyk Aýdyñ pir, —

(Şolaryñ haýsam bolsa bolmagy mümkin)

Şabradanda perdeden ilkinji sazy,

Saz bilen eşidipdir şirin owazy:

”Eý, adamzat! Seniñ bu gudratyñ bilen,

Özüñem haýran galdyñ, añk etdiñ menem.

Yhlasyña medet, ylhamyña bereket,

Ýöne, sen tijen-de, ýene bir zat döret!

Bolmasa, seni günde akýan gözýaşlar,

Sähel wagtyñ içinde horladar, çöşlär.

Söndürip bilmersiñ sen gözýaşyn bilen,

Ylham odun—ýüregiñde möwç alan”

 

Şondan soñ ýüreklerde şygyr gaýnapdyr.

Şygyrlar bolsa aýdym bolup ýaýrapdyr.

Ýene aradan ep-esli wagt geçipdir,

Şygyr hakda gürrüñ patyşa ýetipdir.

Günleriñ bir güni, şa perman ýazypdyr,

Halkyna ýetirmegi jarça buýrupdyr:

“Geljek çarşenbeden patyşañ köşgünde

Aýdym we gazal diñlenjekmiş her günde.

Kim-de-kim goşgy düzüp başarýan bolsa,

Hem-de şanyñ gül ýüzün göresi gelse, —

Hemme myhmanlar üçin gapylar açyk.

Söwüş soýlup, uludan açyljak saçak.

Dañ bilen gelmelidir şanyñ huzurna,

Kim-de-kim boýun egmese şu buýruga, —

Başynda ölüm bardyr, maly talañly

(Gözi ýetýändir muña her düşünjeli-añlyñ)”.

 

Ýedi gün dowam etdi gazal aýdyşyk,

Güýmäpdirler şany özara ýaryşyp,

Ahyrynda patyşa üçüsin saýlap,

Galanyna rugsat berdi serpaýyn paýlap.

Birinjä hemleli ýüzlenip patyşa:

“Eý, it ogly! Sen meni bilýärmiñ? Men şa.

Sen meni adalatsyz masgaralapsyñ,

Bitiren işlerime ýüzleý garapsyñ.

Maña ahlaksyz, akmak, betpäl diýipsiñ.

Ganhor, parahor, namart, ketjal diýipsiñ.

Ganhorlygymy sende subut ederin,

Ertire goýman, şu gün dara çekerin”. —

Diýip, şa ýüzlenipdir ikinjä soñra:

“Hudaýdan gorkañokmy, eý, mezhebsiz ýañra?!

Öwgä başyñ aýlanyp, çakdan geçipsiñ,

Meni “pygamber” diýip yglan edipsiñ.

Şygyrlañ üçin gözden, dilden galarsyñ,

Ýa-da dowzah odunda lowalp ýanarsyñ”.

 

Aşä öwen şahyry ýurtan kowupdyr,

Öte geçeni—dabanyndan soýupdyr…

Soñ şa üçinjiden soranmyş: “Nä beýle,

Ne öwüpsiñ, ne döwüpsiñ? Syryñ çözle!

Aklyña aýlanmak henizem bir pille.

Ýa meñ garşyma gurjakmydyñ bir hile?”

Şahyr boýun egip, dyzyna çöküp: “”Şahym,

Seni ýazgaramda-da egsilmez ahym!

Magtamda-da mertebäm bir garyş galmaz,

Göwnemeýän işimi ýüregim şöýmez.

Gorkulydyr güýçlini dirikä depmek,

Ölenden soñ ýazgarýan— namart hem akmak.

Şonuñ üçin iñ gowusy dymmaklykdyr,

Has gowusy il ugruna yñmaklykdyr”.

 

Üns berip diñläpdir patyşa şahyry

Belli netijä gelipdir ol ahyry:

“Sarpa goýýan hakykaty aýdanyña

Hormat goýdum gazalyña aýdymyña,

Perman yglan ederin—sen indi “Şa hurr1”

(Bu uly hormata başyn egipdir şahyr).

Meniñ raýatymda şu günden şeýläk,

Sen azat. Muny hemmeler goýsunlar  belläp.

Wasp etseñ bor Watannyñy we halkyñy,

Her şygryñ agramna beririn altyny”.

Ynha, şeýdip şahyrdan Şahyr döräpdir,

Eziz halkynyñ mertebesin gorapdyr.

 

Wagtal-wagtal birden düýşmi ýa hyýalmy?

Meniñ göwnüme Şahyr ölmedik ýaly—

Entireklesem mydam golumdan tutýar,

Eger-de ýalñyşaýsam günami geçýär.

Meniñ şatlygyma bile şatlanýar ol,

Yhlasyma aýak goşup batlanýar ol.

Diýýär ol maña: “Mert hem nurana bolgun,

Hemmelere deñ hormat we sarpa goýgun.

Borjumyz pakyra rehimli bolmakdyr,

Şol gamlansa gamlanyp, gülse gülmekdir.

Şöhrat lybasyn geýme, —agyr labyrdyr,

Ýokary uçdugyñça şonça agyrdyr.

Soýseñem, söýülseñem mydam dag bolgun,

Töhmet garasy ýokmaz tämiz gar bolgun.

Ýene-de bir söz: —bir ýazyksyz är bolmaz

Hem ynsaplynyñ ýüzi hiç haçan solmaz”.

 

Öz ykbalyn geljekde çözer adamzat,

Gaýgy, sütem, mätäçlik—bolar hemme ýat.

Şonda şahyrlyk “käri” ömürlik ýiter,

Şeýdip şahyrlar beslän arzuwna ýeter.

 

                                                                       Ş a  h u r r 1(arap) —azat

 

Mart 1996

 

Ömür

 

Obañ çetindäki ýeke şatuta,

Sarpa goýup, ilki men salam berdim.

Onuñ buýsanç bilen dik hem asuda,

Başyny çalarak egenin gördum.

(Menem başym egip köp wagt durdum).

 

Bilmedim otuzmy, kyrkmydyr ýaşyñ,

Belki ellidenem geçip gidensiñ.

Açlyk ýyllarynda bir topar ajyñ,

Ölmän galanynyñ sebäbi sensiñ.

(Gadyr gijelerem geçmezdi sensiz).

 

Tomus saýa bolduñ, arly gyş ýatdyñ,

Ýazda ýüpek bolduñ, güýzüne solduñ,

Şeýdip hemme kişa ýgşylyk seçdiñ,

Aşyklara mydam hemaýat bolduñ.

Şolar bilen bile şat bolup, güldiñ.

 

Indi bolsa, dogan, menden aýp görme:

Her kimiñ mañlaýna ýazylany bar.

Senden aýrylyşmak maña-da urna,—

Şu gün kökleriñe palta urarlar,

Gapak hem-de kädi üçin bölerler.

 

Indi seniñ her ýaşyña bir dutar,

Sañ-gaty süññüñden döretmeli bor.

Hem öz gezeginde bagşy- sazandar,

Seniñ perzentleriñi saýratmaly bor;

Abraýyñy dünýä ýaýratmaly bor.

 

Bolmasa üç ýyldan gurap gidersiñ,

Çapyp-çapyp seni oda ýakarlar.

Şeýdip senem basym ýatdan çykarsyñ…

Seni ösdürene Kur'an okarlar,

Boş galan ýeriñe nahal ekerler.

 

 

“Güllemedim”  diýip hiç ah çekmegin,

Señ gülleriñ bezär ussañ elini.

Şükür etgin keşdä siñip gitmegiñ

Gül bolup kürtesine täze geliniñ.

Sensiñ meñ hem sungatym, hem ylymym.

 

Seniñ ömrün bu gün saza öwrülsin,

Mäkäm ornap ýüregmizde ursun kök.

Ynsabymyz tudanaña ýugrulsyn,

Saña  meñzäp bilsek armanymyz ýok,

Işimiziñ rowaç boljagy hem hak.

 

Razylaşýan ýaly ykbaly bilen,

Şatut ýene çala başyny egdi…

Aprel 1996

 

 

 

Ак гошгы

 

Ak gül, ak saç ak süýt, päkize ýürek, —

Bularyň barysynyň çeşmesi çuňdan.

Men hem şu gün ak ganatly guw guş deý,

Siziň ýüzüňize sepjek ak nurdan.

 

Goý, ol kümüş suwly ak nurlar siziň

Ruhuňyzy galkyndyrsyn elmydam.

Dostlar, ak halady şeýle päkize

Biz ýaly başga-da geýýän barmykan?

 

Aklyk-paklikdir hem wyždanlykdyr,

Ýagşyniýetlik hem-de saplykdyr.

Kimde şu dört gylyk ýetmeýän bolsa,

Ol lukmanyň işi çyn däl, galplykdyr.

Maý 1996

 

 

 

 

Категоризация
Размер: 
Стихотворение
Направление: 
Гражданские
Жанр: 
Лирика
Метки пользователя: 
#поэзия
Статистика
Просмотрено гостями: 
0
Просмотрено пользователями: 
0




Нравится



StihoSlov чат

Необходимо зарегистрироваться и авторизоваться для того, чтобы отправлять сообщения в чат!

Нравится StihoSlov? Щелкай Like!