16+

Скоро день рождения

Autumn_blues
11 Ноя
Аnnа
11 Ноя  (30)
inna42kk
12 Ноя  (43)
Budko
13 Ноя  (43)
NStrekoza
13 Ноя  (30)
Инна Фидянина Зуб...
14 Ноя  (49)
Очарована жизнью
15 Ноя  (47)
Karavas
15 Ноя

Лента новостей RSS

RSS-материал
Последняя новость    С Новым Годом, Стихослов!

МЫ ВАМ РАДЫ!

Очень хочется почитать Ваши стихи и высказать о них мнение. Пожалуйста,
добавьте стих
Хочется пообщаться в блоге и почитать Ваши мысли, пожалуйста,
Или добавьте запись в блоге
Будем рады, если Вы напишете пару комментариев на стихи на сайте.
Вам всего лишь нужно зарегистрироваться
(логин-email-пароль)

Makalalar

Автор:
Какаджан Балканов

0

   Чем чаще Вы делитесь стихами в соцсетях и блогах, тем больше Вас читают!

 



Beýik Ýeňişiň 70 ýyllygyna

Ata Oraz bagşy

 

 

     1942-nji ýylyň awgust aýy aýakapdy. Ýaldyragyň doganyna iki hepdeden gowrak bolanyny demirgazyk-gündogardan öwüsýän salkynjak şemal ýap-ýaňy ýaşan Günüň sarymtyl-gyzyl şapagy bilen sazlaşyp, Türkmengalanyň golaý obalarynyň çekeneleriniň sygyrlarynyň molaýan sesleri bilen örä gitmän ýatakda galan gölejikleriň enelerine möläp jogap berýän sesleriniň, obaň itleriniň ýogynly-inçelei üýrüşlerine siňip gidýärdi.

     97-nji Türkmen atly diwiziýanyň serkerdesi general Ýakup Kulyýewiň diwiziýa serkerdelik edip başlanyna birnäçe aý geçipdi. Gyzylesgerleriň bir bölegi şu günki atyň üstünde geçirilen her dürli türgenleşikden soň atlaryny sypap-sermäp, iýmläp, ýataklaryna salanlaryndan soň we agşam naharlaryny iýip bolup, ullakan güjümiň aşagynda atkeçelerini ýazyşdyryp, bagşy diňläp otydylar—Ata Oraz bagşynyň “Halyndan gara gözlisi” sähranyň agşamky “simfoniýasyndan” aýyl-saýyl bildirip başlady.

     General diwiziýanyň komissary Hajy Seýithanow bilen goşun galasynyň içini göz gezdirip ýörüşlerine bagşyň sesiniň çykýan tarapyna ýuwaş ädim bilen ýöneldiler. Bagşynyň sesi ýakynlaşdygyça, aýdymyň sözleri anyklanyp başlady. Iki serkerde güjüme has golaýlanlarynda, olary uzakdan tanan, bagşy diňläp oturan serkerdeleriň biri ýerinden zöwwe turup, “Göneliň”  buýrugy berjek bolanynda, general çep elindäki gamçysynyň sapyny dodaklaryna degirip, biraz sägindi-de ýaňky serkerdä sag eli bilen aşak çökmegini yşarat etdi we çalasynlyk bilen güjümiň arka tarapyndan gelip, bagşy aýdymyny tamamlaýança, ellerini döşüniň üstünde çilşirip goýup, üns berip diňläp durdy. Gyzylesgerleriň aglabasynyň ünsleri bagşyda bolsa-da, birnäçesi uly serkerdäni görüp ýerinden turjak bolanlarynda, komissar olara elini salgap  ýerinden  turman oturmaklaryny buýurdy. Bagşy aýdymyny tamamlandan soň, general:

  • Berekella, bagşy!  — diýen-de, gyzylesgerleriň barysy ýerlerinden turup, ýüzlerini generala öwürip, gönelip durdylar we general: — Salam ýoldaş kawaleristler! — diýen badyna, gyzylesgerleriň barysy bilelikde:
  • Saglygyňyzy isleýäs, ýoldaş general-maýor!  — diýip, buýruga garaşyp durdylar. General diňleýjilere oturmaga rugsat berdi-de, bagşa ýüzlendi:
  • “Leýli gelini” bilýärmiň? Ara dymyşlyk aralaşdy. Ata Oraz bagşy duýdansyz berilen soraga nädip jogap berjegini bilmän, üzlem-saplamrak jogap berdi:
  • Aý, hawa...
  • Hany, aýdyp ber onda!  — diýip, Ýakup Kulyýew komissary bilen özleri üçin boşadylan ýere geçip oturdylar.

     Bagşy tolgunmakdan ýaňa kepän agzyny bir owurt çaý bilen ölläp, dutary “Leýli geliniň” çekiwine düzmäge başlady. Dutar düzülensoň, bir ardynjyrady-da, käsesindäki galanja çaýy hem owurtlap, özüni mazaly dürseýänçä , on-on iki kakuw  “Leýli gelininiň” sazyny çalandan soň aýdyma başlady:

                                                    Agalar düýeji ilinde,

Gördüm bir Leýli gelini.

                                                    Tirsem täze güllerini

                                                    Aşyklar seýli gelini.

Bagşy aýdymyň her setirini tamamlanda dogumlanyp başlady. Dutaryň aşaky perdelerine düşülende, göýä töweregindäki diňleýjileri unudan ýaly, öýkenlerini howadan dolduryp, sesiniň ýetdiginden:

            Aý-ý-ý, arysy bolsam balynyň,

Bilbili bolsam gülüniň.

Bir sebäp bilen alynyň

Gidipdir meýli geliniň.

Bagşy birneme pessaýlap:

                  O-o-how. Zeňňiler bilen oturan,

Arzyny ýara ýetiren.

Ala öýme, ak göteren

                           Jahangül atly gelin-ow, aý gelin-in-in.

Soň bagşy ýogyn sesi bilen “hügüllini” aýdymyň iki setiriniň mukdarynda çekdirip, “haý-haý, ýyk- ýyk- ýyk- ýyk; haý-haý, ýyk- ýyk- ýyk- ýyk”-yň soňuny ýene hügüldi bilen dowam etdirip, aýdymy  tamamlamana gelende, birden bir zat ýadyna düşen ýaly, ýene aýdymyny dowam etdirdi. Oturan diňleýjiler bagşy säginmän “Leýli gelininiň”  yzyna başga bir aýdymy seplär öýdüp garaşyp  otyrkalar, bagşy dogumly sesi bilen:

Gelipdir bile bolmaga,

    Halymdan habar almaga,

                                                      Bir gije bile bolmaga,

  Gidipdir meýli geliniň.

“Ohho-ow, meýli geliniň, how Leýli geliniň” — diýip, bagşy aýdymy aýdyp gutarandan soň, general gözlerini mekirlik bilen süzdi-de, çalaja ýylgyryp, bagşa tarap çalarak başyny egdi-de:

      —  Haý, bagşyjan, aýdymyň soňky topbagyny özüňden goşduň öýdýän.              Gyzylesgerleriň arasyndaky dartgynlylyk birneme gowşap, bir-birleriniň ýüzlerine seredişip, ýylgyryşyp, özara hümürdeşdiler.  Bagşy generalyň  “Leýli gelininiň”  sözlerini ýatdan bilýändigine geň galyp, eýlesine-beýlesine seredýär, hamala “özümden ökdä duşdym öýdýän” diýýän ýaly ýüzüni aşak sallap oturyşyna, daş-töwereginde nämeleriň bolup geçýäninden  bihabardy. Bagşynyň sag gapdalynda oturyp, onuň käsesine gyzgynjak çaý guýup oturan obadaşy— Çary Sopy ýerinde turdy-da, dikeldi:

     — Ýoldaş general-maýor, Size ýüz tutmagymy rugsat ediň! Gyzylesger Sopyýew. Ata kakamyň yzyndan ejesi bilen gelini görme-görüşe gelipdirler, goňşy obada düşläpdirler, agamyň özi bir sadadan sypaýy adam bolansoň, gönümel ýüz tutmakdan çekinip, aýdym görnüşinde ýürejigindäkini aýtdy — diýip, bir ýylgyrdy-da bagşyň ýüzüne seretdi.

   Bagşy ýüzüniň gyzaranyny gizlejek bolup, başyny aşak egdi, dutaryny oňünde ýatyrdy-da gimnastýorkasynyň ýeňiniň çermewini düzeden kişi boldy. General özi üçin uzadylan käseden çaý owurtlady-da:

       — Öýleneniňe näçe wagt boldy?

       — Şu ýere gelmezimden üç hepde öň...

       — Hmm... Gelniň ady näme?

       — Gurbansoltan.

   Diwiziýanyň serkerdesi komissaryna ýüzlenip:

       — Ýoldaş komissar, bu jigit gelni bilen salamlaşyp geläýse neneňsi bordy?

       — Örän gowy bolar, Ýakup Kulyýewiç! Gyzylesger Orazowyň serkerdesi... — diýip, komissar oturanlara gözüni aýlanda:

        — Eskadronyň serkerdesi — Öwez Gulamow — diýip, uzyn boyly agajet ýigit dim-dik bolup general bilen komissaryň öňünde gönelip durdy.  Oňa  diwiziýanyň  serkerdesi buýruk berip başlady:

         —  Gyzylesger Orazowy şu gün agşamky nyzamdan öň, iki günlük, gelni we ejesi bilen görme-görüşe ugradyň. Birigün agşamky nyzamda atly-ýaragly durmaly. Soňra bagşa ýüzlenip: — Ýaraglaryňy tabşyr, iki günlük öz iýmit paýyňy we atyň arpa paýyny al, ertir däl birigün agşamky nyzamda atly-ýaragly durmaly —  diýdi-de,  general sag eliniň barmaklaryny jüp tutup çekgesine ýetirdi.

         —   Hut şeýle! Hut şeýle! — diýişip, Ata Oraz bagşy we onuň  serkerdesi  Öwez Gulamow  ýerli-ýerden seslendiler.

      General bilen komissar gyzylesgerler bilen hoşlaşyp, ýollaryny dowam etdirdiler, olar biraz arany açansoňlar, Çary Sopy bagşyň egnine kakyp goýberdi:

          —  Seňki çüwdi. Men geplemedik bolsam  oturardyň gözüňi mölerdip, özüňi oňarman geçjek — gomalan bolup, sesini batlyrak çykaryp: —   Geleňde gelnejemiň bişiren ýagly nanyndan meniň paýymy gatatmanjyk getirersiň!

     Bagşy egnine dutaryny asyp durşuna  bir zatlar samraýar, erni ýerine baranok:

          —  Geregiň ýagly nan bolsun, barysy seniňki, sag bol inim!    

     Uruş gutaransoň Ata Oraz bagşy hem, onuň obadaşlary Çary Sopy bilen Durdy Kiçen hem, olaryň serkerdesi — Öwez Gulamow hem sag-aman öýlerine dolanyp geldiler.

     Türkmenistanyň  Prezidentiniň permany bilen Ata Orazowa “Türkmenistanyň at gazanan bagşysy” diýen at dakyldy.

 

 

Kakajan Balkanow

25 aprel 2015 ý.

****************************************************************************************************************************************

Öz halkynyň bagşysy    

  Gulbaba Akyýewiň doglan gününiň 60 ýyllygyna

       Biziň Galaktikamyzdaky Günimize meňzeş iň ýakyn ýyldyzyň şöhlesi, bir sekuntda üç ýüz müňden gowrak  kilometri geçip, Ýeriň ýüzüne müňlerçe ýyldan soň  düşýär, eger-de, miliardlarça ýyldan bäri nuruny saçyp duran ýyldyz sönäýse, onuň söneniniň diňe biziň neberelerimiz birnäçe müň ýyldan soň şaýady bolar.

       1956-njy ýylyň 22-nji aprel aýynda Han Akyýewleriň maşgalasynda milli sungatymyzyň geljekki “ýyldyzy” Gulbabajyk dünýä indi. Elbetde, ene-ata üçin ol bäbejigiň beýleki çagalaryndan hiç hili artykmaç ýeri ýok, olaryň niýeti perzendiniň sag-aman, ulalyp-ösüp, il hataryna goşulyp gitmegi. “Iki aýakly iki günde ” diýileni. Ýaňy emedekläp başlan çagalar oýunjaklaryna okdurylsalar, kiçijik Gulbabajyk bolsa, dutar-gyjaga topulardy; kakasy, Türkmenistranyň halk artisti Han Akyýew saz çalyp otyrka dutaryň sapynyň ujuny dişledäýse, dişlerini açman, tä saz gutarýança, hem gulaklary bilen, hem dişleri bilen diňlärdi. Han aganyň keýpiniň kök wagty hiňlenäýmesem bardy. Günlerde bil gün, Han aga “Zöhre Tahyr” dessanyndan:

 

                         Sensiň köňlümiň hoşgähi,

                         Galmanam senden galmanam.

                         Şeýda bilbil seýilgähi,

                         Galmanam senden galmanam. —diýip, hiňlenende, Gulbabajyk emedekläp gelşine: “Gammamam, gammamam, gammamam...” diýip,  kakasynyň agzyna öýkündi. Han aga hoşal bolup güldi-de, aýaly Amantäje ýüzlendi:

               —Tüweleme, biziň bu oglumyz entek saňa “eje” diýmänkä bagşy boljak.

       Şol günden başlap Han aga ogluna bolan ünsüni güýçlendirdi: ilki bilen öz eli bilen çaga dutaryny ýasady; aýbogdaşyny gurap oturmany, elinde dutar saklap, ýuwaş-ýuwaşdan tarlaryna kakamagy öwretdi. Gulbabajyk özünden näme talap edilýänine çalt düşündi, dutaryna höwes bilen ýapyşdy, her gün bir zat öwrenip, ejesini-kakasyny begendirdi, peltekläp dil bitensoň-a, Han aga oglunyň berýän onlarça soraglarynyň  hemmesine jogap hem tapanokdy. Bir sazyň kakuwlaryny rejeläp, sepleşdiräýmeli bolan-da, Han aga: “Hany, oglum, şujagaz ýerini ýene bir gezek geçeli” diýen-de, Gulbabajyk daşarda oýnap ýören çagalalaryň seslerini eşidip, kakasyna: “Kaka men deýýew geljek” diýer-de, çykar gider. Çaga-da...

       Bagşy halkyň öňüne çykmanka, ilki öz öýüniň bagşysy bolar ekeni. Günleriň bir güni, agşamara Han aga bagşy dostlary bilen otyrka Gulbabajygy diňläp görmegi teklip etdi. Türkmenistanyň  halk ýazyjysy Kerim Gurbannepesowyň goşgusyna, Türkmnistanyň halk artisti Sahy Jepbarowyň sazyna düzülen “Ýarap borka” aýdymy ýaňy tanymal bolup başlapdy. Gulbabajyk dutaryny aýdyma sesiniň oňaýly bolaýjak heňinde düzdi, onuň dutarynyň çekiwine sazandarlyk etjekler— meşhur sazanda Durnazar Hudaýberenow dutaryny, Han Akyýew bolsa gyjagyny düzdiler. Bagşylar giriş üçin aýdymyň birinji topbagyny boş çalyp, çala säginenlerinde, Gulbabajyk näzijek, dogumly sesi bilen aýdyma başlady:

 

                                                           O-o-o-o-o-o-ow, aýtdy-da, sähel säginip:

 

Teýnawlaýdan suwlaý akyp,

                                                            Nowýuz gaýy eýäp duýka

    Biý gyz göýdüm aýna-a bakyp,

                                                            Gaýa saçyn daýap duýka.

 

    Onuň “r” diýip bilmeýänine oturanlar çalaja ýylgyryşdylar. Haçan kiçijik bagşy:

 

                                                           Saçlaryýynyň müňläp taýy

                                                           Ýassanypdyý goşa naýy, diýen-de, diňleýjiler, ýylgyryşyp, bir-biriniň ýüzüne seredişdiler.

 

                                                           Kimkä onuň hyýydaýy?

                                                           Kim ýoluna gaýap duýka, —diýen-de, oturanlaryň biri saklanyp bilmän, pyňkyryp goýberdi.

          — How, bagşym, men bol-a!—Tördäki diňleýjileriň biri ýassanyp ýatan ýerinden bagşyň “how”-yny berdi.

       Bagşy aýdymyň ikinji topbagyny tamamlanynda, ony diňläp oturan, özüne göwni ýetýän bagşylar, aýdym aýdyp oturan kiçijik adamyň “r” harpyny bilmese-de, çyny bilen, göwnejay aýdýanlygyna bada-bat düşündiler, hümür-sümür—özara gürrüňler tapba kesilip, hemmesiniň nazary kiçijik bagşa öwrüldi. Dört ýaşlyja bagşy aýdymyny aýdyp gutarýança diňleýjileriň birindenem ses çykmady.

 

Egeý mende bolsa müň jan,

                                                            Ählijesi şoňa guýban.

...Nädip oňa tapyp deýman,

                                                            Ýüýejigne ýaýap boýka.

 

        Aýdymyň tamamlanyna mähetdel, Durnazar Hudaýberenow Gulbabajygy dutary bilen gujaklap, maňlaýyndan öpdi, gözlerine ýaş aýlap:

            —Tüweleme, tüweleme! Berekella oglum! Beýleki bagşy-sazandalaram oturan ýerlerinden:

            —Berekella,bagşy!

            —Adyň äleme dolsun!

            —Ömrüň uzak bolsun!—diýişdiler.

            —Han halypa, ogluň hakykatdanam çynyny aýdýan bolsa ertir ýeňňem bilen gelinligiň ugruna çykmaly bolarsyň-ow. —diýip, degişdiler. Ilkinji prezentasiýa şowly geçenden soň, ýaşajyk bagşy köpçüligiň öňünde çykyş edip başlady; on ýaşyna çenli 200 gowrak aýdymy ýatdan aýdyp, sazyny çaldy. Olaryň içinde halypa bagşylaryň aýdan we çalan  aýdym-sazlary: “Gelemen”, “Nowgül”, “Akmaýa gerek”, “Sataşdym”, “Owadan gelin”, “Amman-ammnan”, “Begler”, “Balsaýat”, “Humarala”, “Gökdepe mukamy”... Bu görülip-eşidilmedik talanta ynanmak birbada köp kişini şübhelendirdi, ýöne taryha ser salsaň, dünýä belli meşhur kompozitor, Wolfgang Mosart hem Gulbaba ýaly ýaşajykka saz çalyp, saz düzüp, diňleýjileri haýran galdyrypdyr.

        1965-nji ýylda Moskwanyň Kremldäki Gurultaýlar köşgünde we Halk hojalygynyň gazananlarynyň sergisinde geçirilen Türkmenistanyň medeniýetiniň günlerine gatnaşmaga SSSR-iň halk  artistkasy Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewa; SSSR-iň halk artistleri: Medeniýet Şahberdiýewa, Aman Gulmämmedow; Türkmenistanyň halk artistleri: Aýdogdy Gurbanow, Çary Täçmämmedow, Han Akyýew; kompozitorlar: Ata Esadow, Nury Muhadow, Aman Agajykow; Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gara Seýitliýeweiň ýolbaşçylygynda Gulbaba hem gatnaşypdy. Şonda Türkmenistanyň halk artisti Sahy Jepbarow Gulbaba “Ak pata ” beripdi.

        Ýaşajyk bagşynyň at-owazasy dünýä doldy, oňa gelen hatlaryň sany-sajagy ýok. Ynha, bu hat 1965-nji ýylyň 13-nji fewralynda Garabekewül etrabynyň №1-nji mekdebiniň okuwçysy Garýagdy Rejepowdan gelipdir; ikinji hat  1965-nji ýylyň 3-nji aprelinde Polşa respublikasyndan okuwçy gyzjagaz Henrik Kroszozunska ýoldapdyr, bularyň ikisi hem Gulbaba öz dostlugyny teklip edýärler.

        Meniň ýadyma düşýär: 1965-nji ýylyň ýazynda Han aganyň goňşysy gyzyny çykaranda Gulbaba hem toý lybasyny geýinipdir: kellesinde bagana telpejigi, egninde gyrmyzy dony, aýagynada akja keçeden titkilen ädijegi, elinde bolsa kiçijek dutaryny alyp, aýallaryň arasyndan ejesini gözläp ýörkä daýzalaň biri:

             —Gulbabajan bir aýdymjyk aýdyp beräý-dä! — diýende, Gulbabajyk :—Erteki aýdyp ber, onsoň aýdym aýdyp beräýerin, diýip, nagt jojap beripdi. Şol wagt ol çalarak agsaýardy...

        Talant diýiýan zat köpugurly bolýan eken. Gulbabajyk diňe bagşy däl-de, kinoaktýordy hem. Ol 1962-nji ýylda Russiýanyň Sankt-Peterburgda şäherinde  düşürilen“Müň ikinji gije” atly filme surata düşüpdi. Mundan başga-da ol gysgametražly “Bagtly ýaşlyk”, “Ýaşlara sowgat” filmlere surat düşdi. Meret Atahanowyň 1963-nji ýylda düşüren “Daşgaladaky waka” atly çeper filminde Gulbabajyk Han Akyýewin döreden “Öz halkymyň bagşysy men” diýen aýdymyny aýdypdy. Ýazmyrat Şadurdyýew bilen kinorežisýor Şyhmyrat Annamyradow bilelikde “Gulbaba” dokumental filmini surata düşürdiler.

         1966-njy ýylyň 1-nji iýunynda milli türkmen sungatynyň parlak ýyldyzy, biziň çagalyk döwrümiziň kumiri, on ýaşlyja, ullakan bagşy—Gulbaba  Akyýew uzaga çeken keselden soň aradan çykdy. Ol şadyýan ýyldyzyň mylaýym ýalkymy şu günlere çenli ulynyň-kiçiniň kalbyny ýyladyp dur.

         Türkmenistanyň şahyrlarynyň Gulbaba bagyşlap ýazan köpsanly goşgularyny bir kitap edip çykarsa boljak. Şahyrlar Mämmet Seýidow, Aman Annamyradow Gulbaba bagyşlap poemalaryny ýazdylar. Aşyrgeldi Çaryýew öz goşgusynda Gulbabajygy şeýle ýatlaýar:

 

                                                     Ýaradana müň bir şükürli gezýäs,

Ýöne käte ýatlap, kalbymyzy ezýäs,

                                                    “Gulbaba baýragy” ülkäni gezýä,

                                                      Körpelere nusga goýan Gulbaba.

 

       1993-nji ýyldan bäri, her ýyl, Türkmenistanyň Prezidentiniň karary esasynda, Gahrymnan Arkadagymyzyň howandarlygynda, Magtymguly adyndaky ýaşlar birleşigi, ýaş sungat işgärleriniň arasynda bäsleşik geçirýär we baýraklar gowşurýar. Türkmenistanyň  Prezidentiniň permany bilen Mary şäheriniň köçeleriniň birine Gulbabanyň ady dakyldy. Häli-şindi, radio-teleýaýlymda Gulbabajygyň şirin owazy ýaňlanyp dur:

                                                            Adalatly ak göwünli,

Beýik halkyň bagşysy men,

                                                            Öz ilimiň bagşysy men.

 

        Beýik halkyň bagşysynyň ýakymly owazy biziň kalbymyzda öçmez nur bolup, nesillerimiziň ýüreklerinde hem dowam edýär, hoşniýetli sungat bakylygyny dowam edýär.

 

Kakajan Balkanow

2015

*****************************************************************************************************************************************

 

 Meşhur sazanda Durnazar Hudaýberenowyň doglan gününiň 90 ýyllygyna

Bag sazy

 (Oçerk)

         Hormatly, Prezidentimiziň milli medeniýetimiziň we sungatayzyň pajarlap ösmegi ugrunda çekýän il we döwlet bähbitli zähmedi örän ygtybarly we ähmiýetlidir. Gahryman Arkadagymyzyň howandarlygynda, ýyl-ýyldan baýlaşýan medeni mirasymyzyň, kämilleşýän sungatymyzyň mertebesi dost-dogan ýurtlarda-da barha ýokary galýar. Onuň 2015-nji ýylda,  “Ile döwlet geler bolsa” we 2017-nji ýylda, “Parahatlyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly çapdan çykan  kitaplary halkymyzyň arasynda gyzgyn seslenme tapdy we ýurdumyzyň bagşy-sazandalary ol kitaplara ýokary baha berip, baş gollanma hökmünde ulanýarlar. Onuň  meşhur “Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym—Türkmenistan!” aýdymy her gün radio-, teleýaýlymlarda, baýramçylyklarda, toýlarda ýaňlanýar we häzirki zaman—Bagtyýarlyk döwrümiziň aýdymlarymyzyň arasynda öňdebaryjylygyny saklap gelýär. Milli aýdym-sazymyza hormat goýup, bagşy-sazandalara howandarlyk edýäni üçin,  eziz Watanymyzyň parasatly we salyhatly baştutany, mähriban Prezidentimize, merdana türkmen halkymyz gije-gündiz alkyş okaýar.

         Türkmenistanyň meşhur sazandasy Durnazar Hudaýberenowyň ogul-gyzlarynyň we agtyk-çowluklarynyň adyndan, Arkadagymyza bolan minnetdarlygymy şu oçerkiň üsti bilen beýan etmekligi müwessa bildim.

         Baharyň ilkinji günleriniň dynç günleriniň bir güni  hemmeler öýderäkdi. Daň bilen, Gündogaryň şapagy ýaňy gyzaryp başlanda, Durnazar Hudaýberen ogly, düýn gije, öýüniň gapdalyndan akyp geçýän Taňrygazana guran çeňňeklerini barlap çykdy. Olaryň birine bilek ýaly beýlekisine bolsa, kiçiräk—şapbat ýaly lakga düşüpdir. Durnazar balykdan boşan çeňňeklere ýaňadan ýagyş gurçugyny ildirip, suwa oklady-da, öýe tarap ýöneldi we towuklaryna iým berip ýören aýaly—Aýjemala ýüzlendi:

          — Keýwany, bu günem boş däl—diýip, guýruklary bilen urunýan balyklary görkezdi.

          — Her gün balyk iýip, çagalaram berçigipdir. Oňa-muňa dadyraýmasaň, düýnki gowrulanlaram iýilmän ýatyr—diýip, aýaly biperwaý seslendi-de, işi bilen gümra boldy.

          — Güýze çenli sabyr et! Aw möwsümi başlasyn, men seni ördek bilen gazdan doýraryn—diýip, Durnazar tutan balyklaryny arassalap, mazaly duzlady-da,  hasa bilen örtüp, guratmak üçin telärden asyp goýdy.

         Tebigatyň perzendi we onuň muşdagy, Durnazar, dürli öwüşginli şetdaly gülleriniň jadylaýjy müşgine maýyl bolup, bagyň içine girdi. Şetdaly gülleriniň hoşroý ysyndan kükregini dolduryp:

           —Nähili ajaýyp! —diýip, şetdalylar bilen gürleşip başlady: —Siz bu gün nähili üýtgeşik owadan! Toýa şaýlanan gyzlar ýaly, dürli-dürli köýnek geýipsiňiz—diýip, eli bilen bir agajyň bilini sypalap durşuna, tämiz howadan ýene öýkenlerini dolduryp dem aldy. —Näme üçindir gyzlara “Erikgül”, “Nargül”, “Üzümgül” atlaryny dakýarlar-da, “Şetdalygül” diýip dakanoklar-a!? Ýogsa siziň gülüňiz ýaly owadan, näzik gül dünýede barmyka!? —diýip, Durnazar sazanda başga agajyň ýanyna bardy-da, ony boýdan-başa synlap: —Tüweleme! Ýadyňa düşýämi, dört ýyl mundan owal, men seni sowuk urmaz ýaly, peýwendi erige sapypdym, indi gülleriň sany beýlekileňkiden az däl?! —diýip, başga şetdala tarap ugrady, onuň ýakynyna baryp: —Ýaşuly, salawmaleýkim! —diýdi. Ýadyňdamy, sekiz ýyl gül görkezmediň, elime palta alyp, “Çaparyn!” diýip çenenimden soň, hasyl getirip başladyň? Meni bagyşla, gadyrdanym! —diýip, sazanda agajyň düýbüne üýşürilen ýabaklaryň üstüne geçip oturdy. Dokuz hilli şetdalylaryň türkmen sazlarynyň bir-birine meňzeş bolmaýşy ýaly, sap-sarysy, ýumruk ýalysy, içi sapaklysy-sapaksyzy; al ýaňaklysy; ir düwýäni; giç getirýäni—her dürlisi bardy. Sazanda hemmesiniň gylygyna  beletdi.

           Ol bagdan öýe tarap ýöneldi we ýöräp barşyna aýalyna:

           —Aýjemal, hany, boşaşan bolsaň, ýeriňe bar! Düýnkini dowam etdireli, azajyk galdy.

           —Durnazar, suratymdan göçüräýsene! —diýip, Aýjemal başyndan sowjak boldy.

           —Ýarym sagatjyk-la—diýip, Durnazar öýe girmänkä, daşky diwardan asylgy duran radionyň sesini gataltdy.

           —Aý, bolýar-da—diýip, Aýjemal gelneje başyndaky ýaglygyny düzedişdirip, çaklaňja oturgyjy alyp, şetdalyň saýasyna geçip oturdy. Durnazar jübüsinden, böwri deşilip, ýüp geçirilen rezin bozgujyny boýnundan asdy-da, gaty ak kagyzyň ýüzüne çekilip, tamamlanyp barýan aýalynyň portretini  fanere berkidip, oňaýly oturdy. Sünnälenip, inçe, ýogyn ýonulan galamlaryny eline alyp,  başlanan portretiň ýüzüne ýumşak, gaty galamlary gezekleşdirip, arasynda çotgajygy bilen sypalap, barmaklary bilen düzedişdirip, mahal-mahal gapdala çekilip portreti synlaýar. Ýaňy gyzyşyp başlany hem şoldy welin, öýden çagalary—Ogulnabat bilen Döwletmyrat ylgaşyp daş çykdylar.

            —Eje, Jennet oýandy! —diýip, jigileriniň “enekesi”,  Ogulnabat iki ýaşlyja Oguljennediň oýanandygyny habar berdi. Aýjemal oturan ýerinden, gobsundy. Çagalarynyň iň ulysy—ejesiniň birinji kömekçisi, Annabibi, ojakdaky tüňçelere ot berip duran ýerinden, basdaşja jigisine ýüzlenip, ejesine derek jogap gaýtardy:

             —Göreňokmy? Ejem işli. Boşaýança güýme!

            Ogulnabat Annabibä dilini görkezip, öýe girip gidýär. Dört ýaşlyja Döwletmyrat bolsa, eglenmän baga tarap ýönelýär, portrete ýakynlanda sähel salym säginýär-de, boýnuny uzadyp, kakasynyň çekýän suratyny synlaýar; edil kakasynyň mylaýym ýylgyryşyny edip, suratkeşiň ýüzüne seredýär we kakasynyň rugsat berjekdigine birjik-de şübhelenmän, ejesine tarap ýönelýär. Döwletmyrat kellesini ejesiniň egnine goýýar. Aýjemal oglunyň ýaňagyndan öpüp, egninden gujaklaýar. Alaç ýok, indi bir adama derek ikisini çekmeli boljak...

            —Gymyldaman oturgyn, oglum!

            —Bolýar, kaka—diýip, düşbüje Döwletmyrat kakasyna wada berýär we tä suratkeş olara rugsat berýänçä sarsman oturýar. (Oňa 2014-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň permany bilen “Türkmenistanyň at gazanan artisti” diýilen at dakylar.) Suratkeş bu günlükçe “boldum” etdi-de, zatlaryny ýygnamaga durdy. Onýança, radio: “Halk aýdymy—“Karar oldum”, ýerine ýetirýär—Nursähet Halsähedow” diýip, yglan edýär. Radiodan gargy tüýdügiň gyryljak owazy eşidilýär, haçan-da bagşy:

                                  “Çykdym güller seýran edip,

                                   Ge-el, ýarym, ýarym, ýarym, ýarym!

                                   Görmeýen bikarar oldum...” —diýende, Durnazar, goýunlaryny örä äkitjek bolup agyla tarap ýönelen, uly ogly—Jumamyrada buýurdy:

          —Jumamyratjan, bar oglum, öýden dutary alyp çyk, çaltrak!

        Ýedi-sekiz ýaşly Jumamyrat hyrra yzyna öwrüldi-de, öýe tarap “ýelk ýasady”.  (Ol  Türkmenistanyň at gazanan artisti  Döwlet Ballykow bilen bilelikde 1994-nji ýylda geçiriljek “Ýaňlan diýarymyň” ýeňijisi bolar.)

        Bagşy: “ Mejnunymy men ýat edip” diýýänçä, Durnazar onuň sesine derrew dutaryny düzdi. Sazanda aýdymy ahyryna çenli diňläp:

        —Bäh, bu owazyň süýjüdigini! Gargy bilen örän gowy gelşipdir. Munuň sazyny dutara geçirmeli—diýip, radiodan ýaňlanýan indiki aýdyma üns bermän, “Karar oldumy” öwran-öwran çalyp, ony birnäçe hepdeden bir “durkuna” getirdi—şeýdip, özüniň dutarda kämilleşdiren “Çykdym gülleriň” ikinji nusgasyndan başga, täze, üçünji— “Karar oldum” sazy dünýä indirdi. Indi ol aýdymy  gaýgyly nusgada gyjagyň, gargy tüýdügiň zaryn sesine goşup hem aýdyp bolýar; aýdymyň asuda görnüşini dutaryň mylaýym sesine goşup hem aýdyp bolýar. Aýdymyň zaryn owazly nusgasyny Leýli, Mejnunyny göresi gelip içi gysanda aýtsa; ikinji—birneme şadyýan nusgasyny kenizleri bilen seýle çykanda, aşygyny wagtyhoş halda ýatlap aýdýar.

         Adamyň durmuşynda her dürli hadysalar bolup geçýär. Baharyň gül seçip, müşk saçýan günleriniň bir güni, Durnazar sähranyň goýnyna gyzyl güläläk bilen ýazylan “halynyň” üstünde oturyp saz çalyp otyrka, dostlary biri üm bilen onuň dutardan ünsüni sowjak bolup, barmagyny gülleriň arasy ýuwaşlyk bilen süýşüp gelýän guşlary görkezýär.  Sazanda “Degmäň!” manyda başyny ýaýkaýar. Saza maýyl bolup gelen guşlar kesekatym ýere gelip, säginýärler we butnaman dutaryň owazyny diňleýärler. Ýokary bilimli biolog mugallymy, sazanda, kakuwyny haýallatman çalyp oturyşyna ýoldaşlaryna gürrüň berýär:

         —Ho-ol, ganatlary we guýrugy gara ala saryguş—dag geçiguşy, Motacilla flava. Bu guş yssy düşýänçe bizde birki aý myhmançylykda bolup, soň uçup gidýär, ýöne saýrap bilenok. Anha, ol guş bolsa, —diýip, sazanda boýnuny çala saga öwürip, ganatlary guýrugy goňur, depesinden boýnunyna çenli gara zolakly, gursagy we garny açyk reňkli guşa gözüni ümläp, —biziň öz guşumyz—ojar serçesi, Passer ammodendri . Biraz öwrenişensoň ol bize saýrap hem berer. Edil şoňa meňzeş onuň doganoglany—çöl serçesi-Passer simplex hem bar. Ol hem saýraýar ýöne her bir sazyň öz owazy bolşy ýaly her guşuň hem özboluşly saýraýşy bar—diýip, dutaryň kakuwyny haýalladan-da, ojar serçeleri: “Bagşy, haýallama, çal, ýene çal!” diýýän ýaly şadyýan jürkülleşdiler. Sazanda çalyp oturan sazyny kesip, ojar serçeleriniň owazyna gelişäýjek,   ilkinji gezek  “Näzli baýramy” çalyp olary “kowalady”. Guşlar hem özlerinden näme talap edilýänine düşünýän ýaly, çüňklerini göge tutup, guýruklaryny ýelpäp, ýerli-ýerden saýraşyp başladylar. Diňleýjiler: Durnazaryň dostlary, sary dag geçiguşlary butnaman, öň görülip-eşidilmedik,  özboluşly tebigy “ansamblyň” konsertini haýran galyp diňlediler.  

         Türkmenistanyň halk artisti Han Akyýew: “Durnajan (Durnazar Hudaýberenow) ýaly edepli asylzada sazanda ýurtda ýokdur. Edil ulygyz ýalydyr, ýetişen gyzyň bolsa arkaýyn ikisini bir jaýda goýaý, çaksyz ygtybarlydyr”  diýip, gürrüň bererdi.

         Obaň çetinden “IŽ-49” kysymly motosikliň “tar-tar-tar” diýen sesi ýakyna golaýlanda, Durnazar:

        —Han dädäň motory... Han däde gelýär!—diýip, begenjine ýüzi ýagtylyp gitdi.

        Hakykatdanam, ol—Han Aky ekeni, özi hem ýeke däl, ogly—Gulbabany alyp gelipdir. Iki sazanda gujaklaşyp gadyrly görüşdiler. Han Aky gele-gelmäne “hüjüme” geçdi:

        —Durnajan, geçen gezek “Burny aşagyň” garba-gürbe—towlanýan ýerini çalamda, sen  “nädogry alýaň” diýipdiň. Öýe baryp, gramplastinkamy öwran-öwran diňledim, edil Mylly agaňka meňzedip çaldym. Allajanlarym, ýolda gelýäkäm ýatdan çykmadyk bolaýady-da—diýende, Durnazar ýylgyrdy. Soň ol ogluna:—Bar oglum, dostlaň bilen görüş! —diýdi.

         Gulbabajyk dosty, Jumamyrat bilen Taňrygazana düzülen çeňňekleri barlamaga gidensoňlar, Durnazar  Han aga ýüzlenip: on ýaş dagy uly bolansoň, oňa “däde” diýýärdi.

         —Däde, ýör öýe gireli-le!—diýip, dostunyň goltugyndan tutdy. Han Aky Durnazardan on ýaş töweregi uly bolansoň, oňa “däde” diýýärdi.

         —Ýok, inim. Men seň bagyňy görmek  üçin oglumy hem ýanym bilen ýörite alyp gaýtdym. Bagda oturaly. Şular ýaly “jennet” ýene bir ýerlerde barmyka!? —diýip, ýüzüni baga tarap öwürip, öwran-öwran   tämiz howadan dem aldy.

        Bagyň içindäki agaç sekiniň üstüne geçip, ellerine dutarlaryny alansoňlar çekeleşik güýçlendi. Hersi özüniňkini dogry hasaplajak bolýardy. Ahyrsoňy, patefony getirmeli boldy...

        Durnazar gramplastinkany goýdy-da, patefona tow berip, ses alýan iňňesini emaý bilen gramplastinkaň üstüne goýdy. Han aga gulagyny patefonyň ses çykýan tarapyna golaýladyp:

        —Anha, eşitdiňmi? Men hem solar ýaly alýan-da!

        —Han däde, seňki hem biçeme däl, özboluşly, ýöne edil asyl nusgasy däl-dä.

        —Sen näme, halypaň—Durda meňzedip çalýaňmy? Ýekeje zadyňyz, hat-da ikiňiziň kakuwyňyzam-a gabat gelenok—diýip, Han Aky dyzady.

        Hakykat: Durnazar, halypasy— Türkmenistanyň halk bagşysy, Durdy Myradowdan köp tilsimleri öwrenen hem bolsa, ikisiniň çalýan sazlary bir-birine kybapdaşrak, ikisiniňki hem şirin, süýji çyksa-da, asla bir-birine meňzänok. Mysal üçin:  “Ol ýylan” bilen “Halyndan gara  gözlüniňi” Durdy Myradow kiçi oktawanyň fa-diýez minoryna (lýa mažora) düzüp çalsa, Durnazar Hudaýberenow hem şol oktawanyň biraz ýokarragyndan—fa mažoryna düzüp çalýar; “Ol ýylanda”: “Gara gözüň jan almanyň kastynda”—diýip, bagşy aşaky perdä düşüp gygyrýan ýerini Durnazar Hudaýberenow bir gezek çalsa, Durdy Myradow  iki gezek düşýär, ýagny, Mollanepesiň goşgysynyň “Käte öýmesini başyna orap, käte şana bilen zülplerin darap...” setirler bilen başlanýan dördünji topbagynyň hem bardygyny ýatladýar. Sazandalar bu iki sazy birmeňzeş, ortatap tempde (moderato), çalan hem bolsalar, kakuwlary bir-biriniňkä sähelçe mezeýän hem bolsa, Durnazaryň owazy gaýgylyrak, Durdy agaňky birneme şadyýan eşidilýär.

         Durnazar halypa öz kämilleşdiren, “Söýli halanynyň” mary nusgasyny si-bemol minoryň ritminde çalyşy gaýgylyrak (dolento) eşidilse-de, edil göwnüçökgünli-melanholiki (malinconico) däl, gaýtam mylaýym-näzik (sowamento),  mähirli (accarezzevole) ýaňlanýar.  Her bir saz özüniň ýeke-täk düzüwinde (çekiwinde) çalynýar. Mylly agaň “Humaralasyny”, “Jepbar Hansähedowyň “Şirin-şekerini”, Çary Täçmämmedowyň “Dostlugyny” çekiwini üýtgedip çalyp gördüler... Ýakymlylygam ýitýän eken, lezzetem. “Söýli halanyň” hem düzüwini üýtgedip çalsaň,  onda onuň bar owadanlygy we nepisligi (elegante) ýitýär. Her sazyň öz düzüwini (çekiwini) takyk tapmaklyk ukyby ussatlygyň ýokary derejesine ýeten bagşy-sazandalara mahsusdyr. Elbetde, bagşylar  sesiniň ýetäýjek derejesini peýläp, sazyň çekiwini özleriçe, islän oktawasyndan we notasyndan düzýärler. Bu babatda olara erkinlik berilendir.

         Aýazly gyş aýlarynyň birinde Durnazar sazanda bir toýy sowup, ikinji çakylyga gelende, gije ýaryma golaýlapdy. Ol bagşylaryň saz-söhbet edip oturan jaýynyň gapysyny açanda, diňleýjilerden  hyryn-dykyn dolan jaýyň içninde oturara ýer ýokdy. Oturanlar gysylyşyp, eli dutarly sazanda ýer berdiler. Iki  ýaş bagşy  ýap-ýaňy aýdym aýdyp, birneme dynç almak üçin gyra çekilipdirler. Ortada sazandaň şägirtleri, Bäşim Geldi bilen Agamyrat Nury ikisi  goşulyşyp, “Garry ezizimi” çalyp otyrlar. Toýçylyk-da. Durnazaryň egnine ýaplanyp oturan serhoş badakly dili bilen: “Aý, berre-kella! Mme-en bol-a! Gör-ä how, onuň edäýşini!—diýip, ýeke özi sazandalaň “häsini” berip otyr, arasynda Durnazara öwrülip: “Agam, senem bagşymy?” , sazanda: “Ýok” diýip, ýuwaş sesi bilen jogap gaýtarýar. “Onda-da eliňde dutar bar!?”, Durnazar: “Men sazanda” diýip, sypaýyçylyk edýär.

        Sazandalar sazy tamamlan badyna, ikisi hem ör turup, halypalaryny töre çagyrýarlar:

         —Halypa, salawmaleýkim!

         —Bärik, biziň ýanymyza geçäý, halypam! 

         Durnazar halypa oturanlara salam berýär-de, orta geçýär-de, ilki bilen “Jelili”, soň “Zybagözeli” tamamlap, “Köçe bagyna” geçende, ýaňky serhoş oturan ýerinden:

         —Aý, bagşy aga, arasynda birki heňem gaçyryp goýbersene!—diýip, şol bir gaýtalanyny gaýtalap, çalynýan sazyň mazasyny alyp otyr.—Sendenem bir bagşy bormaý! Ahyrsoňy, ömrüne birjik gatyrganmadyk  Durnazaryň sabyr käsesi dolup:

         —Ah-how, inim! Bäbekkäň eneň hüwdüsinden ganmadygyňa men günäkär däldirin-ä, how! —diýende, oturanlar gyzyl-gyran gülüşdiler. Asylly, ýumşak Durnazar, ýigidiň göwni galmasyn, diýip, aýdym aýtmaga hyýallandy. Durnazar halypa örän seýrek aýdym aýdardy we elmydama dutaryň sesi güýçli ýaňlanar ýaly, kirişleri inçe sesli oktawa sazlap, aýdymy güýçli bolmadyk, mahmal bariton sesi bilen, bir basgançak ýokardaky, ýogyn oktawada aýdardy. Üç sazanda “Aşyk oglany” ýaňlandyryp başlanda, irkilip oturanlara “jan girip”, ýerinden gobsundylar. Bagşy:

O-o-o-o-o-o-ow.

Suw boýunda duran oglan,

O-o-ow. Ýap boýunda duran oglan,

Ýareý, ýareý, ýar-ow,ýar-eý,

Okun-ýaýyn geren oglan.

Geren oglan, geren oglan.

Bilezigmi alan oglan,

Alan bersin bilezigmi.

          Bagşy hemmeleriň bu söýgüli aýdymyny, ilki aýdyp, diňleýjiler haýyş etmänkä öňürtdi. Soňundan yzly-yzyna “Pelek ömrümiň” heňine “Jahanda näler görüneri”, “Jelili”, Girman bagşynyň “Gürjüniňini” “sugşyrdy”.  Bagşy bogazyna dynç bermek üçin şägirtlerine ümledi. Ilki, ýapbal-ýapbal “Çoh derde goýan ýarymdan” başlap, üç dutardan düzülen ansambl gyzyşyp, “Sataşdyma” ýetdi, soňundan “Balsaýadyň” dört nusgasyny hem sepleşdirip goýberdiler...  

         Durnazar halypa “Söýli halandan” soň Türkmenistanyň halk bagşysy Magtymguly Garlyýewiň “Oýan” aýdymyny dutarda abadanlaşdyrýar we kämilleşdirýär. Durdy Myradow oňa:

        —“Oýan” ýaly çylşyrymly sazy, meşhur eden sazanda, onda bu sazy hem ile çykaryp biler—diýip, “Neýläýiniň” gysgarak görnüşini çalyp görkezýär.

        “Şägirt halypadan ozdurmasa, kär ýiter” diýleni, —birnäçe aýyň türgenleşigi miwe berdi—örän çylşyrymly, dürli-dürli kakuwly, ýakymly owazly, başdan-aýak tolgundyryjy, ilkinji nusgasyndan ha kämil,  üýtgeşik täze saz—“Neýläýin” döredi. Sazandanyň özüniň gürrüň bermegine görä “Neýläýiniň” üstünde işläp otyrka, iki sany gumry “workuldaşyp” onuň golaýyna gelipdirler,  ussat sazanda ol guşlaryň sesini hem saza geçirip goýberipdir. Ondan soň yzly-yzyna: “Zybagözel”, “Haraýym Döndiniň” mary nusgasy, “Nergiz”, “Durhenuz”, “Ýedi maňzar” bilen “Jeliliň” birnäçe nusgalary...

          Sazanda Maryň çäginden çykyp, Ahal sazlaryny özleşdirmäge başlady. Onuň “Zelil göwnüm”, “Burny aşak”, “Gelemen”, “Heserli”, “Dagarman”, “Babasen”, “Ýoluksa”, “Meşrep”, “Berkeli çokaý”, “Selbinýaz gyrk” atly çalan halk sazlary saz muştaklarynyň hususy arhiwlerinde saklanyp gelýär.

         Ýaş sazanda bilen ägirtler: Mylly Täçmyradow, Pürli Saryýew, Çary Täçmämmedow dagylar gyzyklanyp başladylar. Türkmenistanyň halk bagşylary Bally Mätgeldiýew, Tüýli Otuzow, Giçgeldi Amanow, Türkmenistanyň halk artisti Han Akyýew dagy bilen has hem ysnyşykly gatnaşykda boldy. Bagşy-sazandalaryň arasynda “ Humaralany”, “Hajygolagy”, “Mukamalar başyny”, ”Neýläýini” çalan sazanda hemme sazlary çalmagy başarar” diýen gürrüň ýaýrady.

         Durnazar Hudaýberenow, ýigrimi alty ýaşynda, 1953-nji ýylda, halypasy—Durdy Myradow bilen Aşgabada gelip, ýazgy edýärler. Ýyl geçdigiçe kämilleşip, sazandaň repertuary giňeýär, ýene-de birnäçe gezek ýazgy edýär. Onuň goýup giden nusgawy sazlary şu günlere çenli yzygiderli radioýaýlymda ýaňlanyp dur (gynansagam onuň telekamera düşürilen ýazgysy ýok).

         Durnazar Hudaýberenow 1953-55 ýyllarda Moskwanyň Halk hojalygynyň gazananlarynyň sergisinde geçirilen Türkmenistanyň medeniýetiniň we sungatynyň günlerine gatnaşýar we türkmen halk saz-gurallarynyň topary bilen Çehoslowakiýa döwletinde gastrolda bolýar. 1971-nji ýyllan başlap Türkmengalanyň “Sähra gülleri” atly aýdym-tans ansamblyna ýolbaşçylyk edýär.

         Sazanda-kompozitoryň döreden sazlary: ”Halypama”, “Daglanan ýürek mukamy”, “Azerbeýjan dostuma”, “Özbek dostuma”, “Murgap tolkuny”. Onuň täzeden işläp, kämileşdiren sazlary: “Oýan”, “Neýläýin”, “Zybagözel”, “Karar oldum”, “Söýli halan”, “Jelil”, “Nergiz”, “Şordan tapyldy”, “Çykdym gülller”, “Ýedi maňzar”...

         1982-nji ýylyň dekabr aýynyň on dördüne, ýapraklaryny düşürip, uly çilläniň ukusyna giden sazandaň bagyndaky şetdalylar bir zatdan gorkan ýaly tisginişip gitdiler; Taňrygazanyň dup-dury, ýalpak suwy tolgunyp, üstüne abanyp duran agaçlaryň kölegelerini egrem-bugram edip bulaşdyrdy...  Bu gün meşhur, ussat sazanda, asylzada Durnazar Hudaýberenow aradan çykdy. Bu ajy habara halypaň dost-ýarlary, şägirtleri ilkibada ynanmadylar...

                   Miweli agaçlar ýylaşa hasylly bolýar—bir ýyl bol getirse, indiki ýyl “dynç alyp”, güýç toplaýar. Halypaň ölüminden soňky ýyl, ýa güllerini sowuk urdy, ýa ýaňy düwen miwelerini ýel gaçyrdy—belli däl, şetdalylar ujypsyzja hasyl berdi. Hatda, iýul-awgust aýlary täze, ýaş baldaklaryň çetreýän  döwründe agaçlaryň hemmesi biragyzdan “dymdylar”. Soň... Soň bolsa, ýuwaş-yuwaşdan biriniň, soň beýlekileriniň çür depesi, beýlekisiniň bir gapdaly gurap başlady...      

Sazandaň maşgalasy bagy halas etmek üçin golunda baryny etdiler: haşal otuny orup, ýerini agdardylar; agronom-biology çagyrdylar; dermanladylar... Bu gözgyny hadysany synlap duran, köpi gören bagban, halypaň oglanlaryna ýüzlenip: “Eý, inilerim, sanalgyň dolsa gidibermelidir, kysmata çäre ýokdur! Bular hem janly ahyryn. Möwriti dolandyr... Ýa eýesiniň hasraty agyr düşendir...” diýdi.

         Beýik sazandaň şetdat “şetdalylary”—ogul-gyzlary: Jumamyrat, Döwletmyrat, Oguljennet, Gültäç, Begmyrat, Ogulmaral, Atabaý dagy maşgala ansamblyny düzüp, birnäçe gezek radio-, teleýaýlymda çykyş etdiler. Olar aýratynlykda-da eziz Watanymyzyň milli baýramçylyklarynda yzygiderli çykyş edip durlar. Türkmenistanyň at gazanan artisti Döwletmyrat Hudaýberenowyň ogullary—Şükür, Nurýagdy Türkmenistanyň milli konserwatoriýasyny, gyzlary—Nergiz, Gülnur Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky sazçylyk mekdebini tamamlap, medeniýet ulgamynda zähmet çekip ýörler.

         Türkmengala etrabynyň Durnazar Hudaýberenowyň adyny göterýän sazçylyk-sungat mekdebine gezelenje baran adamlar, sazandaň gara galam bilen çeken nepis suratlarynyň sergisini synlap, zehin atly hazyna nesip edende, tutyşlygyna peşgeş berilýändigine göz ýetirýärler.

         Ägirt sazanda birnäçe şägirt ýetişdirdi:  Orazgeldi Hallyýew, Muhammetabdy Sähedow, Bäşim Geldiýew,  Aşyr Nurlyyýew, Agamyrat Nury; elbetde, öz ogullary: Jumamyrat we Döwletmyrat Hudaýberenowlar. Aşyr Nurlyy hem sazanda, hem ussa; onuň elinden çykan dutarlary güneşli ýurdymyzyň ähli künjegine ýaýrady. Onuň ýasan ilkinji elektrodutarynda, Durnazar Hudaýberenow, Bäşim Geldiýew we Agamyrat Nuryýew, Mary welaýatynda ilkinjiler bolup türkmen sazlaryny ýaňlandyrdylar.

           Hormatly Prezidentimiziň sungata, sungat işgärlerine sarpa goýuşy çäksizdir. Ol hormat goýup, 2013-nji ýylda merhum bagşy-sazandalara, artistlere: Şükür Kulyýewe, Täçmuhammet (Bally) Hajyýewe, Çary Hekimowa “Türkmenistanyň at gazanan artisti” diýen hormatly at dakdy. 2016-njy ýylda, Garşsyzlyk baýramymyzyň öňisyrasynda merhum bagşylary: Myrat Sadykowy, Ödenyýaz Nobatowy, Ilaman Annaýewi, Nurjemal Adyýewany, Akjagül Myradowany, Roza Hudaýbergenowany “Watana bolan söýgüsi üçin” medaly bilen sylaglady.

          Mähriban Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli, halkara ähmiýetli alyp barýan işleri rowaç alsyn! Goý, onuň we onuň maşgalasynyň başlary dik, janlary sag bolsun! 

          

 

Kakajan Balkanow,

awgust 2017 ý.

**********************************************************************************************************************************

2016 ý.

*********************************************************************************************************************************************

Ir sönen uçgun

 

 

(Döwran Täçmämmedowyň Maryda bolan pursatlaryny ýatlap)

 

         Döwran Täçmämmedowy ilkinji gezek gören pursadymyň senesi meniň hakydamda galmandyr: güýz ýa ýaz aýlary bolmaly, sebäbi howa çigregräkdi. Dutar ussasy hem sazanda Nurmyrat Akmyradowlara “Essalawmaleýkim!”  diýip, bosagadan  gyzyl mahmal balaga gaplanan dutarynyň boýnundan gysymlap, uzyn boýly, syrdam, agajet ýaş ýigit girdi-de, bir gapdala çekilip, ýylgyryp, içerde oturanlara göz aýlady. Onuň möwsüme görä geýnen egin-eşikleri: başyndaky gara fetr şlýapasy, egnindäki iňňeden çykma garamtyl makintoş plaş-paltosy ony has hem howalaly hem syratly görkezýärdi; boýnuna oralan gar ýaly ak ýüpek boýunoragy (kaşnesi) we balkyldap duran, ullakan, çyrag ýaly gara gözleri bugdaýreňken açygrak inçemik mährem ýüzüni ýagtyldyp, has hem nurlandyrýardy.  Ony gyrmyz don bilen silkme telpekli göz öňüne getirseň, dessanlardaky aşyk Garyba meňzeýärdi.

         Saglyk-amanlyk soraşylansoň, ahally myhmanyň hormatyna giň saçak ýazyldy. Çaý-nahar iýilensoň, aýdym-saz, bagşy-sazandalar barada birneme söhbet edildi. Soň, öý eýesi, myhmanlaryň  Döwranyň dutarynyň düzülmegine sabyrsyzlyk garaşýandyklaryny ýatlatdy.

         Döwran, atasy—Türkmenistanyň halk artisti Çary Täçmämmedowyň  “Dostluk” sazyndan başlap indi iki sagat töweregi  “Göroglynyň at oýnadyşyny”, “Hajy golagy”, “Jerenimi”, “Senem geldini”, “ Kepderini”, ”Gyrklary” dynyp, “Saltyklary” boýlap otyrdy.   “Saltyklary” çalyp dynanasoň, kebzesinden agyr ýük aýrylan ýaly uludan dem alyp, ellerine dynç bermek maksady bilen saýhally sazlayň biri bolan “Öltüreri” sepläp, hakydasynda indiki çaljak sazlaryny seljerdi. Onýança öý eýesiniň ogullarynyň biri gelip, Döwrany telefona çagyrýandyklaryny aýdyp gitdi. Döwranyň ýarym ýumulgy gözleriniň hanasy çala giňän ýaly bolup gitdi, owadan gözleriniň garasy telefonyň sesi gelen tarapa emaý bilen çalaja öwrülen ýaly etdi-de, gara, gür kirpikli gabaklary emaý bilen aşak inip, gözleriniň garasynyň ýarsyna ýetip saklandy.

         On iki süňňüni dutaryň owazyna  daglap oturan diňleýjileriň nazary bir ýere—Döwranyň gözlerinde jemlendi. Döwran synlanýanyny duýup, ýaňaklary gyzardy, ardynjyrady we çalyp oturan sazyny gyssanman tamamlady. Sazanda dutaryny bir gapdala goýanyna mähetdel, Türkmenistanyň at gazanan artisti Agamyrat Öwezmämmedow köp manyly ýylgyryp:

          —Inim, öltürmäkeler basymjak baraweri! —diýip, “loh-lohlap” güldi. Döwran çykyp gidensoň, Agamyrat dowam etdirdi: —Döwranjanyň gelinliginiň maryly bolanlygyna begeniň-how, bolmasa zol Aşgabada gatnap ýörmeli bolardyk! Edil şu wagt-a eldeki tokly ýalyjak öz aýajygy bilen Mara gatnapjyk ýör. Öýlenensoň-a,  didaryna zar bolarys.

          Döwranyň gelinligi hem özi ýaly Türkmenistanyň milli konserwatoriýasynyň talybydy. Ol gyz maryly bolansoň, tomus-gyş dynç alyş günlerinde Döwranyň bir aýagy Marydady. Döwran söýgülisi bilen ýarym sagada golaý telefonda gürleşensoň, ekezlenip geldi-de, täze hyjuw bilen “Gyzdurdy” bilen “Burnaşakdan”,  başlap, “Şirin-şeker” bilen “Balsaýatda” tamamlady. “Gyzdurdyny”, ortalaberende, Agamyrat Öwezmämmedow başyny ýaýkap:  “Eýläňe öwrülip diňleseň, Çary aga çalýarmy, Ata Täçmämmet çalýarmy, ýa Döwran—saýgarar ýaly däl”. Döwran “indi boldum” edip,  dutarynyň ýüzüni aşak edip ýatyryp goýdy-da, Nurmyrada ýüzlendi:

         —Hany, Nurmyrat halypa, indi sen dowam edäýsene! —diýdi.

         Nurmyrat çepbe ilki “Kerem geldini” çalyp, soň “Baba seni” tamamlan badyna, Döwran dutaryny ýerden garbap aldy-da:

         —Halypam, ýaňky “Baba seniň” soňky bölegini—gutarýan ýerini ýene bir gezek görkezsene! Gökdäki dilegim ýerde gowuşdy, şojagaz ýerini kimden öwrensemkäm diýip ýördüm—diýip, janlandy. Nurmyrat ýylgyryp:

           —Inim, şojagaz ýerini öwrenmek üçin men, halypam—Çary suwçyň (Çary Sähetmyradow) ýanyna iki gün gatnadym. Senem gör-dä, ýeňil-ä düşmez.

          Döwran “Baba seni” Nurmyratdan nokatma-nokat diňläp, bu owadan sazyň iň labyzly ýerini—edil gitaranyňky ýaly, dutaryň ýokarky taryndaky çylşyrymly şelpelerini—akorda meňzeş goşa basuwly owazlaryny dutaryň jüp tarynda bir sagada ýetirmän özleşdirdi. Ol “Baba seniň” iň kyn ýerini öwrenenine begenip, uçaýjak bolýardy. Onýança diňleýjileriň içninden edil Döwran ýaly ýaş ýigit:

           —Döwran, seň öz düzen sazlaryň barmy?

           —Aý, men entek kompozitorlyk derejä ýetemog-a; onsoňam, iki atam bilen kakam dagy düzmäge saz goýupdyrlarmy, näme?!

          —Onda, “Humaralany” çalsana—diýip, ol ýigit bagşyny “sypdyrmady”. Döwran oňa ýylgyryp:

              —Hä... Indi dutaryňy goýaý diýsene! —diýdi-de, sypaýyçylyk bilen: —Sen göwnüňe alma, dost. Men atamyň sazlaryny ýaýdana-ýaýdana çalýan, Myllly agaň sazlary-ha asla maňa entek irräk gelýär—diýdi-de, ýaňky ýigidiň göwni galmaz ýaly ilki Çary Täçmämmedowyň “Söýgi mukamyny”, soň kakasynyň “Perzent mukamyny” çalyp berdi.

          Günleriň bir güni Ata Täçmämmediň ýanyna birnäçe bagşy-sazanda—dost-ýarlary myhmançylyga gelip: “Ata, Döwran “Ýandymy” senden gowy çalýar ekeni” diýip, degşipdirler. Ol bu oýna düşünip, çynyrgadan bolýa-da, ogluna ýüzlenýär: “Dutaryňy al-da, geç hany, beýle sen “Ýandymy” çalaýjak ekeniň! Men ony bütin ömrüme çalyp, asyl nusgasynyň yzyndan ýetip bilemok” diýýär.

           Goşa dutary “Ýandym” üçin düzdiler, Ata Täçmämmet gaçdy, ogly kowdy. Döwran  kakasyny yzarlap, ondan “ozaýjak-ozaýjak” bolanda, Ata sazyň hörpüni üýtgedýär.  Kakasynyň “Ýandymlaryna” belet Döwran, onuň kölegesi ýaly bolup, haýallamaly ýerinde haýallap, galkynmaly ýerinde bat alyp, ýaňlandyrmaly ýerinde ýaňlandyryp, şelpeleriň hasabyny ýerbe-ýer goýuşdyryp, ilkinji halypasy—kakasynyň söbügini sypdyranok. Iň bir uzak we çylşyrymly sazlaryň biriniň kemini goýman çalyp boalnsoňlar, Ata Täçmämmet oglundan hoşal bolup, çala ýylgyrýar-da: “Berekella oglum, senden tamam hem şeýledi, ýöne ezber sazanda bolmak üçin entek halypalar bilen kö-öp çaý sowatmaly bolarsyň. Bagşy ömürboýy öwrenip geçýär, näçe bildim diýse-de, köp zatlara aňynyň ýetmeýändigine göz ýetirýär. Dümtünip, gözläp otyrkaň bir sazyň kakuwynyň ýa basuwynyň üstünden bararsyň, edil ogul jigiň bolan ýaly begenersiň; ýoldaşlaryňa buşlarsyň; ýöne, ýaňky açylan sazyň syry seniň ynjalykdan gaçyryp, ýene birnäçe syrlary açmaga imrikdirjeginden habaryň ýokdur. Ussatlygyň çygry-çägi ýokdur, bagşy-sazanda hem her gün kämilleşmelidir, kämilligiň ýolunda pellehana goýulan däldir”, diýip, ganat baglan ogluny aňyrsy-bärsi görünmeýän saz ummanyna uçuryp goýberdi.

       Günleriň bir güni, Mary şäheriniň iç keseller hassahanasynda nobatçylykdakam, agşamara, hassahananyň baş gapysyndan elleri dutarly bäş sany adam girdi. Olary şobada tanadaym: Döwlet Hudaýberen, Kakaly Şükür, Nurmyrat Akmyradow hem Agamyrat Öwezmämmet.  Bäşinji ýaş ýigit Döwrandy. Dostlarym ahally myhmany alyp, ilki öýe barypdyrlar, nobatçydygymy eşidip, işime—hassahana gaýdypdyrlar.

        “Göwün sygsa, göwre sygar” diýleni, bölümiň lukmanlarynyň otagynda hemmämize ýer tapyldy. Bagşylar bir käse çaý içensoňlar, tomaşaçasyz, kiçeňräk konsertiň repertuaryny—meýilnamasyny maslahatlaşyp, ilki bilen ýekelikde saz çaldylar.

        Nurmyrat, Döwletmyrat, Döwran—hersi, öz saz çalmak gezeklerini geçirensoňlar, goşulyp çalmaklygy göwün etdiler. Bir topar sazdan ilki bilen“Maral geldini” saýladylar  Üç dutar hem düzülensoň,  Türkmenistanyň at gazanan artisti Döwletmyrat Hudaýberenow  mylaýym ýylgyryp:

       —Çalsagam-a, çalarys welin, saza düşünýänleň barja mazasyny alaýmasak...

       Döwletmyrat howaýy geplemändi—onuň özi meşhur Mylly Täçmyradyň nusgasyny, Nurmyrat bolsa halypasy, meşhur Pürli Saryň şägirdi—Çary Sähetmyradowyň (Çary suwçy) çaltrak tizliginde, Döwran bolsa atasynyň nusgasyny çalmaly boljakdy. Ýagdaýa derrew düşünen Nurmyrat:

        —Bolýar, men tizligmi haýýalladaýaryn—diýdi.

        —Inim, onda sen ataň “Maral geldisiniň” başyny başla, biz seň yzyňa düşäýeli—diýip, Döwletmyart myhmana hormat goýdy.

        —Halypalam, aý, bu-ýa birhiliräg-ä bolýar. Entekler men siziň yzyňyza düşmel-ä— diýip sypaýyçylyk etse-de, özünden ulylaryň garşysyna gidip durmady.

        Saz tamamlanansoň, dymyşlyk aralaşdy. Diňleýjiler butnaman oturyşlaryna indiki saza garaşýan ýalydy, ýa ansamblyň “Maral geldiň” owazyna melul bolup, aýňalyp bilmän oturanlara meňzeşdi. Ümsümligi  Nurmyrat bozdy:

        —Asyl, sähraň sarç maralyndan özge-de, uz ýörişli, näz-kereşmeli, owsun ýöreýişli Maral hem geljek eken-ow!

        Üç ägirt halypaň üç dürli şagirtleriniň çalan mukamy jüpüne düşdi—o saza “Maral geldi” diýseňem boljak, Garagumyň ümmülmez çölüniň erkana ýaýnap ýören maralyna-da meňzemän durmady.

        Indi bir-birine mazaly düşünen sazandalar ahalyň “Haraýym Döndüsiniň” ikisini hem yzly-yzyna sepläp goýberdiler. Soň üç sazandadan ybarat ansambl “Tüni derýa” bilen “Hatyjany” çalyp bolansoňlar, men ýatmazdan öň näsaglardan habar tutaýyn diýip, koridora çykamda, bölümiň näsaglary koridorda hatar tutyşyp otyrlar: erkek adamlar bir gapdalda, aýal-gyzlar beýle gapdalda—konsert diňläp otyrlar. An-ha saňa gerek bolsa tomaşaçy! Olaryň içinden ýaşulyragy:

          —Dugtorjan, sen näsaglaňdan arkaýyn bolaý, olaryň bu gije ýüregem agyrmaz, dawlenýesem galmaz. Ýekeje haýyş: elektrodutaryň sesini birneme gataldaýyň, gapyňyz ýapyk bolansoň dutaryň owazy haýal gelýär!—diýdi.

         Bagşylar ýaşulynyň haýyşyny artygy bilen  kanagatlandyrdylar: gezekleşdirip, kä elektrodutarda, kä gazma gara tamdyrada näsaglaryň islegleri boýunça konsert ýary gijä çenli dowam etdi.

         Şol gije Döwran, ussat halypa Durnazar Hudaýberenowyň kebşirläp, kämilleşdiren “Haraýym Döndisiniň” mary nusgasyny öwrenip gitdi. Mara nobatdaky saparlarynda ol, Döwletmyrat Hudaýberenowdan bir gün “Oýany”, ikinji gün bolsa “Neýläýini” öwrendi. Döwletmyrat şonda: “ Hemme şägirtlerim Döwranjan ýaly üşüklije, basym alýan bolaýsady” diýip, buýsançly hem göwnihoşluk bilen aýdypdy.    

         Kakasyndan “ak pata” alan Döwran, ilki bilen kiçigöwünliligi, päkýürekliligi, sadalygy, dogruçyllygy we işeňňirligi tugra edindi. Hawa, ilki adam bolmaly, soň bagşy bolmaly. Döwranyň Türkmen döwlet konserwatoriýasyndaky mugallym-halypalary: Türkmenistanyň halk artistleri—Ýolaman Nurymow, Akmyrat Çaryýew, Orazmyrat Annanepesow dagy hem kakasynyň beren öwüt-ündewini tekrarladylar  we türkmeniň milli sungatynyň çylşyrymly ýollarynyň syrlaryny açmaga hemaýat etdiler. 

Kakajan Balkanow

2018 

 

Категоризация
Метки пользователя: 
#Статьи
Статистика
Просмотрено гостями: 
0
Просмотрено пользователями: 
0




Нравится



StihoSlov чат

Необходимо зарегистрироваться и авторизоваться для того, чтобы отправлять сообщения в чат!

Нравится StihoSlov? Щелкай Like!