16+

Скоро день рождения

Абрамов Игорь
17 Сен  (55)
ЕКАТЕРИНА ДОЛГОПО...
17 Сен  (37)
Neshta
17 Сен  (30)
Sander
18 Сен  (49)
bolor
19 Сен  (44)
Елена Нова
19 Сен
Анатоль
20 Сен  (40)
Андрей Баев
21 Сен  (30)

Лента новостей RSS

RSS-материал
Последняя новость    С Новым Годом, Стихослов!

МЫ ВАМ РАДЫ!

Очень хочется почитать Ваши стихи и высказать о них мнение. Пожалуйста,
добавьте стих
Хочется пообщаться в блоге и почитать Ваши мысли, пожалуйста,
Или добавьте запись в блоге
Будем рады, если Вы напишете пару комментариев на стихи на сайте.
Вам всего лишь нужно зарегистрироваться
(логин-email-пароль)

Tebigatyň ruhy (esse)

Автор:
Какаджан Балканов

0

   Чем чаще Вы делитесь стихами в соцсетях и блогах, тем больше Вас читают!

 



Asmanyň göm-gök ýaýlasynda lemmer-lemmer, seňňer-seňňer bulutlar göýä gyşyň kiçi çillesinden çykyp otugsap giden dowarlar kimin, agdar-düňder boluşyp, ümdüzine tutup agynaşyp barýarlar. Anha birden, Garry mama sanajyny kakyp başlady, daglar gümmürlendi asman, zemin lerzana geldi. Burkut baba ýagşy niýet bilen adamlaryň alnyna un çalyp, topraga nur çaýyp, ýagmyryny jomartlyk bilen seçip başlady. Eliň aýasyna emaý bilen gonýan gar tozgajyklary edil biziň gelin-gyzlarmyň hala çitýän gölleri we ýakasyna bejerýän keşdeleri mysaly bir-birirne meňzemäýän, gyradeň, kümüşden guýulan owadan manada meňzäp, sähel salymyň içinde eräp, gaýyp bolup gidýär. Bir salymdan ýalaňaç agaçlar akja toý lybasyny egnine atýarlar, içini gysdyryp oturan jaýlar çuw ak maňlaýdaňylary bilen üçeklerini örtüp şadyýan görnüşe girýärler. Daş-töwerek ak mahmal bilen örtülýär. Ýeriň akja gaýmagyny ilki bilen şadyýan çagalar bozýar: olar edil toýda seçeilýän kemput ýaly, ak düşek bilen düşelen meýdany gül-pürçük edýärler. Çagalaň şowhunly seslerine asmanda gaýda-gaýmalaşyk bolup uçup ýören guşlar hem jürküldeşip öz aýdymlaryny goşýarlar. Bagtyýarlyk durmuşyň süýjüligi joşup, has hem gözelleşýär. Bu gar ýylyň iň soňky gary bolsa gerek, entek öňde baharyň niçe “gümmürdileri”, niçe ýyldyrymlary, niçe jalalary garaşýar.

       Gyşda ýagan gar kiçi çilleden başlap, türkmen nowruzy tamam bolýança ýuwaş-yuwaşdan eremäge başlaýar: ilki düzlükleriň ak lybasyny sypyryp, ýaşyl gyltym bilen örtýär. Gün-günden Günüň howry güýçlendigiçe baýyrlaryň egni ýaşyl don bilen örtülýär, daglaryň ýylçyr gaýalary, gatbar-gatbar daşlary seleňläp görünip başlaýar. Gün şöhlesini belent daglaryň depesindäki buzlary eretmäge dözmän, ätiýaçlyk üçin aýap goýýar.

        Gyş garyny eretmekde Tebigat  ajaýyp kadany düzüpdir: ilki düzlüklerdäki, soň baýyrlardaky, iň soňunda bolsa dag kemerleriniň garlaryny eredýär; daglaryň çür depesindäki buz gatlakalry eremän saklanyp galýar. Bu hadysa adam üçin örän oňaýlydyr. Eger-de hemme gar gory birlikde ereýän bolsady, onda ähli ýeri suw-sil alardy, altyna barabar suw isrip bolardy, ekerançylyk ýerleri suw basyp şorladardy ýa öz wagtynda suw içip bilmezdi.

        “Çille gary—ýeriň gany”.  Çille gary äräp, daglaryň dere-jülgelerine ýygnanyp, Ýeriň gan damarlary—derýalardan, jarlardan, çaranlardan, nobur-ýaplardan, bulakalrdan akyp ene topraga siňýär.

          Janly suw durkuny yzygiderli üýtgedip durýar, bir görkden başga görnüşe geçmegini—metamorfozasyny dowam edýär: ir säher gün şöhlesine ýyldyraşýan buldurçynlar, agaçlaryň şahalaryna dolanan burjylar, bulaklaryň kenarjyklaryny gyrpakladan buzly “aýnalar”, güýzde sürülen ýerlere berlen gyş suwynyň gapak-gapak buzlary eräp başlaýar (suw on alty hilli buz şekiline öwrülip bilýär). Suw buza öwrülende göwrümi giňäp, derýalaryň hanalarynyň çykýan wagty hem bolýar. Demiri posladyp, külkeledýän suw, buza öwrülip, asyrlar boýy halaňlaşyp duran äpet dag gaýalarynyň jaýryklaryna siňip, olary çym-pytrak edip goýberýär.

         Gün gyzdygyça bugaryp, howany ümürledýär. Her günki howa maglumatynda  atmosferanyň basyşy we  ýylylygy bilen bir hatarda çyglylygyny hem eşidýäris. Howaň çyglylygy ýylyň möwsümine görä üýtgäp durýar. Howaň düzümindäki süýji suwuň çygynyň göwrümi Ýeriň ähli derýalarynyň suwundan köpdür. Egerde, şol çygy durşuna “eretseň” Ýeriň ýüzi iki santimetr suw bilen örtülerdi.Ummanlardan we ýer ýüzünden trillionlarça tonna ak duman asmana uçup (Ýeriň ýüzünden her sekuntda 16 mln tonna suw bugarýar), tirkeş-tirkeş ak bulultlara öwrülýär, soň olar hem bir-birleri bilen “goltuklaşyp”, “gardaş” bolýarlar-da, ak donlaryny gara lybasa çalşyp, Ýer ýüzüniň janly-jandaryna gökden zemine ýagmyr görnüşinde yzyna gaýdyp geljegini ýyldyrym çakyp, nagra çekip yglan edýär. Ýer ýüzündäki we ummanlardaky suw üznüksiz aýlawda bolýar.

        Dagdan şaglap gaýdan barganyň tizligi burramlarda uzak eglenmän, jaglaga (hokurdana) ýetende haýallaýar. Ygal bol gelende  sil suwy jaryň çöwlümlerini püre-pürläp, hanasyndan agyp, çaranlardan (jaranlardan) akyp başlaýar. Jaran suwy kän saklanman, çekilip, ýalçylary—kölçeleri emele gelýär. Ýalçy çalpawlamasa, sadyrlaşýar-da, bol suw barada bir ýatlama hökmünde kiçiräk  üňüze öwrülip gidýär.

        Alabaharda ýygy hem bol ýagýan ýagyş ýaýlanyň gyltymlaryny sonarlyga öwürýär, gowuzlaşan kärizleri doýurýar, takyrlardan syrygyp, sardobalary doldurýar.  

         Soňa-baka, aprel aýynda, ýaz ýagşynyň bady peselip keýikleriň şahyny nemläýmese, olaryň okaralaryny doldurmaga  goşawuç suw galanok. Öň bol ýagyp kirşeni lüýkleden ygal, indi urpagy zordan ürpekledýär. 

        Biziň her birimiz ýagyş suwuny-da, gardan-da dadyp görendiris. Ýympyk tagamly ýagmyr suwy bag-bakja ýaramly bolsa-da,  ony juda zerur ýagdaýda ulanaýmasaň, içip göwnüň hoş bolaňok. Onda, näme üçin çeşme-çaýyň, derýa-jaryň hatda guýyň suwy süýji, ýakymly bolýar? Dagdan şaglap gaýdan suw ýüzugra dag-baýyrlaryň minerallaryny we organiki maddalaryny syryp alyp gaýdyp, içýän suwumyzyň hözirini artdyryp, tagamly edýär.

        Ata-babalarmyz gyzyldan gymmatly suwy hojalykda tygşytly ulanmagyň usullaryny ýyllarboýy kämilleşdirip gelipdirler we suw paýlanyşykda berk düzgün-nyzam ýöredipdirler. Çarwa halky, täze çatynjalara diňe ak öý dikmek bilen çäklenmän, öýlenen ýigidiň ene-atasy mal aýryp berse, çomry ilat bolsa olara ýer-suw paýyny bölüp beripdir. Doly ygtyýarly öýlenen ýigit öz serkarbaşysyna adyny belledip, ýigrimi dört sagatlyk suw paýynyň nobatyna durupdyr. Halk arasyndan saýlanan miraplar derýanyň bendinden, tarazlardan ýaýraýan eneýaplaryň, dagdan inýän bulaklaryň we kärizleriň suwlarynyň ýansalmalardan kada-kanun boýunça akyşyna gözegçilik edip, bahasyz suwy tarazlaşdyryp, serkarbaşylardan adalatly we deň-derman paýlanyşygy talap edipdirler.

        Suwuň gadyryny Garagumyň ümmülmez çölünde dowar bakyp ýören çopan bilýär. Ol ýeke damja suwuny isrip edenok, hat-da ol gap-gajynyň ýuwundysyny çägä serpip goýbermän, itiň ýalagyna guýýar. 

       Çarwa ilaty täze guýynyň gazyljak ýerini peýlänlerinde ata-baba gelýän usullaryny ulanypdyrlar: çopanlar daň säherde dumanyň goýy ýerini we çybyn-çirkeýleriň ýygnanyşyp uçýan ýerlerini belleýärler; at, eşek ýerasty suwuň bol ýeriniň üstünden baran-da toýnagy bilen ýer peşäp başlaýar; çyg ýeri duýan it özüne hin gazynyp başlasa, alaka-syçanlar, atýalmanlar hinlerini yzgaryň ýetmeýän ýerinde—depede gazýarlar.

       Hazarýaka türkmenler süýji suwy işme gazyp alypdyrlar.

       Tebigatyň peşgeş beren suwunyň tebigy güýjüni adam öz peýdasyna ulanmagy gazanýar: suw degirmenlerini, jykyrlary gurnapdyrlar; suwuň tizligini batlandyrmak maksady bilen, suwuň ätiýaçlyk gory bolan howdanlarda bent dikeldipdirler, bentlerde elektrik stansiýalaryny gurupdyrlar. Howdana ýygnanan suw saldamly akar ýaly bentlerde gatla gurupdyrlar, tarazyň dowamy bolan noburlaryň (eneýaplaryň) raýyşyndan ilatly we ekerançylykly ýerlere ýansalamalar çekipdirler. Bulakdan akýan suwy batlandyrmak üçin mesene çekip, suw degirmeniniň kuwwadyny artdyrypdyrlar; ýapgyt düzlüklerden, takyrlardan syrygýan suwy sardoba ýygnapdyrlar. Sil suwunyň has uzagrak saklanaýjak ýerlerine, sadyrlaşmajagyna göz ýetiren daýhan, töwekgellik bilen düme şaly ekipdir.

        Ýaz çykmanka haşarçylar ene ýaplary, ýansalmalary, güzerleri, noburlary, aryklary haşal otlardan arassalap, ýa:byň düýbüne çöken gyrmançasyny gazyp, onuň gumy bilen ýabyň raýyşyny berkidýärler; gyrasyny gyrçap, oksalma öwrüp goýýarlar. Haşarçylaryň arasyndaky “berekellaçy” eline pil alyp, işlemese-de, gyzykly, gülküli gürrüňleri bilen, gerek ýerinde aýdym-sazy bilen gazyçylaryň keýpini göterip, ruhyny galkyndyryp, haşaryň şüweleňli geçmegine ýardam berýärler.

        Ýeriň “janyny saklamak” üçin daýhan ýere ülüş suwuny tutýar, tomusda bolsa galla, bag-bakja ýygnalandan soň, ýer tagt suwyny içýär we taba gelensoň, daýhan: “Meniň elim däl, Babadaýhanyň eli” diýip, sürlen ýere sürmeki gawun-garpyzyň tohumyny sepýär. Düme bilen sürmeki sowlansoň, ýeri ýene tagt bilen doýurýar-da, ony bugdaý ekişine taýynlaýar. Mundan başga-da daýhan ýeriň şoruny aýyrmak maksady bilen yzly-yzyna ýuwuş suwuny berýär, täze ýeri özleşdirmek üçin bolsa tarp suwuny tutýar.  Ol hasylyny ýygnap ýerini sürensoň, arryklamaz ýaly we ýere dem-dynç bermek maksady bilen ony para goýýar. Indiki ekişi bolsa şu ýyl pardan çykan pele ýa-da täze açylan ak ýere ekýär. Parda duran ýere hem gyş suwy we ýuwuş suwy tutulýar, şonda daýhan zol ýerler suw bilen örtülensoň, depizleri we merz ýerleri belläp, hasyly çütebaş çykmaz ýaly, ýer taba gelende mazaly tekizleşik işlerini geçirip, soň agdarýar.    

Ýeriň jany—suwda.

        Diňe ýeriň däl, Ýeriň janly-jandarynyň jany suwda, hatda Ýerdäki jansyz jsimler: nebit, gaz, beýleki magdanlar, mineral daşlar öz düzüminde belli bir mukdarda suw saklaýar.

        Adam bedeniniň ýetmiş göterimi suwdyr we bu durkuny saklamak üçin adam öz agramynyň her kilogramyna gije-gündiziň dowamynda 30-40 gram suwuklyk içmeli bolýar, bu bolsa 70 kg agramly adam ortaça 2,5 litr çenli suwuklyk ulanýar we şonça mukdar suw  dem alyş, peşew çykaryş, nejasat çykaryş agzalarydan we deri örtüginiň üsti bilen daşky gurşawa gidýär.

         Ondan başga-da adam gije-gündiziň dowamynda eliňi ýuwmak üçin—8 litr, dişiňi ýuwmak üçin—6-8 litr (suw kranyny ýapman ulananda), unitazy arassalamak üçin—15 litr, duşda ýuwunmak üçin—bir minutda 15-20 litr, kir ýuwmak üçin bir gezekde—130-150  litr suw sarp edilýär. Elbetde sarp edilýän suwuň möçberi ýylyň möwsümine görä üýtgäp biler.

         Halkymyzyň bagtyýar durmuşda sagdyn ýaşamagy üçin, Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň ähli künjeginde suw arassalaýjy desgalar guruldy we ilata ulanmaga berildi. Arassa agyz suwy sarp edijä barýança birnäçe basgançagy geçýär, ýagny çeşmeden (derýa, kanal, käriz we ş.m.) sorulyp alnan suw, howuzlarda birnäçe gün saklanylýar, hapasy düýbüne çöküp, arassalanandan soň, zyýansyzlandyrylýar.  Soň içiljek suwuň hilini hünärmenler barlagdan geçirip, ýaramlylygyny kesgitleýärler we diňe şondan soň ulanmaga rugsat berilýär—bir owurt suw üçin  üçin birnäçe işçi güýji we birtopar serişde sarp edilýär.

         Süýji suw adam üçin diňe içmek ýa-da oba hojalygy üçin ulanylman, eýsem, arassa, ýaramly suw gurluşyk üçinem, senagatyň önüm öndürýän dürli pudaklary üçin hem zerur

         Görüp otursak, adam öz bähbidi üçin dünýäde agyz suwuny iň köp ulanýan  jandar ekeni... 

         Adam Tebigatyň  janynyň suwdadygyna, Ýer togalagynyň üçden iki böleginiň suw bilen örtülip, onuň diňe iki göteriminiň agyz suwy üçin ýaramlydygyna hem-de suwuň adamyň bagtly we sagdyn durmuşy üçin niýetlenendigine  düşünende, suwa bolan hormaty artýar we suwy sarpaly, tygşytly  ulanmaga bolan jogapkärçiligi artýar.

Статистика
Просмотрено гостями: 
0
Просмотрено пользователями: 
0




Нравится



StihoSlov чат

Необходимо зарегистрироваться и авторизоваться для того, чтобы отправлять сообщения в чат!

Нравится StihoSlov? Щелкай Like!